Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

MEN JYNSY GATNAŞYKLARA TAÝYNDYGYMY NÄHILI BILERIN?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (10 Ses)

29 jynsy gat tayynlykHalaýan gyzyňy (oglanyňy) ýakyndan tananyňdan we siziň gatnaşyklaryňyz has ýaýbaňlanandan soň, sende has içgin gatnaşyklary-jynsy gatnaşyklary geçirmek islegi döräp biler.

Mundan öň belläp geçişim ýaly, jynsy gatnaşyklary başlamak biri-birini halaýan ýaşlar üçin örän jogapkärli we olaryň soňky durmuşyny üýtgedip biljek hadysadyr. Bu gatnaşyklara taýyndygyňy sen birnäçe çylşyrymly alamatlaryň, özüňde döreýän özgerişler arkaly duýup bilersiň:

◉ Sen öz bedeniň taýynlygyny duýarsyň-seniň bedeniň halaýan adamynyň her galtaşmasyna tolgunma bilen jogap berer we sen her gezekden onuň bilen has ýakynlaşasyň geler.

◉ Sende halaýan adamyň bilen emosional (ruhy) ysnyşma döräp başlaýar we sen öz içki pikirleriňi, meýilleriňi, arzuwlaryňy onuň bilen paýlaşarsyň. Sen çyn ýüregiňden oňa bolan duýgularyňy beýan edersiň. Emosional ysnyşma has hem gyzlarda güýçli ýüze çykýandyr.

◉ Sende ony has ýakyn tanaýandygyňa ynamlylyk döreýär.Şonuň üçin hem sen onuň bilen ýakyndan gatnaşyk etseň hem ynjamajagyňa gözüňi ýetirýärsiň.

◉ Sende bu ýakynlyga isleg başga bir adamlaryň basyşy ýa-da täsiri arkaly (gören kinofilmiňdäki söýgüli gahrymanyň, klasdaşyň, tötänden gizlinlikde synlan pornofilmiň, halaýan adamyň igenji we ş.m.) döremän, öz hakyky ymtylmaň, içki çözgüdiň bilen döreýär.

Pikir et! Jynsy gatnaşyklara taýynlygyňy görkezýan alamatlaryň döremegi, ony tizden-tiz başlamalydygyňy aňlatmaýar. Olary başlamazdan öň her bir gyz we oglan wajyp soraglara özüçe jogap bermelidir:

▣ Men jynsy gatnaşygy geçirjek halaýan gyzym bilen maşgala gurup, bütin durmuşymy oňa bagyş etmäge taýynmy? Eger durmuşda ýollar aýra düşse, men onuň soňky maşgala durmuşyna zyýan etmerinmi?

▣ Ilkinji jynsy gatnaşykda gyz, biziň jemgyýetimizde gyz päkliginiň nyşany hasaplanýan gyzlyk perdeden mahrum bolýar. Meniň halap, jynsy gatnaşyklary başlajak ýigidim şuňa düşünermikä we meniň bu hereketlerimi bahalandyrarmyka? Eger durmuşda ýollar aýra düşse, meniň soňky duşan ýigidim şuňa nähili düşüner we meniň maşgala durmuşym nähili bolar?

▣ Jynsy gatnaşyklar arkaly dörejek islenilmedik, meýilleşdirilmedik göwrelilikden nähili goranyp bolar? Men, halaýan taýym bilen göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri barada nämeleri bilýäris?

▣ Jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keseller barada nämeleri bilmeli? Eger oglan öň başga biri bilen jynsy gatnaşyk geçiren bolsa, onda keseliň alamatlary birden ýüze çykman biler.Aslynda adamyň daşyndan jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän kesel bilen keselländigini birden seredip bilip bolmaýar. Bu ýokançlyklar barada ýaş adam habardar bolmalydyr.

  • 3891 gezek okalan