Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SEN NÄHILI HOWADAN DEM ALÝARSYŇ?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

Smog over Almaty

15-nji ýanwarda Cabar.asia saýtynda "Merkezi Aziýanyň howasy nä derejede hapa – grafikalarda düşündirilen" atly makala peýda boldy. Biz bu makalanyň gysgaça beýanyny okyjylarymyza hödürlemegi makul bildik. Interaktiw grafikalara makalanyň rus we iňlis dillerindäki asyl nusgasynda syn edip bilersiňiz.

Makalanyň asyl nusgasy.

Gazagystanyň Nur Soltan şäherinde zyýanly howa hapalaýjy bölejikleriň mukdary ýyllyk normadan 2.5 esse artdy. Almatyda howanyň hili bäş aýyň içinde diňe ýekeje gün normadan çykmady. Bişkek bolsa, köplenç dünýäniň iň hapa howaly şäherleriniň sanawyna girýär. 2019-njy ýylda Duşenbe şäherinde iň howply günler tozanly tupanlar bilen şäheri örten tomus we güýz aýlary boldy. Aşgabat şäherinde howanyň hiliniň rugsat berlen normadan çykmasyna örän seýrek duş gelinýär. Taşkendiň howasy 2019-njy ýylyň 80%-ininde howply boldy.

Gyşyň gelmegi bilen, Merkezi Aziýanyň şäherleri goýy tüssä bürendi. Howanyň hili şeýlebir ýaramazlaşyp köp adamy dem alyjy maskalary ýa-da howa arassalaýjylary ulanmaga mejbur edýär. Kömrüň ýakylmagy, ulaglaryň çykarýan tüsseleri, hem-de tozanly tupanlar howadaky zyýanly PM2.5 bölejikleriň mukdaryny artdyrýar. Bu zyýanly maddalar diňe dem alyş ulgamyna zeper ýetirmän, eýsem ýürek-damar keselleriniň hem döremeginiň töwekgelligini ýokarlandyrýar.

PM2.5 bölejikler – bular howa hapalaýjy maddalar bolup, düzüminde gaty mikrobölejikleri we kiçijek suwuklyk damjalaryny saklaýarlar. Bular aňsatlyk bilen biologik päsgelçilikleri böwsüp geçip bilýärler. Şonuň üçin hem adam bedenine uly howp salýarlar.

Bütindunýä Saglygy Saklaýyş Guramasynyň (WHO) standartlaryna görä, PM2.5 bölejikleriniň günde ortaça mukdary 25mkg/m3, ýylda bolsa 10mkg/m3 derejeden geçmeli däl. Şäherlerdäki howanyň hili günüň we hepdäniň wagtlaryna bagly bolýar. Adatça Bişkegiň howasy gyşda irden 9 bilen öýlän 3 hem-de agşam 6-9 aralygynda ýaramazlaşýar. Nur Soltanda bolsa, irden 8-10 agşam bolsa 6-1 aralygynda beterleşýär. Taşkentde howanyň hiliniň howpsuz wagtlary duşenbe günleri irden 5-8 aralygy, öýlän bolsa 2-5 aralygyna, ýagny köçelerde ulaglaryň az wagtyna düşýär.

Haçanda PM2.5 bölejikleriniň mukdary 35.5mkg/m3 derejeden ýokary galanda çagalaryň, ýaşulularyň, we saglyk taýdan gowşak adamlaryň saglygyna howp salýar. Hapalygyň mukdary 55.5mkg/m3 derejeden geçende hemmelere maska geýmek hem-de daşary az çykmak maslahat berilýär.

Aşgabat nähili dem alýar?

Aşgabat barada maglumat diňe 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 1-nden bäri bar. Bu döwrüň dowamynda hasaba alnan 150 günüň 41 gününde howanyň hapalygy 25mkg/m3 derejeden geçýär. Hapalygyň derejesiniň iň ýokary galan wagty (92mkg/m3) oktýabr diýip bellenilýär. Gynansakda, Aşgabadyň howasyna degişli, ýeterlik maglumatyň az bolmagyna galýar diýip makalada bellenilýär.

Merkezi Aziýanyň howasyny näme hapalaýar?

Ulaglardan çykýan ýangyç tüsseleri Merkezi Aziýanyň şäherleriniň howalarynyň esasy hapalaýjylary bolup durýarlar. Meselem, Bişkekde 420 müň awtoulag hasaba alnan, emma şäher welin maksimum 50 müň awtoulag üçin niýetlenen. Taşkentde 450 müň, Almatyda hem 472 müň awtoulag bar.

Hususy sektor hem howany hapalaýar. Haçanda ýaşaýjylar tüsseçykarlaryna süzgüç (filter) goýman, jaýlaryny kömür bilen ýyladanlarynda, atmosferadaky howa aýlanyşygynyň gyşda peselýändigi sebäpli zyýanly bölejikler toplanyp, ýokarda goýy tüsse emele gelýär.

Duşenbe şäherinde bolsa, ilata esasy howp salýan zat tozanly tupanlar bolup durýar. Täjigistanda tozanly tupanlaryň ýygylygy soňky 30 ýylyň içinde 10 esse artdy. Munuň esasy sebäbi çölleşme bilen baglanyşdyrylýar. Irki 1990-njy ýyllarda adamlar ýurduň tokaýlyklarynyň 70 göterimini ýok edýärler. Öň howany tozandan arassalap oturan agaçlaryň azalmagy bolsa, ýaşaýyş ýerleriniň has tozanlaşmagyna getirýär.

Binalary ýylylyk bilen üpjün edýän ýylylyk elektrik stansiýalaryndan çykýan taşlandylar hem howanyň hiline täsir edýär. Emma Bişkegiň häkimiýeti şäheriň merkezi ýyladyş desgasynda güýçli süzgüçleriň goýlandygyny aýdýarlar.

Hapa howadan nädip goranmaly?

Siz AirVisual programmasynyň kömegi bilen howanyň hilini barlap bilersiňiz. Gazagystanyň birnäçe şäherleriniň we Bişkegiň howa maglumatlaryny bolsa AirKaz saýtynda görmek mümkin.

Haçanda howanyň hapalygy normadan geçse:

↪ Bolýan binaňyzyň ähli penjirelerini berk ýapyň.

↪ HEPA süzgüçli howa arassalaýjylary ulanyň. Howany kiçijek bölejiklerden diňe şolar arassalap bilýär.

↪ Daşarda goraglylyk derejesi N95 we ondan ýokary bolan ýörite respiratorlary dakynyň. Lukmançylyk maskalary PM2.5 bölejiklerini süzüp bilmeýär.

Şu maslahatlara eýerseňiz, zyýanly bölejikleriň saglygyňyza ýetirjek täsirleri azalar.

Suratyň awtory: Игорь Ефимов
Cabar.asia saýtyndan alynan

  • 878 gezek okalan