ILKINJI GIJE: ILKINJI JYNSY GATNAŞYGA JÜBÜTLER NÄDIP TAÝÝARLANMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.92 (13 Ses)

ilkinji jynsy gatnasygyBiziň döwrümizde jemgyýetçilik, maşgala gatnaşyklaryna we ahlak häsiýetlerine bolan garaýyşlaryň özgermegi netijesinde jynsy gatnaşyklara bolan garaýyşlar hem özgerdi. Ozallar ilkinji jynsy gatnaşyklar maşgalanyň başlangyjyny goýýan pynhan gatnaşyklaryň gözbaşy hökmünde görlen bolsa, indi jynsy gatnaşygyň manysy, ähmiýeti we wagty jübütden jübüte üýtgäp bilýär. Şol bir wagtda, gyzlyk perdesine bolan garaýyş hem üýtgedi. Ýaşlaryň ençemesi oňa arassalygyň, ahlak päkliginiň, ýaşlygyň nyşany hökmünde garasa, käbir oglan-gyzlar üçin ol hiç bir çuň manyny aňlatmaýar.

Ilkinji jynsy gatnaşyklar Saglyk.org websaýtynda iň köp soralýan we okalýan temalardan bolup, biz muňa degişli ençeme makaladyr materiallary döretdik. Bu gezek bolsa, degişli maglumatlarymyzyň köpüsini bir ýere üýşürmegi we soňky ylmy maglumatlar bilen hem olaryň üstüni ýetirmegi makul bildik. Ýaşlara jynsy gatnaşyklara başlamazdan öňürti bu maglumatlary bilmegiň zerurdygyny ekspertler, lukmanlar we psihologlar nygtaýarlar.

Jynsy gatnaşyklara başlamak biri-birini halaýan ýaşlar üçin örän jogapkärli we olaryň soňky durmuşyny üýtgedip biljek hadysadyr. Şonuň üçin, oňa girişmezden öňürti doly taýýardyklaryny bilmek üçin jübütler öz-özlerine we birek-birege aşaky soraglary berip bilerler:

↪ Jynsy gatnaşygyň biziň üçin nähili manysy bar? Biziň jynsy gatnaşyk geçirmek bilen esasy maksadymyz näme?

↪ Biz razyçylyga gowy düşünýärismi?

↪ Jynsy gatnaşyklar arkaly dörejek islenilmedik, meýilleşdirilmedik göwrelilikden nähili goranyp bolar? Biz göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri barada nämeleri bilýäris?

↪ Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller we olardan nädip goranmalydygy barada bilimimiz barmy?

↪ Ikimizde-de jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň ýokdugy barada gürrüňdeş boldukmy?

↪ Öň jynsy gatnaşykda bolup gördükmi ýa bu ilkinji gezegimizmi?

Jynsy gatnaşykda boljak ýoldaşyň bilen bu barada öňünden näçe açyk gürrüň etseň, gatnaşyk ikiňiz üçin hem şonça-da rahat we lezzetli geçer. Öňünden gürrüň etmek bir-biregiň isleglerini, halaýan we halamaýan zatlaryny öwrenmäge hem mümkinçilik berýär.

ILKINJI JYNSY GATNAŞYGYŇ AGYRYSYZ GEÇMEGINE KÖMEK EDIP BILJEK ÝÖNEKEÝ DÜZGÜNLER:

↪ Ilkinji gijäniň öň ýanynda alkogolly içgileri, neşe serişdelerini kabul etmekden saklanyň. Serhoşluk ýagdaýy aňyň we hereketleriň dürslügini peseldýär. Şeýle-de, serhoş kişi razyçylyk hem berip bilmeýär.

↪ Yşaratlara üns beriň. Yşaratlary diňlemek arkaly jynsy gatnaşygyň iki tarapyň hem şertlerine laýyk gelýändigine we ondan ikiňiziň hem lezzet alýandygyňyza güwä geçersiňiz.

"Hawa" manyly yşarat berýän adam:

↪ "hawa" diýýär,

↪ keýpi kök görünýär,

↪ jynsy gyjynmanyň seslerini edýär,

↪ bedenini saňa ýakynlaşdyrýar,

↪ seni sypalaýar, öpýär

↪ saňa eşiklerini çykarmaga kömek edýär,

↪ rahat görünýär,

↪ seni gujaklaýar ýa-da

↪ kikirdeýär, gülýär, ýa-da ýylgyrýar.

"Ýok" manyly yşarat berýän adam:

↪ "ýok" diýýär,

↪ ynjan ýaly görünýär,

↪ ýagdaýa erk ederden aşa içgili ýa-da humarlanan,

↪ hiç hili ses çykarmaýar,

↪ gollaryny ýa-da ellerini seniň bilen aralykda goýýar,

↪ ynamsyz ýa-da gorkuly görünýär,

↪ seniň posaňa posa bilen jogap bermeýär,

↪ ýygryljyraýar,

↪ hereketsiz ýatýar ýa-da

↪ hiç hili "hawa" yşaratyny bermeýär – bu megerem iň ýaýgyn "ýok" yşaraty bolsa gerek.

Sözsüz aragatnaşyk käte aňlamasy kyn bolup, düşünişmezliklere eltip bilýär. Şonuň üçin, iň gowusy soramakdyr: "Bu saňa ýaraýarmy?" "Näme etmegimi isleýärsiň?" "Pylan zady etsem halarmyň?" "Haýallalymy?" "Boldy edelimi?"

Ilkinji jynsy gatnaşykdan soň jübütleriň biri-birine mähremliligi, hormaty, ünslüligi geljekki gatnaşyklaryň mizemezliginiň düýbüni tutmaga uly kömek edip biler. Ilkinji gijeden soň birek-birege ýoldaşyňyzyň size beren ünsi üçin minnetdarlygyňyzy bildiriň. Siz jynsy gatnaşyklar arkaly biri-biriňize lezzet, söýgi bermegi hemişe öwrenip, bu gatnaşyklara täzelikleri hem girizip bilersiňiz.

Ilkinji jynsy gatnaşygyň rahat we lezzetli geçmesi jübütleriň gelejekde bir-birine we ýakyn gatnaşyklara çemeleşmesine uly täsir ýetirip bilýär. Şonuň üçin, siz biri-biriňizi öwrenip, gatnaşyklaryň üstünde işläp, näzik sesli saz guraly kimin biri-biriňizi "çalmagy" başarmalysyňyz.

ILKINJI GIJE BARADA GYZLAR NÄME BILMELI?

Türkmen jemgyýetinde ilkinji gijäniň jübütler üçin ýaramly we üstünlikli geçmegi üçin hemişe oglanyň orny saldamly hasaplansa hem, gyzyň hem bu gije barada bilimliligi wajypdyr.

Her gyzyň öz özboluşly ilkinji gijesiniň bolýandygyny ýatda saklaň

Dogrudan hem, siziň başgalaryňka (joraňyz, aýal doganyňyz, garyndaş gyzyňyz we baş) meňzemeýän ilkinji gijäňiz bolar. Belki siz ony ýoldaşyňyz bilen gyzykly söhbetdeşlikden başlarsyňyz ýa-da bile naharlanyp, rahatlandyryjy, owadan owaz diňlärsiňiz. Belki, ýoldaşyňyzyň bedeniňize paýlaýan mähirli posalary, ýakymly sypalamalary siziň kalbyňyzy lerzana getirer. Şeýdip siz ýanaşmadan dörän oňaýsyzlygy hem duýup ýetişmersiňiz. Joraňyzyň ilkinji gijesinde bolan oňaýsyz ýagdaý hökman sizde gaýtalanmaýar.

Islegleriňizi beýan etmekden çekinmäň

Hatda öň jynsy gatnaşykda bolup görmedik bolsaňyz hem, özüňize ýaramaýan zatlary we hereketleri ýoldaşyňyz bilen aç-açan paýlaşyň. Ýakymsyzlyklara çydajak bolmaga derek, hakyky duýgularyňyzy bildiriň. Ýoldaşyňyza nämeleri etmegini isleýändigiňizi aýdyň we onuň halaýan hereketleri barada hem soraň.

Ýoldaşyňyza ruhy goldaw beriň

Eger ýoldaşyňyz gyssanyp, çalt we gödegräk hereket edýän bolsa, gyssanmazlygy haýyş edip bilersiňiz. Gödek hereketleriň, jynshana gödek we agyryly girmegiň soňundan aýalda jynsy gatnaşyga bolan gorkyny (meselem, waginizm) ýa-da ýigrenji (jynsy sowuklyk) döredip biljegini ýatda saklamalydyr.

Birbada hemme eşikleri çykarmak siz üçin oňaýsyz bolsa, içki eşigiňizi düşekde, ýorganyň aşagynda ýoldaşyňyz emaý bilen çykarsyn. Bu sizi artykmaç utanmadan gorar we jynsy gatnaşyga itergi berer. Bedeniňizi gowşadyp, ýoldaşyňyzyň posalaryna, sypalamalaryna jogap berseňiz, siz oňa ynamlylyk, goldaw berersiňiz. Ilkinji jynsy gatnaşygy şowly geçirmegiň oglany hem (ylaýta-da, ol öň tejribesiz bolsa) aladalandyrýandygyna ynanaýyň.

Jynsy gatnaşyklary başlamazdan ýa-da başlanyňyzdan soň, ginekolog lukmanyň maslahatyny almagy unutmaň. Ol sizi gyzyklandyrýan soraglar boýunça dogry maglumat almaga kömek edip biler.

ILKINJI GIJE BARADA ÝIGITLER NÄME BILMELI?

Ilkinji gijäniň şowly geçmesi üçin oňa jogapkär çemeleşmek we taýynlanmak möhümdir.

Özüňizi rahat alyp baryň

Ilkinji jynsy gatnaşykdan öň gaýgylanmak, tolgunmak ýa-da aljyramak tebigy duýgulardyr. Ýoldaşyňyzyň hem şeýle duýgulary başdan geçirýän bolmagyny unutmaň. Hatda bu duýgularyňyz barada ýoldaşyňyz bilen aç-açan gürrüň etmek hem rahatlanmaga kömek edip biler. Şeýle-de, ähli zadyň gowy bolup geçjekdigine we mundan üstünlikli baş alyp çykjakdygyňyza ynanyň. Esasy ünsüňizi ýoldaşyňyz bilen lezzetli wagt geçirmäge jemläň.

Ünsli we mylaýym boluň

Ýoldaşyňyz bilen jynsy gatnaşyga başlamazdan öň ony posalar, mylaýym sypalamalar, gyjyndyrmalar arkaly taýynlaň. Şonuň ýaly hereketler ony oýandyryp, agyrysyzlandyryjy serişde ýaly täsir eder. Oýandyrma üçin onuň bedeniniň "erogen" nokatlaryny (gyjynmany döredýän ýerler) tapmaga çalşyň. Gyzlyk perdäniň ýyrtylmasynda oňaýsyzlygy azaltmak üçin mähir-muhabbet bilen sypalama wagtynda, barmagyňyz bilen gyzlyk perdesini ýazyp bilersiňiz. Gyzlyk perdesini gyzyň jynshanasy çygjarandan soň, ynamly emma gödek däl hereket bilen girip hem ýazyp bilersiňiz. Haýsy usuly saýlap alsaňyz hem, bu barada gyzyň özi bilen maslahatlaşmany we her ädimde onuň yşaratlaryna üns bermäni, onuň bilen aragatnaşykda bolmany unutmaň.

Ýüze çykyp biljek meselelerden habarly boluň

Ylaýta-da, siz ilkinji gezek jynsy gatnaşyga girişýän bolsaňyz, jynsy agzalarda agyrylar döräp biler. Meselem, ujydyňyzyň ujy awap, aşa gyjynyp ýa-da ýoldaşyňyzyň jynshanasynda oňaýsyzlyk döredip biler. Şeýle-de, tolgunma ýa-da aljyrama sebäpli, ereksiýa bilen bagly meseleler ýa-da ir döreýän eýakulýasiýa ýüze çykyp biler. Eger şeýle ýagdaýlar ýüze çyksa, bu barada kän gaýgy etmejek boluň. Ilkinji jynsy gatnaşykda şular ýaly wagtlaýyn meseleleriň döremesi örän ýygy duş gelýär. Wagtyň geçmegi bilen hemme zadyň gowulaşyp gitjekdigine ynanyň. Eger jynsy agzalar bilen bagly meseleler dowam etse, onda lukmana görünmelisiňiz.

ILKINJI JYNSY GATNAŞYK WE GYZLYK PERDESI: NÄMELERI BILMELI?

Gyzlyk perdesi bir ýa-da iki, käwagt ondan hem köp ýerinden ýyrtylyp biler. Köplenç perdäniň aşaky bölegi ýyrtylýar. Ýyrtylmada ýüze çykýan gan akma häsiýeti hem perdäniň gurluşyna, gyzyň ýaşyna, ýyrtylmanyň düşen ýerine bagly bolýar. Köp ýigitlerde gyzlyk perde ýyrtylanda gan köp mukdarda akmaly diýen nädogry düşünje bardyr. Süýnmäge ukyply, ýuka perde ýyrtylanda ganyň we agyrynyň güýçli bolmazlygy mümkindir. Käbir gyzlarda dogabitdi gyzlyk perdesiniň bolmazlygy ýa-da perdäniň öň atanlykda ýyrtylmagy sebäpli agyrynyň we gan akmanyň döremezligi hem mümkindir. Tersine, etlek we galyň perdäniň ýyrtylmagy gan akmalara (hatda 3-5 günden soň hem) we agyrylara getirip biler.