• Makalalar
  • COVID-19
  • TÄZE KORONAWIRUS ADAMLARYŇ AGLABASYNA ÝOKUŞARMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÄZE KORONAWIRUS ADAMLARYŇ AGLABASYNA ÝOKUŞARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

covid 19 mapTäze koronawirusyň uzagyndan endemik (ýerli) kesele öwrülip, adamlaryň aglabasyna ýokuşmagy mümkin. Ýöne bu näçe wagta çekerkä? Eger bu birki aýdan bolup geçse, keselhanalar hyryn-dykyn bolup, adamlar koronawirus ýa başga keseller üçin bejergi alyp bilmezler. Bu görlüp-eşidilmedik heläkçilige elter. Emma, eger sosial aralygy saklamak, syýahatlarymyzy azaltmak, syrkawlanymyzda işe gitmezlik ýaly çäreleri dürs ýerine ýetirsek, keseliň ýaýramagyny haýalladyp bileris. Eger-de, koronawirusyň dünýä ilatynyň 60-70%-ne ýokuşmagy 3 ýyla çekse, onda keselhanalar dolmaz, adamlar bejergi alyp biler we waksina oýlap tapmaga wagtymyz bolar. Wirusyň tiz ýa-da haýal ýaýramagy diňe biziň öz elimizde.

Çeşme: Johns Hopkins Bloomberg Sсhool of Public Health

  • 1563 gezek okalan