ZIKANYŇ WIRUSY BÜTIN GÜNBATAR ÝARYMŞARYNA HOWP SALÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (15 Ses)

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy şu ýylyň ýanwar aýynyň 25-ne Latyn Amerikasynyň birnäçe döwletine ýaýran afrikaly Zikanyň wirusynyň, Kanadany we Çilini hasaba almanyňda, bütin Günbatar Ýarymşaryna howp salýandygyny habar berdi.

Zikanyň wirusy 1947-nji ýylda tapyldy. Ilkinji gezek ol Ugandanyň Zika tokaýlaryndaky rezus makaka maýmynlarynda tapylyp, birnäçe ýyldan soň adamlarda hem ýüze çykaryldy. Bu wirus çybynlar arkaly ýaýraýar, ýöne jyns gatnaşygy arkaly ýokuşmagyň mümkindigi barada hem maglumatlar bar.

Wirusyň täsiri bilen döreýän Zikanyň gyzdyrmasy ýeňil geçirilýär we ölüm howply däldir. Gyzdyrmanyň alamatlary – deride döreýän örgünler, kellagyrylar, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy. Gyzdyrma wirus gana düşenden birnäçe gün soň ýüze çykyp, bir hepdä golaý dowam edýändir. Zikanyň wirusyndan ölenler az bolup, oňa bu keseliň sebäp bolandygyndan güwä geçýän deliller ýokdur. Gyzdyrma ölüm howply hasaplanmaýar. Kesele garşy netijeli bejergi we waksina ýokdur.

Zikanyň wirusy çagalarda mikrosefaliýa getirip bilýär. Zikanyň gyzdyrmasynyň ýaýran sebitlerinde mikrosefaliýa (düwünçegiň kelle çanagynyň we beýnisiniň ösmeginiň togtamagy) bilen doglan çagalaryň sanynyň köpelendigi hasaba alyndy. 2015-nji ýylyň güýzünden bäri Zikanyň gyzdyrmasynyň ýaýramagyny başdan geçirýän Braziliýada mikrosefaliýa bilen dogulýan çagalaryň sany 30 esse ýokarlandy. Eneleriň göwrelilik döwründe geçiren gyzdyrmasy bilen mikrosefaliýanyň arasyndaky baglanşyk ylmy esasda subut edilmedik bolsa hem, Braziliýanyň Saglygy Goraýyş Ministrliginiň eden gözegçilikleri şeýle çaklamalary etmäge esas döredýär.

Zikanyň wirusynyň ýene bir howply häsiýeti – Giýene-Barreniň keseliniň döremegine itergi bermegidir. Bu immun ulgamynyň bozulmasy bilen döreýän kesel, beden myşsalarynyň gowşaklygy bilen häsiýetlenýär. Köplenç halatlarda doly sagalma gazanylsa hem, 15 % ýagdaýlarda ysmazlygyň galmagy mümkindir. Dem alşyň ýetmezçiligi sebäpli ölüm howpunyň döreme töwekgelçiligi hem ýokarydyr. Mikrosefaliýa bilen bolşy ýaly, bu kesel bilen Zikanyň gyzdyrmasynyň arasyndaky arabaglanşyk ylmy taýdan subut edilen däldir.

Saglyk bilen bagly meselelere seljerme berip, Salwadoryň Saglygy Goraýyş Ministrligi aýallara Zikanyň wirusy sebäpli üç ýyl göwreli bolmazlygy maslahat berýär. Şeýle etmekligi brazil lukmanlary hem ündeýärler. ABŞ-yň hökümetleri bolsa göwreli aýallara Zikanyň wirusynyň ýaýran ýurtlaryna gitmekden saklanmagy maslahat berýärler.

Diňe Braziliýada 2015-nji ýylda 1,5 mln. adam Zikanyň gyzdyrmasy bilen keselledi. Hemme näsaglanlaryň lukmanlara ýüz tutmaýandygy üçin, takyk hasaplamalary geçirme mümkin däldir. Aedes maşgalasyna degişli çybynlaryň birnäçe görnüşleriniň ýaşaýan ýeri – wirusyň duş gelip biljek sebitleri hasaplanýar. Olar ýaly sebitlere Afrika kontinenti, Günorta-Gündogar Aziýa, Hindistan, Çili bilen Kanadany hasaba almazdan Günorta we Demirgazyk Amerika degişlidir. Kesele pandemiýa derejesi degişli edildi.

  • 2092 gezek okalan