7-nji APREL - BÜTÜNDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI: TÜRKMENISTANDA DEM ALÝAN HOWAMYZ BARADA NÄMELERI BILMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

howamyz barada nameleri bilmeliTürkmenistanda howanyň hili we onuň ilat saglygyna ýetirýän täsiri barada henize çenli ylmy barlaglar geçirilmedi we degişli maglumatlary hökümet edaralary köpçülik bilen paýlaşmady. Maglumat ýetmezçiligi sebäpli IQAir (howanyň hili boýunça tehnologiýa kompaniýasy) 2025 Bütindünýä howa hili hasabatyna Türkmenistany goşmady we 2024-nji ýylda Türkmenistanyň iň hapa howaly 30 ýurduň sanawyna girendigini ýatlatdy. Halkara guramalar hapa howanyň dünýäde ölümçiligiň, şol sanda bäş ýaşdan kiçi çaga ölümleriniň ikinji sebäbidigini belleýärler. Hapalanan howanyň ýürek-damar, hroniki dem alyş ýollarynyň keselleri, wagtyndan ir ýogalma, göwrelilik gaýraüzülmeleri, çaga ölümçiligi bilen baglanyşyklydygyny ylmy barlaglar görkezýärler. Türkmenistan hem çaga ölümleri we ilatyň ömür dowamlylygy boýunça Merkezi Aziýada iň ýaramaz görkeziji ýurt bolup galýar. Türkmenistanyň ilatynyň dem alýan howasyny aşa uly mukdarly metan zyňyndylary we barha möwjeýän tozanly tupanlar hapalamasyny dowam edýär we ilat hapa howanyň öz janlaryna salýan töwekgelçiliklerinden bihabar galýar.

Türkmenistda howanyň hili we adam saglygy

2025-nji ýylda dünýäniň dürli ýerlerindäki 2.5 müň töweregi nebit we gaz ýataklarynyň çykarýan metan zyňyndylarynyň hasabynda Türkmenistan sanawyň başyny çekdi: 25 sany iň köp metan zyňyndylaryny çykaran nebit-gaz ýataklarynyň 15-si Türkmenistandan bolup çykdy. Bu ýataklar ortaça sagatda 3.7-10.5 tonna metan zyňyndylary bilen atmosferany hapalaýarlar. Munuň bir ýylda bütindünýä maýylganlyga ýetirýän täsiri bir milliondan gowrak benzin ýakýan awtoulaglaryňda ýa-da kömür bilen işledilýän bir uly elektrostansiýanyňka deňdir.

Türkmenistanda syn edilen bu köp mukdarly metan zyňyndylary täzelik däldir. 2022-nji ýylda hem, emeli hemralaryň geçiren gözegçilikleri Türkmenistanyň dünýäde howa iň köp metan zyňyndylaryny goýberýän ýurtdugyny görkezdi.

Howa hapalaýjy parnik gazy bolan metan maýylganlygy tizlendirýär, ýere ýakyn ozon gatlagynyň emele gelmegine goşant goşýar we adamlaryň dem alýan howasyny, suwuny we topragyny hapalaýar. Aşa gyzgyn ýa-da çygly howa şertleri hem-de suwuň hiliniň ýaramazlaşmagy bolsa, ýürek-damar, beýni-damar, dem alyş ýollary keselleriniň, ýokançlyklaryň we suwda emele gelýän keselleriň artmagyna eltýär. Hatda hojalyklarda ulanylýan gaz hem metan gazy bilen bilelikde azodyň dioksidi we benzol maddalaryny bölüp çykaryp bilýär – bu bolsa demgysma hem-de dem alyş ýollarynyň beýleki keselleriniň ýüze çykmagyna getirip bilýär.

Diňe bir metan zyňyndylary däl, eýsem soňky ýyllarda barha ýygy turýan tozanly tupanlar hem ýurdumyzda howanyň hilini ýaramazlaşdyrýar. Halkara guramalaryň habar bermegine görä, çägeli we tozanly tupanlar ilatyň 90%-den köpüsiniň dem alýan howasyny, şeýle-de ekerançylyk ýerleriniň 71%-ini hapalap durýarlar. Tozanlaryň düzüminde saklanýan PM10 we PM2.5 ýaly ownuk bölejikler öýkene, hatda gan damarlaryna hem baryp ýetýärler. Tozanly howadan yzygiderli dem almak hroniki dem alyş ýollarynyň kesellerine, öýken we ýürek kesellerine sebäp bolup bilýär. Ylaýta-da, çagalara, garrylara, göwrelilere, dem alyş we ýürek bilen bagly kesellilere tozanly tupanlar has agyr täsir edýärler.

Nähili çözgütler bar?

Howanyň hilini gowulandyrmak köptaraplaryn, uly göwrümli we durnukly çäreleri talap edýär.

Türkmenistanyň hökümeti:

▶ Nebit we gaz ýataklarynyň infrastrukturasyny gowulandyrmak we berk gözegçilikde saklamak ýaly ýönekeýje çäreleri geçirmek arkaly metan zyňyndylarynyň öňüni alyp ýa-da olary ep-esli azaldyp boljakdygyny hünärmenler belleýärler.

▶ Şeýle-de, aç-açan we ilata elýeter bolan howa hilini ölçeýän torlarydyr ulgamlary gurnamak, MARS (Methane Alert and Response System) ýaly halkara platformalara goşulmak bilen, ýurt metan zyňyndylaryny özwagtynda anyklap we olara dessin çäre görüp biler.

▶ Tozanly tupanlary we çölleşmäni azaltmaga gezek gelende bolsa, ekerançylyk ýerlerine durnukly çemeleşmek, suwy tygşytly ulanmak, ýerli ösümlikleriňdir agaçlaryň sanyny köpeltmek esasy ädimlere degişli bolup durýar.

▶ Tozanly ýeller ýaly, tebigy hadysalar barada metbugatda ilata özwagtynda habar bermek we öňüni alyş hem-de hadysalaryň täsiri astynda galýan adamlara hödürlenilýän dürli hyzmatlar dogrusyndaky maglumatlary ýetirmek.

▶ Howanyň hili we hapa howa garşy çäreler barada ilatyň habardarlyk we sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak ýurduň ähli ýerlerinde iş alyp barmak we jemgyýetçilik guramalaryna hem şeýle işleri alyp barmaga mümkinçilik bermek.

Türkmenistanyň ilaty:

▶ Saglygy goraýyş ministrligi we gidrometerologiýa gulluklary ýaly jogapkärli edaralardan howanyň hiline we hapa howadan goranmaga degişli ylmy, aç-açan we yzygiderli üpjün edilmeli maglumatlary talap etmek.

▶ Tozanly tupanlar gelende ýa-da howanyň hilinde näsazlyk dörän mahallarynda adamlara içerlerde bolmak, penjireleridir gapylary ýapyk saklamak, daşarda maska geýmek maslahat berilýär. Esasan-da demgysmadan, süýjülikden ýa-da ýürek kesellerinden ejir çekýänler howanyň hiliniň pes wagtlary daşarda agyr hereket etmekden gaça durmalydyr.

▶ Içerleriň howasyny arassa saklamak üçin howa çalşygyny wagtly-wagtynda berjaý edip we tebigy gaz ulanylanda wentilýasiýa üns berip, mümkin bolsa howa arassalaýjy enjamlary hem ulanmak.

Bu ýyl Bütindünýä saglyk gününde BSGG ylma arka durmaga çagyrýar we ygtybarly maglumatlaryň, aç-açan gözegçiligiň we köpçülige ylmy resurslarydyr hyzmatlary hödürlemegiň berk ilat saglygynyň binýadydygyny ýatladýar. Sen hem www.who.org we www.saglyk.org ýaly ylma esaslanýan çeşmeleriň kömegi bilen howa hem-de adam saglygy barada bilimiňi artdyryp we ony ýakynlaryň bilen paýlaşyp bilersiň.