• Makalalar
  • COVID-19
  • BSGG REMDESIWIRI MASLAHAT BERMEÝÄR

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

BSGG REMDESIWIRI MASLAHAT BERMEÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

who against remdesevirNäsaglaryň gutulmagynda we wentilýator zerurlygyny azaltmakda remdesiwiriň kanagatlanarly netije bermänligi sebäpli, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) mundan beýläk keselhana ýatyrylan COVID-19 hassalaryny remdesiwir antiwirus dermany bilen bejermegi maslahat bermeýändigini habar berýär.

Britan Medisina Žurnalynda (BMJ) çap edilen gollanma, dermanyň BSGG-yň RAÝDAŞLYK synagynda görkezen lapykeç ediji we kanagatlanarsyz netijelerine esaslanýar.

ABŞ-nyň Milli Saglyk Institutynyň (NIH) altyn-standart synaglarynda remdesiwir COVID-19 hassalarynyň çalt sagalma netijelerini görkezenligi sebäpli, FDA (Iýmit we Derman Bileleşigi) tarapyndan tassyklanypdy.

AP habarlar gullugynyň aýtmagyna görä, dermanyň aşa gymmat bahasy we "ölümçiligi azaltmakda netijeliliginiň pesligi" sebäpli BSGG bilermenleriň paneli remdesiwiri ulananyňa degmeýär diýen netijä geldi.

Diňe remdesiwir däl, eýsem Eli Lillyniň eksperimental antibeden (antitelnyý) serişdesi we beýlekiler babatda gapma-garşy gelýän maslahatlar, lukmanlary kyn ýagdaýda goýdy.

Şeýle-de: Sowuklamalara garşy tosilizumab (tocilizumab) dermany barada 19-njy noýabrda berlen netijeler biraz umyt beriji. Emma detallaryň entäk çap edilmänligi we beýleki hünärmenler tarapyndan gözden geçirilmänligi üçin, lukmanlar entäk olary seljerip bilmeýärler.

Sitata: Massaçusetsdäki Umumy Keselhananyň ýokanç keseller bölüminiň müdiri Rochelle Walensky: "habarlaryň uýtgäp durmagyna görä lukmançylyk etmek örän kyn" diýip belleýär.

  • 234 gezek okalan