• Makalalar
  • COVID-19
  • KORONAWIRUSYŇ ESASY ALAMATY – YS ALŞYŇ ÝITMEGI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KORONAWIRUSYŇ ESASY ALAMATY – YS ALŞYŇ ÝITMEGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

covid 19 ys alma yitmegiLondonyň Uniwersitet Kolležinde (UCL) geçirilen ylmy-barlag ys alşyň ýitmeginiň koronawirusyň ýokuşandygynyň anyk, belkem iň esasy, alamatydygyny görkezdi.

Geçen aprelde lukmanlar ys we tagam alşyň ýitmeginiň wirusyň ýokuşandygyndan habar berip bilýändigine göz ýetiripdiler. Maýyň ortalaryna çenli bolsa, eýýäm bu alamatlar koronawirusyň resmi alamatlary hökmünde kabul edildi.

Häzirki düzgünler şeýle alamatlary bolan adamlara haýal etmän özlerini jemgyýetden çetleşdirmegi we koronawirusyň barlagyndan geçmegi ündeýär. Şeýle-de bolsa, üsgülewük we gyzzyrma hem henizem esasy alamatlar hasaplanýar.

Ýylyň başynda ys alşyny ýitiren 590 adamda barlag geçiren UCL hünärmenleri ys alşyň ýitmeginiň ýokuşmanyň esasy alamaty hasap edilmelidigini aýdýarlar, hatda kesel ýeňil geçse-de.

Ylmy-barlagyň baş awtory, professor Reýçel Baterhem şeýle belleýär: "Biziň eden açyşlarymyz ys alşyň ýitmeginiň COVID-19-yň ýokuşandygynyň ygtybarly alamatydygyny görkezýär. Eger-de biz pandemiýanyň ýaýramagyny azaltjak bolsak, onda bu alamat global derejede kabul edilmeli we hökümetler bu alamaty şahsy çetleşdirme, barlagdan geçirme, we kontakt yzarlama ýaly çäreler üçin sebäp hökmünde göz öňünde tutmaly. Biziň barlagymyzyň netijelerine görä, ilata berilmeli saglyk maslahaty şeýle bolmaly: Gündelik ulanylýan zatlaryň (sogan, sarymsak, kofe, duhi) ysyny almakda kynçylyk çekip başlan adamlar özlerini çetleşdirmeli we koronawirus barlagyndan geçmeli".

COVID-19-yň üsgürip-gyzzyrmasaň hem, ys we tagam alşyňy peseldip bilýändigi ep-esli wagt bäri bize mälim hem bolsa, täze maglumatlar ys ýa-da tagam alşyň ýitmeginiň COVID-19 näsaglarynyň 31-85 göterimine täsir edýändigini görkezýär. Bu ylmy-barlag COVID-19 sebäpli ys we tagam alşyny ýitiren adamlaryň göterimini dogry aýdyp bilen ilkinji barlagdyr.

  • 1299 gezek okalan