• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • COVID-19
  • ALAÇSYZLYK TERAPIÝASY – KORONAWIRUSDAN SAGALAN ADAMLARYŇ GAN PLAZMASY AGYR KESELLÄN NÄSAGLARA KÖMEK EDIP BILERMI?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ALAÇSYZLYK TERAPIÝASY – KORONAWIRUSDAN SAGALAN ADAMLARYŇ GAN PLAZMASY AGYR KESELLÄN NÄSAGLARA KÖMEK EDIP BILERMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (4 Ses)

covid 19 plazmaCOVID-19 wirusyna garşy heniz netijeli terapiýanyň ýok döwründe, dünýä ýüzündäki, şol sanda Rossiýadaky lukmanlar wirusdan agyr kesellän näsaglary gutulanlaryň gan plazmasy bilen halas etmäge çalyşýarlar. Moskwada plazma donorlaryna hatda pul hem tölenýär.

Şeýle-de bolsa, heniz bu bejerginiň netijeliligi subut edilmedi. Plazma terapiýasynyň kliniki barlaglary diňe ýaňy-ýakynda başlady. Lukmançylyk hünärmenleri käwagt bu bejergä şübhe bilen garaýarlar.

"Ýeketäk çykalga"

Teoriýada, plazma bejergisi ýönekeý we dogry ýaly görünýär. Sagalan adamlar keseli ýeňmegi başardylar, sebäbi olaryň immun ulgamlary antitelolary (wirusy ýok edýän beloklar) ýetişdirmek arkaly kesele garşy göreşmegi öwrendiler. Bu beloklar eräp ganyň suwuk bölegine, ýagny plazmasyna goşulýar. Şonuň üçin, teoriýada, eger sagalan adamyň plazmasyndan alyp näsaga goýberseň, näsagyň bedeni hem wirusa garşy göreşip başlamaly.

Bu usul lukmançylykda çalt ýaýraýan infeksiýalary bejermekde giňden ulanylyp gelinýär. Muňa mysal hökmünde, ölüm howplulygy 100% bolan guduzlama keseline garşy sanjymyny görkezmek bolar. Bu sanjym ýabany haýwanlar dişlände edilýär. Dişlenilen adama at ganynyň immun syworotkasy (wirusy ýok edýän we ölüm howply keseliň öňüni alýan antitelo) sanjylýar.

Koronawirusy hem şeýle usul bilen bejermek pikiri gulaga hoş ýakýar. Bu usul örän elýeterli we ýeterlik sanly donor hem bar. Häzire çenli COVID-19 bilen kesellänleriň 700 müň sanysy sagaldy (Rossiýada 4000 ýakyny).

Soňky mümkinçilik

Islendik lukmançylyk bejergisi berk subutnamalara esaslanmaly. Ýagny, islendik dermanyň howpsuzlygy we nejiteliligi dogry kliniki barlaglar bilen subut edilen bolmaly. Emma koronawirus üçin heniz beýle derman ýok. Bu mowzuk baradaky ähli ylmy barlaglar diňe lukmanlaryň birki sany näsagy bejermäge eden synanyşygyndan söz açýar. Bejerginiň netijeliligini subut etmek üçin COVID-19 bilen agyr kesellän we öýken wentilýasiýasynyň apparatyna baglanan köp sanly näsaglary ýygnamaly. Soňra olary 2 topara bölüp, birine donor plazmasy, beýleki kontrol toparyna bolsa plasebo ergini bilen bejergi bermeli. Diňe şeýle kliniki barlagyň netijelerini deňeşdirmek arkaly, plazma bejergisiniň netijeliligi we howpsuzlygy barada ylmy netijä gelip bolar.

Emma welin, häzirki pandemiýa döwründe beýle eksperimentleri geçirmek mümkin däl. Sebäbi kontrol toparyna plazma derek plasebo erginini bermek olary ýeketäk halas bolma mümkinçiliginden mahrum edip biler.

Diňe, haçanda agyr kesellän näsagyň ýagdaýy gün-günden ýaramazlaşsa, onuň janyny halas etmek üçin, lukmanlar resmi taýdan maslahat berilmedik bejeriş usullaryny barlap bilýärler. 2003-nji ýylda SARS wirusy ýaýranda hem edil şu çykalgadan peýdalandylar we köp adamy halas etdiler. Şondan biraz wagt soňra, BSGG plazma goýberme tejribesini iň soňky çykalga hökmünde ulanmaga rugsat berdi. Bu usul Ebola we Orta Gündogar MERS wiruslarynyň pandemiýasy döwürlerinde hem ulanyldy.

Çeşme: BBC

  • 507 gezek okalan