ZOONOZLAR: HAÝWANLAR BIZE NÄDIP KESEL ÝOKUŞDYRÝARLAR WE BU KESELLER NÄME ÜÇIN KÖPELÝÄR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

zoonozlar↪ Zoonoz keselleri haýwanlar bilen adamlar gönümel galtaşanda ýa-da adamlar iýmit ýa mör-möjekler ýaly wektorlar (infeksiýa geçirijiler) arkaly patogenlere sezewar bolanda ýaýraýarlar.

↪ Adam işjeňliginiň ekosistemalary bozýanlygy sebäpli haýwanlardan adamlara ýokuşýan koronawirus we maýmyn mamasy ýaly täze keselleriň döreme howpy ýokarlanýar.

Soňky ýyllarda haýwanlardan adamlara geçýän keselleriň sany köpeldi. Meselem: Covid-19, maýmyn mamasy, Ebola, guş dümewi, Zika wirusy we ş.m. Bu keseller adamlary täze pandemiýalaryň döremeginden howatyrlandyrýar.

Zoonoz – oňurgaly haýwanlardan adamlara we tersine adamlardan haýwanlara geçýän kesel ýa-da infeksiýadyr.

Zoonozlary döredýän patogenlere bakteriýalar, wiruslar ýa-da parazitler degişli. Olar haýwanlar bilen adamlaryň gönümel galtaşmagy ýa-da iýmit ýa mör-möjekler, bitler ýaly wektorlar arkaly ýaýrap biler. Covid-19 ýaly käbir keseller diňe adamlara mahsus bolýar.

Bütindünýä haýwan saglygy guramasyna görä, adamlara geçýän ýokanç keselleriň 60%-i zoonotikdir. Salmonellez (ýiti içege keseli) ýaly käbir keseller iýmit siňdiriş ulgamyna täsir edýär. Guş dümewi, doňuz dümewi we koronawirus ýaly zoonozlar dem alyş ulgamyna zeper ýetirýär. Guduzlama ýaly kesel bolsa nerw ulgamy bilen baglanyşykly.

Adamlara haýsy haýwanlardan kesel ýokuşýar?

Ýerganatlar adamlara ýokuşýan ençeme wiruslaryň çeşmesidir. Guduzlama ýaly käbir keseller uzak wagtdan bäri bellidir, ýöne Ebola, Sars koronawirusy, Sars-CoV-2 (Covid-19-a sebäp bolan wirus) ýa-da 1998-nji ýylda Aziýada ýüze çykan Nipa wirusy ýaly zoonozlaryň köpüsi soňky onýyllykda döredi.

Torsuklar, alajagözenler, norkalar we ýalmanlar köplenç wirusly zoonozlaryň, esasan hem koronawiruslaryň çeşmesi bolup durýarlar. Iri şahly mallar, doňuzlar, itler, tilkiler, düýeler we gemrijiler ýaly beýleki süýdemdirijiler köplenç parazitleriň döreýän we ösýän haýwanlary bolup, olardan adama parazitler ýokuşýar.

Dümew pandemiýasyna esasy sebäpkär wiruslaryň hemmesi guşlardan adamlara gönümel ýa-da başga ýollardan geçýär. Mör-möjekler adamlara ýokuşýan köp sanly wirus keselleriniň daşaýjylarydyr, mysal üçin: sakyrtgalar powassan wirusyny ýaýradýarlar.

Näme üçin zoonoz keselleri köpelýär?

Ilkinji gezek müňlerçe ýyl ozal peýda bolan zoonozalar soňky 20-30 ýylda has-da artdy.

↪ Ilki bilen, adam işjeňliginiň we ýabany tebigat bilen gatnaşygyň artmagy adamlara ýokuşýan wiruslaryň köpelme howpuny ýokarlandyrýar.

↪ Halkara syýahatlarynyň artmagy netijesinde keseller has çalt ýaýraýar.

↪ Adamlar planetanyň uly bölegini eýeläp, ekosistemalary bozýarlar we wiruslaryň ýokuşmagyny aňsatlaşdyrýarlar.

↪ Tokaýlaryň çapylmagy ýabany tebigat, öý haýwanlary we adamlaryň arasyndaky galtaşma howpuny artdyrýar.

↪ Klimatyň üýtgemegi köp haýwanlaryň ýaşamaga has amatly ýer gözlemek üçin öňki ýaşaýan ýerlerini terk etmeklerine sebäp bolýar.

↪ Uly göwrümli senagat ekerançylygy haýwanlaryň arasynda patogenleriň ýaýramak howpuny ýokarlandyrýar.

↪ Ýabany haýwanlary satmak üçin awlamak adamlaryň haýwanlardaky mikroblara sezewar bolma töwekgelçiligini artdyrýar.

2020-nji ýylyň oktýabrynda BMG-nyň Biodürlülik boýunça ekspertler topary şeýle duýduryş berdi: "Öňüni alyş strategiýalary bolmasa, pandemiýa ýygy-ýygydan ýüze çykar, has çalt ýaýrar, köp adamy öldürer we dünýä ykdysadyýetine öňküden has zyýanly täsir eder".

2018-nji ýylda Science žurnalynda çap edilen çaklamalara görä, süýdemdirijilerde we guşlarda 1.7 million näbelli wirus bar. Şol wiruslaryň 540.000 – 850.000 sanysy adamlara ýokuşyp biler.

Zoonozlaryň käbir simptomlary:

Içgeçme, gusma, ýürek bulanma we işdäň kesilmegi. Käbir adamlar gyzzyrma, bedeniň agyrmagy, kelleagyry we ýadawlyk ýaly dümewe meňzeş alamatlary başdan geçirip bilerler. Käbir ýagdaýlarda wirus ýokuşanlaryň deri zeperlenmesinden, sypjyryklardan ýa-da çakylma yzlaryndan ejir çekmegi mümkin.

Bu kesellerden nädip goranyp bilersiň?

↪ Haýwanlaryň ýanynda bolanyňyzdan ýa-da galyndylaryny arassalanyňyzdan soň elleriňizi sabyn we arassa suw bilen ýuwuň.

↪ Daşary çykanyňyzda mör-möjeklere garşy serişdeleri ulanyň.

↪ Iýmitleri arassa saklaň.

↪ Haýwanlaryň dişlemeginden/çakmagyndan we sypjyryklardan gaça duruň.