• Makalalar
  • COVID-19
  • BIZDE COVID-19 YOKMY?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

BIZDE COVID-19 YOKMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Covid 19 yokmy

Okyjydan (Üýtgedilmeden çap edilen)

Salam Saglyk gowymy yagdaylarynyz?!

Mary welayatynda bolup geçen waka: Menin kursdaşymyn ejesi we kakasy COVID-19 pozitiw bolup keseli yendi. Siz bolsa öz sahypanyzda hazirem 0 edip görkezyaniz hemme zady.  İn kan siz şu teman üstünde durmaly dalmi, saglyk sahypasy bolany üçin?

Siz "biz resmi habarlara ynanyas" diydipdiniz. O ynanyan habarlarynyzyn baram yalançy habar kanallary. Naçe sany ölen bar, siz hiç kimi bilenizok. Men Türkmenistanda hiç habarada ynanammok. Türkiye uly yurt, 85 mln yaşayjysy bar. Şol hem ölen adamlarynyň we yokuşan keselli adamlarynyň sanyny az aytya hakykysyndan.

Hormatly okyjy,

Biz Türkmenistanda СOVID-19 sebäpli ýogalan adamlara ýüregimiz awaýar. Olaryň garyndaşlaryna çuňňur gynanjymyzy bildirýäris. Siziň şeýle sussupesligiňize, habarlara we guramalara bolan pes ynamyňyza hem düşünýäris. Biziň Türkmenistandaky Saglyk ministrligine we BSGG edarasyna iberen soraglarymyzy şu ýerde okap bilersiňiz. Soraglaryň arasynda kesellänleriň, ýogalanlaryň we sagalanlaryň sanyny hem soraýarys. Soraglarymyz häzire çenli jogapsyz galýar.

Şu wagt Türkmenistan BSGG guramasyna ýurtda "hasaba alnan, kesellän, we ýogalan adamlaryň sany nol" diýip maglumat berýär. Bu biziň çykaran hasabymyz däl. Biz jemgyýetçilik guramasy bolup, esasy maksadymyz: ilat bilen ygtybarly we düşnükli maglumatlary hem-de düşünjeleri paýlaşmak. Biz СOVID-19 barada subutnamasyz (diagnoz gerek, ölümiň sebäbi, sprawka) hiç bir hasabat ýa-da san ýöredip bilmeýäris. Biz Saglyk okyjylarynyň iberen soraglaryna we başga-da COVID-19 degişli 200 gowrak makala ýazdyk we çalt özgerýän ýagdaý barada maglumat döredip, hepdelik synlar ýazyp gelýäris. Synlarymyzda "gep-gürrüň" ýaýratman, iri we ylmy guramalaryň resmi maglumatlaryndan ugur alýarys. COVID-19 degişli ähli soraglaryňyza jogaplary şu ýerde okap bilersiňiz.  

Sag-aman geziň, özüňizi we maşgalaňyzy goraň.

Saglyk

  • 693 gezek okalan