Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SINOVAC

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

sinovacWaksina ady: CoronaVac (öňki ady: PiCoVacc)

Täsirliligi: 50.38% Braziliýadaky synagda, 83.5% Türkiýedäki synagda

Dozasy: 2 dozadan, arasyna 2 hepde salyp berilýär

Görnüşi: Myşsadan sanjym edilýär

Saklanylyşy: Sowadyjyda

2020-nji ýylyň başynda, Sinovac Biotech atly hususy Hytaý kompaniýasy "CoronaVac" atly jansyzlandyrylan waksinany ýasap taýýarlaýar. 2021-nji ýylyň başynda Braziliýadaky we Türkiýedäki synaglar bu waksinanyň COVID-19-dan gorap biljekdigini görkezdiler, emma bu synaglar biri-birinden örän tapawutly netijeleri berdiler – munuň bir sebäbi hem synaglaryň tapwutly geçirilendigidir. Braziliýada, waksinanyň simptomly we simptomsyz COVID-19-dan goraýyş täsirliligi 50 göterim bolup çykdy. Türkiýede bolsa, onuň azyndan bir simptomly COVID-19-a garşy täsirliligi 83.5% boldy. Sinovac heniz synaglar barada jikme-jik maglumatlary çap etmedi. Muňa garamazdan, fewralyň 6-na Hytaý bu waksinany şertli ulanmaga rugsat berdi. Başga ýurtlar hem waksinany ulanyp başladylar.

Sinovac waksinany geçen ýylyň ýazynda ýasady we 743 meýletinçiniň gatnaşmagynda 1-nji we 2-nji tapgyr synaglary geçirdi. Synaglar hiç hili oňaýsyz netije görkezmedi. Noýabrda Sinovac waksinanyň aram möçberde antibedenleri öndürýändigini belläp, synaglaryň jikme-jiklerini çap etdi. Sinovac iýulda ilki Braziliýada, soňra Indoneziýada we Türkiýede synaglaryň 3-nji tapgyryna başlady. Şol aýyň içinde hem, Hytaý hökümeti CoronaVac waksinasynyň çäkli ulanylmagyny tassyklady. Oktýabrda, Hytaýyň gündogarynda ýerleşýän Jiassiň şäheri waksinany ýokary töwekgelçilikli işlerde işleýän adamlara (lukmançylyk işgärleri, port barlagçylary, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň işgärleri) berýändiklerini habar berdi.

Waksinanyň synaglarynyň 3-nji tapgyryny alyp barýan alymlar dekabrda irki netijeleri mälim edip başladylar we täze COVID-19 hadysalary köpeldigiçe netijeleri täzelemegi dowam etdiler. CoronaVac waksinasynyň umuman näçeräk möçberde täsirlidigi heniz hem näbelli bolup galýar. Emma, synaglar bu waksinanyň hem, edil beýleki käbir koronawirus waksinalary ýaly, agyr kesellemekden goramaga ukyplydygyny teklip edýär. Martyň 3-ne, Türkiýedäki waksina synagyna gatnaşyjylaryň waksina alanlarynyň hiç biriniň COVID-19 üçin hassahana düşmändigi habar berildi, emma waksina almadyk plasebo topardakylardan 6 sanysy hassahana düşüpdir.

Sinovac häzire çenli azyndan 11 ýurda waksina satmaga şertnama baglaşdy. Ýanwaryň 2-ne Indoneziýa waksinany adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmaga rugsat berdi. Mundan 2 gün soňra, Indoneziýanyň prezidenti janly ýaýlymda CoronaVac sanjymyny kabul etdi. Türkiýe waksinany ýanwaryň 13-ne tassyklady, we onuň hem prezidenti bir gün soňra waksinany sançdyrdy. Braziliýa CoronaVac-y ýanwaryň 17-ne tassyklady. Ikinji önümçilik merkezini açanyndan soňra, Sinovac fewralda waksinany bir millard doza çenli möçberde öndürip bilýändigini aýtdy.

Çeşme: The New York Times

  • 83 gezek okalan