• Makalalar
  • COVID-19
  • COVID-19 BARLAGLARY BARADA FAKTLAR

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

COVID-19 BARLAGLARY BARADA FAKTLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

covid 19 barlaglarCOVID-19 testleri (barlag) keseliň ýaýraýşyny ölçemekde we pandemiýa nähili çemeleşmegi kesgitlemekde örän möhüm rol oýnaýar. COVID-19 testleriň iki görnüşi bolup, olaryň ulanylyşynda tapawutlar we çäklendirmeler bar. Ilat saglygyna degişli iň gowy kararlara gelmek üçin bu barlaglar baradaky faktlary bilmek wajypdyr.

Barlaglaryň Iki Görnüşi: serologiýa testy we wirus testy

Barlag nähili geçirilýär?

Wirus Barlagy: Wirus barlagynda agyzdan ýa-da burundan suwuklyk alnyp, aktiw wirus infeksiýasynyň barlagy geçirilýär. Bu barlagyň iki görnüşi giňden ulanylýar: PCR (polimeraz zynjyr reaksiýasy) barlagy we antigen barlagy.

Serologiýa Barlagy: Serologiýa barlagynda ganyň üsti bilen adamda wirusyň bardygy ýa ýokdugy barlanylýar.

Barlaglar nämäni barlaýar?

Wirus Barlagy: PCR barlagy wirusyň genetik materialyny gözleýär. Antigen barlagy wirusyň ýüzündäki belli beloklary gözleýär. Antigen barlagy has çalt netije görkezýär.

Serologiýa Barlagy: Serologiýa barlagy wirusa degişli antibedenleri anyklamak arkaly, adamyň wirusly ýerde bolup bolmandygyny tassyklaýar, hatda adamda keseliň alamatlary ýok hem bolsa.

Barlaglar nämäni barlamaýar?

Wirus Barlagy: Wirus barlagy adamyň geçmişde wirus bilen keselländigini bilip bilmeýär.

Serologiýa Barlagy: Serologiýa barlagy aktiw infeksiýany anyklap ýa-da kimiň täzeden kesellemejekdigini bilip bilmeýär. Antibedenleriň immunitete kepil geçýändigi heniz subut edilmedi.

FDA (ABŞ-nyň Iýmit we Derman Administrasiýasy) barlaglara nähili gözegçilik edýär?

Wirus Barlagy: Bu barlaglar ulanylyşa çykmazdan öňürti FDA gözegçilikden geçirýär.

Serologiýa Barlagy: Bu barlaglary FDA resmi gözegçilikden geçirmeýär. Emma käbirini Gyssagly Ýagdaýlarda Ulanmaga rugsat berilýär.

COVID-19 barlaglary barada goşmaça

Çeşme: Johns Hopkins Uniwersiteti

  • 306 gezek okalan