ÝÜREK-DAMAR KESELLERINDEN ÖLÜMÇILIK BÜTIN DÜNÝÄDE ARTÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Ýürek-damar keselleriYDK olumcilik (ÝDK) ýürege ýa-da gan damarlaryna täsir edip, sosial-ykdysady, metabolik, hereket we daşky gurşaw töwekgelçilik faktorlarynyň utgaşmasy sebäpli döräp biler. Bulara ýokary gan basyşy, zyýanly iýmitlenme, ýokary holesterin, süýji keseli, howanyň hapalanmagy, semizlik, temmäki ulanmak, böwrek keseli, fiziki hereketsizlik, alkogolly içgileriň aşa sarp edilmegi we stres degişlidir.

Bütindünýä ýürek federasiýasynyň täze hasabatyna görä, soňky 3 onýyllykda ÝDK-dan ölümçilik 60% -den gowrak artdy. Bu ölümleriň 80%-i pes we orta girdejili ýurtlarda ýüze çykýar. 1990-njy ýylda 12.1 million bolan ÝDK-dan ölümçilik 2021-nji ýylda 20.5 milliona ýetdi. 2021-nji ýylda ÝDK bütin dünýäde ölümçilikleriň esasy sebäbine öwrüldi we ölenleriň üçden birine düzdi. Hasabata görä, wagtyndan ir döreýän ýürek infarktynyň we insultyň ondan sekiziniň öňüni alyp bolýar. Ýöne anyklaýyş, öňüni alyş we bejergiler ÝDK ölümçiliginiň köp bolýan garyp ýurtlaryndaky adamlara däl-de, diňe baý ýurtlaryň halkyna kömek edýär.

Ýokanç däl keseller sebäpli wagtyndan ir ölmek şol kesellerden 30-70 ýaş aralygynda ýogalmagy aňladýar. Ölümçiligiň döredýän pajygasyndan başga-da, bu ölümler jemgyýete we ykdysadyýete güýçli we ýaramaz täsir edýär.

2015-nji ýylda Merkezi Ýewropa, Gündogar Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk Afrika we Orta Gündogar sebitleri ýüregiň işemiýa keseli zerarly wagtyndan ir ölmegiň ýokary töwekgelçilikli sebitleri diýlip hasaba alyndy. Meselem, gemorragik (damardan gan akma) insultdan wagtyndan ir ölmek töwekgelçiligi erkekleriň arasynda Mongoliýada 10.3%-e, Türkmenistanda 9.6%-e ýetdi.

Aladanlandyryjy görkezijiler: BSGG-nyň 2018-nji ýyldaky maglumatyna görä, Türkmenistanda ýokanç däl keseller ähli ölümçiligiň 76% -ini, ýürek-damar keselleri bolsa 47% -ini emele getirýär.

Saglyk Türkmenistandaky ýokanç däl keselleriň ýagdaýyna gözegçilik edýär we yzygiderli ilata peýdaly materiallary taýýarlaýar.