• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • ÝÜREK-DAMAR KESELLERINIŇ ÖŇÜNI ALMAK

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÝÜREK-DAMAR KESELLERINIŇ ÖŇÜNI ALMAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.34 (38 Ses)

Ateroskleroz (ýürek-damar ulgamynyň keseli) we damarlar ulgamy.

Ýürek-damar ulgamynyň keselleri birdenkä ýüze çykmaýar. Olar biziň bedenimizde uzak wagtlap dowam eden ýagdaýlaryň netijesidir. Ýaglaryň, aýratyn-da holesterin bilen trigliseridiň ýygnanmagy arteriýa damarlarynyň diwarlaryny galňadyp, artesklerozyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Stenokardiýa, kardiuoskleroz, miokarditler, miokardioskleroz, ýürek demgysmasy we beýleki ýürek-damar keselleri hem şol sebäpli ýüze çykyp bilýär.

Ýürek-damar keselleri birnäçe ýyllaryň dowamynda emele gelip, atesklerozyň damar ulgamyna zyýan ýetirip, ýüregiň gan bilen üpjün edilişini haýalladýar, ony ýokumly iýmitlenmeden we kisloroddan mahrum edýär. Adamyň ýüregi agyryp başlanda, bu eýýäm düýpli ýürek keseliniň bardygynyň alamatydyr. Şonuň üçin-de, adam «ýürek tutgaýynyň» tutaryna garaşman, wagtynda ýüreginiň aladasyny edip başlamalydyr.

Maddalaryň çalyşmasynyň bozulmalary, aýratyn-da holesteriniň derejesiniň sagdyn deňagramlylygyň ýitirilmegi — ýüregiň we damarlaryň kesellemeginiň esasy sebäbi. Holesterin maddasy ýagly zatlaryň bagyr tarapyndan gaýtadan işlenilmeginiň netijesinde emeler gelýär. Elbetde, organizmiň sazlaşykly işlemegi üçin ýaglaryň-da, holesteriniň-de belli bir mukdarynyň ganda bolmagy hökmandyr. Emma olaryň mukdary gerekli çäkden geçse, olar adamyň saglygyna howp salyp başlaýar. Sebäbi holesteriniň mukdary kada laýyk bolmasa, ol mum maddasy ýaly, gan geçirýän damarlaryň diwarjyklaryna ýelmeşip başlaýar. Soňabaka bu ýelmeşip, çöküp galan maddalar damar diwarjyklarynyň üýtgedip, galňamalary emele getirýär. Olar bolsa öz gezeginde holesteriniň we mineral maddalaryň has köp mukdarynyň ýelmeşip, çöküp galmagyna sebäp bolýar. Bu ýagdaý atereskleroz diýip atlandyrylýar. Bu keselde damarlaryň diwarjyklary gatap, çeýeligini ýitirýär, olar daralyp, gan akymlarynyň peselmegine eltýär. Eger bu maddalaryň çökündileri tromblary döretse, onda bu damarlardan gan aýlanyşygy kesilýär. Tromblar damarlardaky gan akyma böwet bolup, insulta we infarkta eltýär.

Şular ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin iýmitlenmä aýratyn üns bermelidir. Ýüregiň sagdyn bolmagy üçin ýagsyz eti we doýgun bolmadyk ýaglary iýmelidir. Olarda holesterin az bolýar. Ýygy-ýygydan etiň deregine balyk iýiň. Towuk etinde hem holesterin azdyr. Köp iýmejek bolmaly. Azyk rasionynyň köp bölegini gök önümler, ir-iýmişler tutmalydyr. Mümkin bolan ýagdaýynda, olary çigligine iýmäge çalşyň.

Pyrtykal, greýpfrut, limon, noýba, mekgejöwen, oblepiha, garaly, sogan, sarymsak, gül kelem, pomidor, ukrop, deňiz kelemi, kädi, hoz, gawun, greçka, böwürslen, süle, petruşka, zirk, narpyz dagylar damarlary arassalap, atesklerozyň öňüni alýar. Ýürek bozulmalarynyň islendik görnüşlerinde nitrogliserin içmäň-de, derman otlaryndan peýdalanjak boluň. Sebäbi nitrogliserin agyryny köşeşdirýär, derman otlary bolsa bejerýändir. Nitrogliserini kabul edilende köp hereket etmek gadagan edilýär. Derman otlaryny kabul edilende bolsa, tersine, hereketleri artdyrmaly bolýar. Agyrýan ýürek üçin tut miweleri, alyçynyň miweleri we walerýana dagylar iň oňat serişdedir.

Ýürek üçin düzüminde magniý we kaliý bolan azyklar we ösümlik otlary hem örän wajypdyr. Magniý pomidorlaryň, seldereýiň, hozuň, süläniň, erigiň, üzümiň, şugundyryň, badamjanyň düzüminde bardyr. Kaliý erik kişdesiniň, kişmişiň, guradylan garalynyň, hurmanyň, injiriň, petruşkanyň, kelemiň, gara smorodinanyň, ananasyň, bananlaryň we şetdalynyň düzüminde bardyr.

Galyberse-de, sagdyn iýmit bedeniň hemme ulgamlarynyň, şol sanda ýürek-damar ulgamynyň hem gerekli witaminleri kabul etmegine ýardam berýär.

Sagdyn durmuş üçin nerw işjeňligini hem kadalaşdyrmalydyr. Häzirki wagtda adamlar köplenç iş sebäpli ukusyny kemýärler. Emma sagdyn bolmak üçin adam gije-gündiziň dowamynda sekiz sagatdan az ýatmaly däldir. Adam mümkin boldugyndan dawa-jenjellerden, duýgy çekeleşiklerden gaça durmaly.

Uzak wagtyň dowamynda şol bir halda oturmak hem ýürek, damarlar we tutuş organizm üçin zyýanlydyr. Oturymly işlerde her sagatdan turup, birnäçe maşklary etmek maslahat berilýär. Köp pyýada ýöremäge çalyşmaly. Günüň dowamynda bäş kilometre golaý aralyk pyýada geçilse, dem alyş ulgamy we ýürek üçin örän peýdalydyr.

Gan aýlanyş ulgamynyň keselleriniň köp görnüşleri bar. Bu keseller öz gezeginde başga keselleriň netijesinde ýüze çykýar. Mysal üçin, perikardit (ýürek haltajygynyň sowuklamasy) inçekesel ýokanç keseliniň netijesinde ýüze çykýar. Inçekesel bilen kesellän adam bu keseliň ýüregine ýetirjek zeperini bilip, degişli lukmanlara ýüz tutmalydyr. Şeýle eden ýagdaýynda ol ýürek keselleriniň öňüni alyp bilerdi.

  • 13725 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman menin oglymyn yuregi miyakardit yuregi calt uryar .
Oglym hazyr 6yasynda 4yasyndan beri bejergi alyar
Yenem nace yyldan gowylasarka

Zubeyda
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam Lukman men gündiz kellâmi yere goýsam uklanymy duýman galyan yatmak niyetimde yok halda15min irkilip birden oýanamda ýüregim çalt urup rahatsyzlyk duýýan bu nâmedenkâ gaýrat edip açyklaýyñ.

Keyik
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Yurek ritmi uytgap calt ursa name bejergi etmeli

Kakajan Garrygulow
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

SALAM SEREDIN MENI JIGIM ALCYRASA YADA BIRDEN BEGENSE OZUNDEN GITYA DOKTORLARA GORKEZDIM NAMEDEN BOLYA DIYSEM OLARAM YUREK URUP DURKA DASYNDAN YENE BIR YERDEN GEN GELYA DIYYA OL NAHILEK YAGDAY BOLYAR .

ŞARLYK
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ýüregiň nerw damarlaryna täsiri bamyka ? Olar biri-biri bilen baglanyşyklymy ? Meniň ýüregim gysylýa ol nämeden bolýaka LUKMAN!!!!!!!!.........

serzat
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman menin yuregim agyryar yone hereket etman dursam agranok .Yurek agry baslangyjyny aydyp bersem hereket etsen sagdyn bolyan diydiler gaytama men yuregim agryp baslady. Bir gun yer isledim derledim we yadadym onson ertesi ertir turup...

Salam lukman menin yuregim agyryar yone hereket etman dursam agranok .Yurek agry baslangyjyny aydyp bersem hereket etsen sagdyn bolyan diydiler gaytama men yuregim agryp baslady. Bir gun yer isledim derledim we yadadym onson ertesi ertir turup yglamana gitdim ir sagat 6-da onson yene so gun yer isledim yene ertesi tursam yuregim agyryar hereket etsem bu name ucin beyle bolyarka,,HEMMANIZE MENDEN MASLAHAT HEREKET EDENINIZDE JANYNYZY GYNAMAN menem gynaydym oydyan sonun un yurek agry boldum

Dowamy
Maksat
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Yurek damarlary awurta gatasa nae etse bolya .

Mansur
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam Hormatly lukman. Kyn gorman jogaplayyngda! Mening soygulimde yurek agyry bar. Men ony gowy goremsong onyng bilen aramyzy achasym gelenok. Sheyle yagdaya seretmezden men onga oylensem, yurek keseli chagalarymada gechermi? Ongunden kop sagbolung!

Artogrul
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ýürek ýaly hereket edýän guraly adamzat näçe jan etsede henize çenli ylmyň özmegine garamazdan döredip bilenok. Her zada aýawlyk gerek bolşy ýaly ýüregiňi tämiz saklasaň garran ýaşyňda hem seni biynjalyň etmez.

Myraly
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Jeňçi,şerçraý, gybatkeş, görüp,içýakgyç, içigara adamlar jemgyýetde azalsa ýürek kesellerem azalar.

Toýly
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location