METAN ADAM SAGLYGYNA NÄHİLİ TÄSİR EDÝÄR? - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

METAN ADAM SAGLYGYNA NÄHİLİ TÄSİR EDÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

metan adam saglygyna tasiri2023-nji ýylyň awgustynda Global klimat we saglyk birleşigi (GCHA) tarapyndan "Metanyň täsirini azaltmak: Global saglyk strategiýasy" atly hasabat çap edildi. Hasabatda metanyň adam saglygyna ýetirýän täsirlerine giňişleýin garalyp geçilýär.

Kuwwatly parnik gazy bolan metan bütindünýä maýylganlygyny çaltlaşdyrýar we ýere ýakyn ozonyň emele gelmegine goşant goşmak arkaly howanyň hem hilini ýaramazlaşdyrýar. Metanyň ýany bilen howa zyňylýan hapalaýjylar bolsa, adamlara zerur bolan howany, suwy we topragy haraplaýarlar.

Häzirki wagtda atmosferadaky metanyň ýarysyna adam işjeňligi sebäp bolýar, beýleki ýarysyny hem dürli görnüşli batgalyklar bölüp çykarýarlar. Adamlaryň döredýän (antropogen) metanynyň 95%-e golaýy energiýa, oba-hojalygy we zibil pudaklaryndan bölünip çykýar. 

Metan we klimatyň üýtgemegi

Senagat rewolýusiýasyndan bäri dünýäniň temperaturasynyň ýokarlanmagynyň 45 göterimine metan gazy sebäpkär. Bir asyryň dowamynda atmosferada bir tonna metan bir tonna kömürturşy gazyndan 25 esse köp gyzgynlyk saklap bilýär.

Klimatyň üýtgemegi saglyga birnäçe gönüden-göni we gytaklaýyn täsirlerini ýetirýär:

↪ Aşa gyzgynlyk ýürek-damar, beýni-damar we dem alyş ýollarynyň kesellerini, şeýle-de süýji keseli bilen baglanyşykly ýagdaýlary beterleşdirip bilýär.

↪ Yssy we çygly howa şertleri denge gyzzyrmasy we malariýa ýaly, ýokanç keselleriň ýaýramasyny artdyryp bilýär.

↪ Arassa agyz suwunyň gyt ýurtlarynda gurak howa şertleri arassa suw çeşmelerini guradyp, suwda emele gelýän keselleriň döreme howpuny artdyryp bilýär.

↪ Bedeniň aşa gyzgynlykdan ejir çekmegi akyl saglygyna oňaýsyz täsir edip, fiziki işjeňligi azaldyp we iş ýerinde has köp saglyk meseleleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.

Metan we howanyň hili

Metanyň howa zyňylmagy howa hapalaýjy ýere ýakyn ozonyň we parnik gazlarynyň emele gelmegine goşant goşýar:

↪ Ýere ýakyn ozon dem alyş ýollaryna zyýan ýetirip, demgysmalary gozgap we öýken kesellerini beterleşdirip bilýär. Ýere ýakyn ozonly ýerlerde uzak wagtlap ýaşamak bolsa, dem alyş ýollarynyň, ýürek-damar we rak keselleri sebäpli ir ölmeklige eltip bilýär.

↪ Metan zyňyndylary adatça ýany bilen beýleki saglyga zyýanly howa hapalaýjylary hem göterýärler. Meselem, energiýa pudagynda tebigy gaz ýakylyp ýa-da ýakylman howa goýberilende, metan bilen birlikde durnuksyz organiki birleşmeler hem bölünip çykýar. Bu birleşmeler rak keseline, nerw ulgamynyň näsazlyklaryna we çagalarda dogabitdi kemçiliklere sebäp bolup bilýär. 

↪ Öýlerde ulanylýan gaz plitalaryndan metan gazy, şol sanda demgysmany we dem alyş ýollarynyň kesellerini gozgaýan azot oksidi we rak döredip bilýän benzol syzyp bilýär.

↪ Oba-hojalygynda ýeri arassalamak üçin agaçlar we ekinler ýakylanda metan gazy bilen birlikde gara uglerod, maýdajyk bölejikler we durnuksyz organiki birleşmeler howa zyňylýar. Bu bolsa dem alyş ýollarynyň kesellerini beterleşdirip we çagalaryň öýkenine zyýan berip bilýär.

↪ Zibilhanalarda organiki galyndylaryň çüýremeginden döreýän metan sebäpli tutaşýan ýangynlar töwerekdäki ilatyň saglygyna we howpsuzlygyna zyýanly gara uglerod we uglerodyň monoksidini bölüp çykarýar.

Metanyň adam saglygyna beýleki täsirleri

Metanyň ýokary konsentrasiýalary ýangyn howply bolup, gazylyp alynýan ýangyç pudagynda adamlaryň şikeslenmegine we wepat bolmagyna eltýär. Tebigy gaz turbalaryndan syzylýan metan ölüm howply ýangynlara we partlamalara sebäp boldy.

Zir-zibilleriň we galyndy suwlaryň ýerliksiz dolandyrylmagy hem betbagtçylykly netijeleri berip bilýär. Meselem, zibiller yzygidersiz ýygnalanda organiki galyndylar üýşýär we tiz wagtda çüýräp, metan, ýakymsyz yslar we süzülen suwuklyk bölünip çykýar. Süzülen suwuklyk kesel göteriji mör-möjekleri özüne çekýär, şeýle-de ýerasty we ýerüsti suwlaryň içine akyp, ol suwlary ulanýan ilatyň saglygyna howp salyp bilýär.

Abat kanalizasiýa ulgamlary kemçilik edýän ýa-da suw geçirijileri dürs işlemeýän hojalykly ýerlerde açyk çukurda dikilen hajathanalar metanyň emele gelmegine getirip, infeksiýalaryň, keselleriň we patogen geçmeleriniň köpelmegine sebäp bolýar.

Metan zyňyndylaryny tiz wagtda we uly möçberde azaltmak bütindünýä maýylganlygyny çäklendirmekde esasy çäreleriň biridir.

Çeşme

  • 245 gezek okalan