• Makalalar
  • COVID-19
  • BSGG/ÝEWROPA COVID-19 BARADA WIRTUAL MEDIÝA BRIFINGI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

BSGG/ÝEWROPA COVID-19 BARADA WIRTUAL MEDIÝA BRIFINGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

WHO logoÝanwar 7, 2021, BSGG/Ýewropa COVID-19 barada wirtual mediýa brifingi

Žurnalistleriň soraglaryna jogap bermezden öňürti, Dr. Hans Kluge we BSGG/Ýewropa ekspertleri COVID-19 ýagdaýy barada belliklerini hödürlediler. Doly wideony şu ýerde görüp bolýar.

Peter Leonard, Eurasianet.org redaktory sorady:

"Iýul aýynda BSGG wekilleri Türkmenistana resmi sapara baryp gaýtdylar. Missiýanyň soňunda, Türkmenistana COVID-19 testlerini has köp geçirmek we testleriň netijelerini tassyklamak üçin olary ýurduň daşyndaky BSGG laboratoriýalaryna ibermek maslahat berildi. Emma, bu maslahatlaryň hijisi hem berjaý edilmedi – bu sizi aladalandyrýarmy? Şeýle-de, syýahat çäklendirmeleri sebäpli, test tassyklamalary üçin Türkmenistana baryp bilmeýändigiňizi belläpdiňiz, emma bu hem hakykata gabat gelmeýär. Çünki syýahat çäklendirmeleri noýabrda nemes lukmanlaryny Türkmenistanyň prezidentini görmäge barmakdan saklamady. BSGG üçin COVID-19 barada nädogry maglumatlary ýaýratmakda alyp barýan aç-açan we howply işlerini Türkmenistanyň ýüzüne goýmaga wagt bolmadymy?"

Hans Kluge, BSGG-nyň Ýewropa boýunça sebitleýin müdiri jogap berdi:

"Türkmenistan hakykatdan hem şu güne çenli hiç hili tassyklanan COVID-19 hadysasyny habar bermedi. Men iýuldaky BSGG missiýasyndan soňra, Türkmenistanyň ýurtda respirator ýokanç keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak üçin hemmetaraplaýyn çäreleri ýola goýandygyny belläp geçesim gelýär. Ol çäreler köpçülikleýin üýşmeleňlere, bazarlara, we jemgyýetçilik transportlaryna girizilen çäklendirmeleri hem öz içine alýar. Bu birinji elementdir. Ikinji element hem, men tomusda Dr. Tedros bilen bilelikde Türkmenistanyň prezidenti, Saglyk ministri, we Daşary işleri ministri bilen gürleşdim. Gürrüňdeşligimizde biz Türkmenistana BSGG bilen hyzmatdaşlykda test geçirmegi we test nusgalaryny hil kepilligi üçin ýurduň daşyndaky BSGG laboratoriýalaryna ibermegi maslahat berdik. Men soňra Daşary işleri ministrinden we Saglyk ministrinden hem habar tutdum. Gynansakda, häzire çenli olardan kesgitli bir habar bolmady. Emma, men biziň ýurtdaky BSGG edarasynyň üsti bilen, Türkmenistanyň hökümeti bilen açyk gürrüňdeşligi dowam edýändigimizi nygtasym gelýär".

  • 295 gezek okalan