• Makalalar
  • COVID-19
  • COVID-19 SANJYMY HEM MÖWSÜMLEÝIN DÜMEWIŇ SANJYMY ÝALY YGTYBARSYZ BOLARMY?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

COVID-19 SANJYMY HEM MÖWSÜMLEÝIN DÜMEWIŇ SANJYMY ÝALY YGTYBARSYZ BOLARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid 19 waksinaCOVID-19 bilen möwsümleýin dümewiň käbir alamatlarynyň meňzeşligine garamazdan, sanjyma (waksina) gezek gelende olar biri-birinden tapawutlydyr.

Dümew wirusynyň çalt özgerýändigi sebäpli, möwsümleýin dümew sanjymlarynyň netijeliligi üýtgedi (soňky ýyllarda 10–60%). Eger-de COVID-19 sanjymy wirus kän özgermänkä oýlap tapylsa, onda dümew sanjymyndaky ýaly pes netijelilik COVID-19 üçin uly mesele bolmaz.

Emma welin, häzire çenli adamyň immun ulgamy koronawirus bilen güýçli we uzak göreşip bilmedi. Şonuň üçin-de, dümew sanjymy ýaly, COVID-19 sanjymynyň hem her ýyl gerek bolmagy ahmal. Dümew sanjymyny her ýyl almagymyzyň sebäbi dümew wirusynyň her ýyl özgermegidir. SARS-CoV-2 sanjymyny her ýyl almaly bolup biljegimiziň sebäbi bolsa, wirusa garşy immunitetimiziň tiz gowşamagydyr.

  • 300 gezek okalan