HYTAÝDA ABORT ETDIRÝÄN ÝETGINJEKLERIŇ SANY ARTÝAR
Hytaý häkimiýeti ilat sanynyň azalmagyna çäre hökmünde göwreliligiň öňüni alyş we maşgalany meýilleşdirme serişdelerini çäklendirip başlady. Netijede abort etdirýän ýetginjekler köpeldi.
Resmiler häzirki wagtda Hytaýdaky abort etdirýänleriň 40%-niň ýetginjeklerdigini aýdýarlar. Adwokatlaryň bellemegine görä, köplenç az ýa-da asla jynsy terbiýe berilmeýän we prezerwatiwden başga kontraseptiwleri kabul edip bilmeýän ýetginjekler üçin abort maşgalany meýilleşdirmegiň ýeke-täk usuly bolup galýar.
Sitata: "Jynsy gatnaşyklar bilen bagly kararlaryň hiç wagt gyzlaryň we ýaş aýallaryň öz ellerinde däldigini, diňe abort etdirmek kararynyň olaryň elindedigini boýun almagyň wagty geldi" diýip, makalanyň awtory belleýär.
- 575 gezek okalan