• Makalalar
  • COVID-19
  • AHYRSOŇY, BIRAZ GOWY HABAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AHYRSOŇY, BIRAZ GOWY HABAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

dexamethasoneSteroidler (emeli gormonlar) COVID-19 bilen agyr kesellän näsaglary bejermekde täze standarta öwrüler. Üç sany ylmy-barlag bu amatly dermanyň iň agyr näsaglarda ölüm howpuny azaltýandygyny görkezdi.

Ýakynda JAMA žurnalynda çap edilen ylmy-işler kortikosteroidleriň – deksametazony, gidrokortizony, we metilprednizolony öz içine alýan dermanlar klasy – agyr ýatan näsaglaryň üçden bir böleginiň ölümden gutulmagyna sebäp bolandygyny belleýärler.

Şundan ugur alyp, BSGG COVID-19-yň bejergi gollanmasyny täzeledi we steroidleriň ýeňil näsaglar üçin maslahat berilmeýändigini nygtady. BSGG agyr we örän agyr ýagdaýdaky näsaglar üçin kortikosteroidleri ulanmagy maslahat berýär. Kortikosteroidler COVID-19-y ýeňil geçirýän näsaglara maslahat berilmeýär. Olaryň ýeňil näsaglara peýdasynyň subut edilmändigi sebäpli, olar näsaglaryň saglygyna zyýan berip biler. Bejergiler lukmanyň gözegçiligi astynda geçirilmelidir.

Steroidleriň bejergi hökmünde görülmeginiň sebäbi olar immun ulgamynyň wirusa garşy göreşmesini güýçlendirýär, emma alymlar steroidleriň bedeniň wirusa garşy göreşmek ukybyny peseltmeginden howatyrlandylar.

  • 1585 gezek okalan