• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi
  • MEN ÝOLDAŞYMYŇ JYNSY ÝOKANÇLYKLARA BARLAGDAN GEÇIP-GEÇMÄNDIGINI NÄDIP SORAP BILERIN?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

MEN ÝOLDAŞYMYŇ JYNSY ÝOKANÇLYKLARA BARLAGDAN GEÇIP-GEÇMÄNDIGINI NÄDIP SORAP BILERIN?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

jynsy terbiye 6Ýoldaşyň bilen gatnaşyklaryňyzyň pugta we ynamly bolmagy hem-de jynsy gatnaşyklaryň saglyk üçin howpsuzlygyny berjaý etmek üçin jynsy ýokançlyklara barlanma meselesini çözmek wajypdyr.

Bu soragy biri-biriňe bermekde utançlyk bolmaly däldir. "Sen maňa ynanaňokmy?", "Sen meni utandyrjak bolýarmyň?" diýen soraglar aslynda hiç bir meseläni çözmeýär. Eger siziň özara duýgularyňyz çynlakaý, gatnaşyklaryňyz berk bolsa we siz pikirlenmelerden soň jynsy gatnaşyklary başlamagy meýilleşdiren bolsaňyz, biri-biriňiziň saglygyňyz barada hem aladalanarsyňyz. Bu soraga garaýşyňyz siziň biri-biriňize bolan duýgularyňyza synag bolup biler.

Eger siz ýoldaşyňyzdan jynsy ýokançlyklara barlagy geçip-geçmändigi barada gönüden-göni soramagy çekinseňiz onda:

↪ Siziň ýakynlaryňyzyň, tanaýan jübütleriňiziň lukmana barlanmana barandyklaryny;

↪ Siziň barlagy geçmegiň zerurlygy barada telewizordan, ýörite žurnallardan, Internet ulgamyndan bilendigiňizi aýdyp, onuň pikirini biliň.

↪ Barlagdan geçmeleriň zerurlygy barada okan makalaňyzy ýoldaşyňyza beriň we ondaky maglumatlary bile ara alyp maslahatlaşmaga çalşyň. Ýoldaşyňyza näme maglumat görkezseňiz hem, bu barada pikirlenip ýörendigiňizi bildirmän, duýdansyz, gepiň gerdişine aýdan ýaly boluň. Soňundan bolsa: "Belki, bizem barlanyp göreris?" diýip, esasy soraga geçip bilersiňiz.

Ýoldaşyňyza saglygy barada aladalanmanyň dogrudygyny aýdyp, barlaga bile gitmäge çagyryň. Ýoldaşyňyz siz tarapdan basyşy we mejbur etmäni, zorlugy duýmaly däldir. Barlaga bile gitmek, siziň duşuşmaňyzyň bir görnüşi bolup, ýoldaşyňyza ol barada edýän aladaňyzy bildirmäge kömek eder.

Eger siziň ýoldaşyňyz üçin öz we siziň saglygyňyz, gatnaşyklaryňyz möhüm bolsa, ol siziň barlagdan geçmek baradaky soragyňyza dogry düşüner. Elbetde, siz zorluk bilen barlagdan geçmegi mejbur edip bilmersiňiz, ýöne öz ýoldaşyňyzyň bu soraga garaýşyny anyklap, wagtynda saglygyňyza howp salyp biljek gatnaşykdan ýüz öwrüp bilersiňiz.

Ýatda saklaň! Egerde jübütleriň birinde ýokançlyk bar bolsa, gaýtadan ýokuşmaklygyň öňüni almak üçin, olaryň ikisiniň hem barlagdan geçip, bejergi almagy möhümdir.

  • 858 gezek okalan