• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • DOŇUZ DÜMEWI NÄME WE ONY NÄHILI BEJERMELI?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DOŇUZ DÜMEWI NÄME WE ONY NÄHILI BEJERMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (30 Ses)

Doňuz dümewi öý haýwanlarynyň, esasan hem doňuzlaryň arasynda giňden ýaýrap, aňsat ýokuşýan ýokanç kesellere degişlidir. Dümewiň bu görnüşini 1931-nji ýylda amerikan alymy Riçard Şoup açdy. Ýöne onuň döredýän keselçiliginden biz soňky ýyllar habardar bolup başladyk, çünki ozal bu wirus esasan ABŞ-nyň, Ýewropanyň, Keniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň fermer hojalyklarynda giňden ýaýrandy. Söwda gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagy köp keselleriň, şonuň ýaly-da dümewiň bu görnüşiniň ýaýramagyna sebäp boldy.

Doňuz dümewiniň wirusynyň üýtgäp durýandygy sebäpli, oňa garşy belli bir waksinany taýynlamak kynçylyk döredýär. Lukmanlar doňuz dümewiniň birnäçe görnüşlerini tapawutlandyrýarlar: H1N1, H3N1, H3N2. Şularyň içinde iň ýygy duş gelýäni we çalt ýaýraýany H1N1 görnüşi bolup durýar. Wirusyň bu görnüşi uly epidemiýalary döredip bilýändir. Dümewiň hemme görnüşleri üçin howa-damja ýoly (asgyrma, üsgürme, hapa eller we baş.) bilen ýaýrama häsiýeti mahsusdyr.

Doňuz dümewiniň alamatlary

Dümewiň bu görnüşi üçin beden gyzgynynyň ýokarlanmagy we üşütmäniň döremegi häsiýetli alamat bolup durýar. Ondan başga-da, dümewiň başga görnüşlerine mahsus bolan üsgürme, burnuň dykylmagy we akmagy, kellagyry, bedeniň agyrmagy, ýüzüň gyzarmagy, gaýtarma we içiň geçmegi ýaly alamatlar hem ýüze çykyp biler.

LUKMANYŇ KÖMEGINI TALAP EDÝÄN HOWPLY ALAMATLAR:

Çagalara degişli

→ Dem alşyň ýygylaşmagy ýa-da kynlaşmagy;

→ Deriniň gögümtil ýa-da mele reňke eýe bolmagy;

→ Çaganyň işdäsiniň peselmegi;

→ Kesilmeýän gaýtarmanyň ýüze çykmagy;

→ Çaganyň uzak ýatmagy, halsyz bolmagy;

→ Çaga gaty gaharjaň, ynjyk;

→ Alamatlar wagtlaýyn aýrylsa-da, gaýtadan başlaýar;

→ Çaga üsgürýär we beden gyzgyny ýokary.

Ululara degişli

⇒ Adamyň dem almasynyň kynlaşmagy;

⇒ Gursagyň ýa-da garnyň agyrmagy;

⇒ Baş aýlanmalaryň döremegi ýa-da huşuň bulaşmagy;

⇒ Dowamly gaýtarmanyň ýüze çykmagy.

2 ýaşa çenli we 5 ýaşdan uly çagalar, gartaşan adamlar, göwreli aýallar we dowamly keselleri (öýken we peşew çykaryş ýollaryň keselleri, süýji keseli, howply döremeler, immun ulgamynyň gowşamagy) bolan adamlar doňuz dümewiniň ýokuşmagy boýunça töwekgelçilik toparyna degişli edilýändir. Ýöne doňuz dümewi diňe şu topara degişli adamlara ýokuşman, düýbünden sagdyn adamlary hem keselçilige sezewar edip bilýändir. Adamyň immun ulgamynyň ýagdaýyna we wirusyň häsiýetine baglylykda, doňuz dümewi öýken sowuklamasy, dem alşyň ýetmezçiligi, böwregiň işiniň ýetmezçiligi, miokardit, perikardit ýaly howply gaýraüzülmelere getirip bilýändir. Şonuň üçin hem, keseliň birinji alamatlary ýüze çykanyndan, lukmana ýüz tutmak hökmandyr.

Doňuz dümewiniň bejergisi

Dümewiň bejergisinde wirusa garşy serişdeler bellenilip, antibiotikleriň netijesizdigini ýatda saklamalydyr. Antibiotikler diňe dümewden soňky bakteriýlaryň döredýän gaýraüzülmeleriniň garşysyna ulanylyp bilner. Wirusa garşy serişdelerden wifiron, gripferon, zanamiwir, kagosel, arbidol, oseltamiwir dermanlaryny belläp geçip bolar.

Şeýle-de döreýän alamatlara baglylykda, beden gyzgynyny düşüriji (panadol, parasetamol), üsgülewige garşy (sinekod, bromgeksin, buýan köküniň toşaby, mukaltin we baş.) serişdeleri, C witamini, witamin toplumlary kabul etme maslahat berilýär.

Eger Siz dümew bilen kesellän bolsaňyz öz we başgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin:

► Hiç ýere gitmän, öýde galmagy;

► Lukmanyň maslahatyndan soň, bejergi çärelerini geçirmegi;

► Işjeňligi azaldyp, düşekde ýatmagy;

► Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwmagy;

► Gapynyň tutawaçlaryny zyýansyzlandyryp ýuwmagy;

► Gorag maskalaryň dakylmagyny maslahat berip bolar.

Bejergiler dogry geçirlende, 7-10 günden keseliň alamatlary aýrylýar. Ýöne siz öz sagalandygyňyzdan we töwerekdäkilere ýokuşdyryp bilmejekdigiňize ynamly bolmalysyňyz. Beden gyzgynynyň düşmegi, ysgynsyzlygyň, beden agyrylaryň, üsgülewigiň aýrylmagy we kadaly işjeňlik ýagdaýynyň döremegi sagalmanyň esasy görkezijisi bolup durýar.

  • 3274 gezek okalan