TÜRKMENISTAN DÜNÝÄDE IŇ KÖP METAN ZYŇYNDYLARYNA JOGAPKÄR HASAPLANÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tm metan jogapkar2022-nji ýylda Türkmenistanyň iki sany uly nebit-gaz ýataklaryndan çykan metan zyňyndylarynyň sebäp bolan bütindünýä maýylganlygy tutuş Birleşen Patyşalygyň kömürturşy gaz (CO2) zyňyndylarynyň döreden maýylganlygyndan hem geçdi. Bu iki türkmen gaz ýataklaryndan howa zyňylan CO2 möçberi 366 tonna ýetdi. 

2007-nji ýyldan bäri, bütin dünýäde metan zyňyndylary barha artyp gelýär – munuň bolsa maýylganlygyň derejesini 1.5 gradusdan aşakda saklamagy kynlaşdyrjakdygyny alymlar aýdýarlar.

Emeli hemralaryň ýygnaýan maglumatlaryny ulanyp geçirilen barlaglarda, Türkmenistan dünýäde iň köp metan gazynyň zyňyndylaryny howa goýberýän ýurt bolup çykdy. 2019-njy ýylyň başyndan bäri, emeli hemralar 840 sany sagatda birnäçe tonna mukdara ýetýän syzma hadysalaryny hasaba aldylar. Ylmy barlagçylar ýurduň metan zyňyndylarynyň köpelmegini soňky wagtlarda metanyň gaz görnüşinde howa syzdyrylmagynyň artmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Öňler Türkmenistan metan gazyny ýakmak arkaly atmosfera kömürturşy gazyny goýberýärdi, emma bu göze çalt ilýär we nämäniň bolup geçýänini aňsat anyklap bolýar. Haçanda gaz şol durşuna howa syzdyrylanda welin, ol göze görünmeýär we anyklamasy kyn bolýar. Diňe soňky ýyllarda emeli hemra tehnologiýalarynyň ösmegi bilen, göze görünmeýän metan syzmalaryny anyklamak aňsatlaşdy. 

Metanyň 20 ýylyň dowamynda howada ýygnaýan gyzgynlygy kömürturşy gazynyňkydan 80 esse köpdür – bu metanyň howa syzdyrylmasynyň klimat üçin onuň ýakylmagyndan has zyýanlydygyny aňladýar.

Gaz syzdyrýan desgalaryň köpüsi döwlet eýeçiligindäki Türkmennebit döwlet konsernine degişli bolup, çykýan ýeri anyklanylmadyk metan syzmalarynyň hem Hazar deňzindäki nebit-gaz desgalaryndan çykýandygy aýdylýar. Emma, emeli hemralaryň suw üstündäki metan syzmalaryny anyklamak ukyby heniz onçakly kämilleşmedik. 

Türkmenistan Hytaýyň ikinji iň uly gaz üpjün edijisi bolup durýar we gelejekde Hytaýa eksport edýän gazynyň möçberini iki esse köpeltmegi meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, ýurduň 21-nji asyryň dowamynda ýiti gurakçylyk we zerur ekinleriň hasylynyň azalmagy ýaly, maýylganlygyň betbagtçylykly täsirlerinden ejir çekmegine garaşylýar.

Ekspertleriň bellemegine görä, nebit-gaz ýataklarynyň gaz syzdyrýan ýerlerini oňarmak metan zyňyndylaryny azaltmakda iň dessin we amatly çykalga bolup biler. Türkmenistanda infrastrukturanyň ideginiň pesdigine garamazdan, bu syzmalaryň öňüni alyp boljakdygyna we hatda syzman saklanjak gazyň getirjek girdejisiniň bejergileriň bahasyna ýetjekdigine ekspertler ynanýarlar. 

Beýleki çeşmeler bolsa, Sowet döwründen galan, köne enjamlary we tejribeleri täzelese, Türkmenistanyň dünýäde "iň uly metan gazyny azaldyjy ýurda" öwrülip biljekdigini belleýärler. Emma welin, gazyň boldugy sebäpli syzmalary azaltmak üçin baş galdyrylmaýar. 

Çeşme

  • 330 gezek okalan