• Makalalar
  • COVID-19
  • COVID-19: REMDESIWIR DERMANYNYŇ NETIJELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

COVID-19: REMDESIWIR DERMANYNYŇ NETIJELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

covid 19 remdesiwirABŞ-nyň Allergiýa we ýokuşýan keselleriň döwlet institutynyň (NIAID) çap eden kliniki barlagynyň netijelerine görä, remdesiwir dermany berlen koronawirus keselli näsaglar platsebo dermanyny içenlerden 4 gün öňürti sagalypdyrlar.

NIAID-niň direktory Antoni Fauçi bu netijeleriň örän ähmiýetlidigini emma meseläniň soňuna nokat goýjak derejede däldigini belleýär. Remdesiwir berlen näsaglaryň 8%, platsebo topardakylaryň 11.6% öldi – bu tapawut bolsa statistiki taýdan uly däl. NIAID ýakyn wagtda has jikme-jik maglumatlaryň çykaryljakdygyny aýdýar.

"Bejergi ir berilse iň gowy netijäni bermegi mümkin. Esasy zat näsaglary irgözin anyklamak" diýip, Boston Lukmançylyk Merkeziniň direktory N. Bhadelia belleýär.

Çeşme: Johns Hopkins Bloomberg School of Public Health

  • 1528 gezek okalan