Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAÝ WE RAZYÇYLYK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (8 Ses)

cay we razycylyk

Türkmenleriň çaýy gowy görşi ýaly gowy görýän başga millet barmyka?! Nirede bolsagam, "çaý" diýilse, keçedir, käse-çäýnek, çaýyň ýüzündäki köpürjikleri maňlaýymyza sylyşymyz göz öňümizden geçip gidýändir. Galyberse-de, diňe bizde myhmanyň geljek-gelmejegini çaýyň şemme çöpüniň üsti bilen bilip bilýärler. Çöp çaýda dik dursa – geljegi, keseligine ýatsa bolsa – gelmejegi.

Iňlislerem çaýy gowy görýän halk. Olar, çaýa seredip myhmanyň geljegini-gelmejegini aýdyp bilmeselerem, çaý bilen razyçylygy düşündirmegi başarypdyrlar.

Haçanda siz jynsy gatnaşykda "razyçylyga" düşünmekde kynçylyk çekseňiz, şu ugur-tapyjylykly döredilen animasiýany ýadyňyza düşürip bilersiňiz. Başga biriniň çaý içesiniň gelýänine ýa gelmeýänine düşünip bilýän bolsaňyz, onda jynsy gatnaşyklarda-da siz razyçylygyň berlenine ýa berilmedigine düşünip bilersiňiz.

cay we razycylyk video

Umuman alanyňda, bu animasiýanyň manysy aýal maşgalanyň, erkek adamyň "hawasyny" hawa diýip almaly, ýogyny bolsa "ýok". Çürt kesik! Gatnaşykdaky iki tarap hem razyçylygyny berýänini ýa-da garşylygyny anyk beýan etmeli we duýdurmaly. Gatnaşyklar diňe iki tarapyňam razyçylygynda alnyp barylmalydyr.

Jynsy gatnaşyk razyçylyksyz başlanylsa we alnyp barylsa, bu zulumlyk we zorlamak bolýar. Şeýle hereketler kanuna garşy we adam hukuklaryny bozmak hasaplanmak bilen bir hatarda adama ömürlik fiziki we ruhy zeper ýetirýär.

Şeýlelik bilenem, sizem özüňize bir käse çaý demläp bu mesele barada gowja pikirleniň, söhbetdeşlige goşulyň! #razyçylykbet, #sagdynsöýgi

Animasiýany türkmen diline geçiren: Kemal K.

Animasiýany montaž eden: Ruslan Pelih

Original wideo

  • 3088 gezek okalan