• Makalalar
  • COVID-19
  • WAKSINA ÝARYŞY: “BIRINJI ÇYKARANYŇKY IŇ GOWUSY” DIÝMEGI AŇLATMAÝAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

WAKSINA ÝARYŞY: “BIRINJI ÇYKARANYŇKY IŇ GOWUSY” DIÝMEGI AŇLATMAÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 waksina yarysy"Koronawirusa garşy waksina çykarmak ýaryşynyň global derejede tizleşmegi hili pes waksinalaryň çykarylmagyna eltip biler" diýip, alymlar duýdurýarlar.

Oksford professory we BSGG maslahatçysy Riçard Peto şeýle belleýär: "Ilkinji waksinany çykarmak üçin milletçilik we kapitalistik taýdan gyssanmak beýleki waksinalara baha bermegi has hem kynlaşdyrar. Çünki, hatda ilkinji waksinanyň netijeliligi pes çyksa-da, ony bütin dünýä satyn alar we ulanar".

BSGG-nyň “Solidarity” waksina barlaglarynyň ekspertler topary waksinanyň azyndan 30-50% netijeliliginiň bolmalydygyny belleýärler.

Şeýle-de, alymlar Russiýada we Hytaýda ýasalýan waksinalaryň umumy wirus (5-nji tipli adenowirus ýa-da Ad5) esasynda taýýarlanandygy üçin täsiriniň pes bolup biljekdigini nygtaýarlar.

"Ad5 wirusy meni aladalandyrýar, sebäbi köp adamyň immuniteti bar. Men olaryň nähili strategiýalarynyň bardygyny bilmeýärin... belki waksinanyň netijeliligi 70% bolmaz. Belki diňe 40% bolar, ýöne has gowusy tapylýança, şol hem hiç zatdan gowy" diýip, John Hopkinsdäki waksina ylmy-barlagçy Anna Durbin belleýär.

  • 1193 gezek okalan