previous arrow
next arrow
Slider

BILIM bilen biliňe täzeçe çemeleş!

Indi biliň aladasyny etmek hasam ýeňilleşdi!

BILIM priloženiýesiniň täzelenen görnüşini ýükläp al we aýbaşyň, saglygyň, hukuklaryň barada gözýetimiňi giňelt!

Bilim 1 5 1

Priloženiýäni indi hasaply hem ulanyp bolýar. Hasap açmak saňa ähli maglumatlaryňy tä hasabyňy pozýançaň gorap saklamaga mümkinçilik berýär. BILIM-de seniň maglumatlaryň gizlinligi dolulygyna goralyp, şahsyýeti tanatjak maglumatlar soralmaýar we ýygnalmaýar.

Bilim 1 5 2

Priloženiýäniň esasy ekranynda ähli maglumatlaryňy bir bakyşda synlap, derňäp we üýtgedip bilersiň.

Günlük soragnama jogap bermek arkaly saglyk ýagdaýyňa has ýakyndan gözegçilik edip bilersiň.

SAGLYGYM we HUKUKLARYM bölümlerine yzygiderli goşulyp durýan makalalardan köp soraglaryňa jogap tap.

Bilim 1 5 3

Goşmaça soraglaryňdyr haýyşlaryň ýüze çyksa, HABARLAŞMAK funksiýasynyň üsti bilen biziň bilen arkaýyn habarlaşyp bilersiň.

Priloženiýäni haladyňmy?

↪ Onda ony PAÝLAŞ düwmesiniň kömegi bilen tanyş-bilişleriň bilen hem paýlaş we olaryň bilim gorunyň baýlaşmagyna goşant goş.

↪ PlayStore-da ýa-da sosial mediýada syn ýazmak arkaly priloženiýe baradaky pikirleriňidir tejribeleriňi bize hem-de gyzyklanýanlara ýetir.

MÖHÜM BELLIK:

BILIM priloženiýesiniň esasy maksady ulanyjylaryň saglygy we hukuklary barada gözýetimlerini giňeltmekdir. BILIM-däki materiallar, makakalar, we beýleki maglumatlar diňe bilim maksatly bolup, lukmançylyk maslahatynyň, diagnozynyň ýa-da bejergisiniň ýerini tutup bilmeýär.

BILIŇE BILIMLI ÇEMELEŞ!

Bilim programmasyny aýbaşyňy yzarlamak, bedeniň we hukuklaryň barada bilimiňi artdyrmak üçin ulan.

Programmanyň Android wersiýasy aýbaşy hasapçysyny, aýbaşy halkasy, kontrasepsiýa, suýt mäzleriniň ragy, jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklar, öýdäki zulum, we gender deňligi baradaky maglumatlary hödürleýär. Bilimde gyssagly jaňlar üçin Keýik Okara guramasynyň nomeri bar. Keýik Okara Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde ýerleşýär we öýdäki zulumyň pidalaryna kömek berýär. Türkmenistanda öýdäki zulumyň pidalary üçin döwlet gyzgyn liniýasy ýok.

Bilimiň içindäkiler bilen ýakyndan tanyşyň:

Dil: Bilimiň dili örän sada we mylakatly, şonuň üçin Türkmen dilini bilýän islendik adam muny ulanyp bilýär. Bilimiň düzümini esasan tekstler düzýär. Şonuň üçin programma agyr däl we köne enjamlarda hem işleýär. Şeýle-de, Bilimiň içindäki materiallar Türkmenistandaky ilatyň köpdürlüligini göz öňüne tutup döredilen (medeni taýdan duýgur). Düşündirişli Sözlük bölüminde programmada ulanylýan esasy sözleriň manylary berlen. Ol sözleriň käbiri türkmen dilinde "medeni taýdan tabu" hasaplanylýar we giňden ulanylmaýar. Biz adam saglygyna degişli ähli zady aýdyňlaşdyrmagy we adatylaşdyrmagy maksat edinýäris.

Aýbaşy Halkasy: Programmanyň ekranynyň üçden bir bölegini aýbaşy halkasynyň kalendary tutýar – bu ýerde ulanyjylar ganama, jynshanadan bölünip çykmalar, agyry derejeleri, keýp, uklanylan sagatlar, fiziki işjeňlik, we goragly ýa-da goragsyz jynsy gatnaşyk ýagdaýy baradaky maglumatlaryny girizip bilerler. Girizilýän maglumatlar diňe ulanyjynyň öz enjamynda saklanýar we ulanyjynyň gizlinligi doly goralýar. Köp sanly meşhur aýbaşy programmalaryndan tapawutlylykda, Bilimde ulanyjynyň maglumatlary ylmy gözlegler ýa-da mahabat/biznes maksatlary üçin ýygnalmaýar. Ýygnalýan maglumatlar diňe ulanyja aýbaşysyny yzarlamak we saglyk ýagdaýyndan habarly bolmak üçin hasabat döretmäge ulanylýar.

Hasabatlary ilkinji aýbaşy halkasy tamamlanandan soňra "Statistikam" bölüminde görüp bolýar we olar şol ýerde 6 aýlap saklanýar. Progammanyň "kalendar" ýa-da "günlük soragnama" bölüminde öňki girizilen maglumatlary üýtgedip ýa-da geçen halkalara syn edip bolýar. Kalendaryň gyzyl reňkli bölegi aýbaşy günlerini, ýaşyl reňkli bölegi hem owulýasiýa günlerini aňladýar.

Statistikalar: Bu bölüm ulanyjylara bedenleriniň nähili işleýşine, aýbaşylaryna we aýbaşy halkalarynyň uzaklygyna, jynshanadan bölünip çykmalara, jynsy gatnaşyk ýagdaýlaryna (goragly ýa goragsyz), uky uzaklygyna, we fiziki işjeňliklerine has giňişleýin düşünip bilmekleri üçin niýetlenen. Ýokarda bellenilişi ýaly, bu maglumatlar diňe ulanyjynyň öz enjamynda saklanýar.

Jynsy Saglyk: Bu bölümde 23 sany blog bar. Bu bölüm kontrasepsiýanyň görnüşleri we olaryň gowşak we berk taraplary; jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklar we olaryň aýratynlyklary, alamatlary, barlag we bejergi görnüşleri barada maglumat hödürleýär. Bärde süýt mäzleriniň ragyna degişli maglumat hem bar – munuň üsti bilen ulanyjylar wagtly-wagtynda özlerini barlap bilýärler. Şahsy barlag arkaly, köplenç suýt mäzleriniň ragynyň ilkinji alamatlary hasaplanylýan göwsüň dokumalarynyň ýa-da şekliniň üýtgemesini anyklap bolýar. Şeýle-de, bu bölüm abort, depressiýa, suisid, gyssagly kontrasepsiýa, maşgala meýilleşdirmesi, PMS, seksuallyk, arassaçylyk, we jynsy terbiýe baradaky maglumatlary öz içine alýar.

Zenan Hukuklary: Bu bölümde 11 sany blog bar. Bilimiň bu bölüminde aborta bolan hukuklary, aýallara we çagalara garşy zulum, Aşgabatdaky öýdäki zulumyň pidalaryna kömek edýän guramanyň gyzgyn liniýasy, gender deňligi (bilim, iş, saglyk, aýrylyşmak) baradaky kanunlar, köçelerde we iş ýerlerinde jynsy erjeşme, zyýanly medeni tejribeler (gyzlyk perde testleri), reproduktiw hukuklar, razyçylyk, sekstiňiň howplary, online bulliň, zorlanmanyň pidalaryna ilkinji kömek, we duşuşykdaky zulum hakynda maglumatlar berlen.

Ýatladyjylar: Ulanyjylar programmadan şahsy süýt mäzleriniň barlaglary, kontrasepsiýa, aýabaşy, we aýbaşydan öňürti döreýän kynçylyklar (PMS) barada wagtly-wagtynda duýduryş almak üçin ýatladyjylary açyp bilýärler.

BILIM göwnüňize we saglyňyza ýarar diýip umyt edýäris!

Approach your period with knowledge!

With BILIM, end ignorance about menstruation.

With BILIM, better know your body.

‘BIL’IM (depending on where you put the stress it can mean either "period" or "knowledge" in Turkmen) is the first mobile app with women’s and girls’ health and rights content in Turkmenistan.  BILIŇE BILIMLI ÇEMELEŞ! Approach your period with knowledge!

Use Bilim to track your period, to learn about your body, and more.

The Android version features a menstruation tracker with information about the menstruation cycle, as well as information about contraception methods, breast cancer, sexually transmitted diseases, domestic violence, and gender equality. Bilim is also equipped with an emergency number to call Keyik Okara, an organization which offers help for victims of domestic violence in Ashgabat, Turkmenistan. There is no national hotline for domestic violence victims in Turkmenistan.

Here we provide a deeper look into what Bilim offers:

Language: The language of Bilim is very simple and friendly so that anyone who speaks Turkmen can become a user. The content is text-focused, so that the app remains light enough to be used on older devices. The content is also culturally sensitive to diverse groups of users in Turkmenistan. The Glossary section has definition of keywords used in the app. Some of the words are considered "cultural taboo" in the Turkmen language and not widely used. We aim to demystify and normalize everything concerning human health.

Menstruation cycle: Within the actual app, one third of the screen is dedicated to the menstruation cycle calendar – here, users can input different data including the amount of bleeding, quality of vaginal discharge, pain level, mood, number of sleeping hours, protected or unprotected sexual activity, and physical activity. This data is only stored locally on the user’s device, with maximum respect to the user’s privacy. Unlike most popular menstruation apps, data is not collected to be used in research or for marketing/business development purposes – the only use of this data is to produce reports for users to track their menstruation cycle and to understand what is to be considered normal for their own bodies.

The reports are available as of the end of first cycle for the past 6 months in the app’s "Statistics" section. One can use the calendar or "daily questions" sections to modify already-entered data or to take a look at past cycles; on the calendar, red-dotted days are understood as periods and green dotted days as ovulation.

Statistics: This section is developed to offer users a clear understanding of their bodies’ functionality, specifically period and menstruation cycle lengths and the amount of discharge, as well as their sexual activity (protected or not), length of sleep, and physical activity. As mentioned above, this data is only stored and available locally on user’s device – screenshots are disabled on the app to prevent any form of abuse of personal information.

Sexual health: There are 23 blogs in this section. This section offers information on different contraceptive methods, as well as their strengths and weaknesses; it also offers information about sexually transmitted diseases (STD) with descriptions of characteristics of each STD, their symptoms, and testing and treatments options. There is content that addresses breast cancer; users are provided information to do their own tests to recognize any abnormal tissue or change of shape, usually considered as first signs of the disease. This section also offers information about: abortion, signs of depression, suicide, emergency contraception, family planning, PMS, sexuality, hygiene and sexuality education.

Women’s rights: There are 11 blogs in this section. Bilim offers information about: the right to abortion; violence against women and children; the phone number of a hotline for the victims of domestic violence in Ashgabat; gender equality (education, employment, health, divorce) in national laws; sexual harassment in streets and workplace; information about harmful cultural practices such as virginity tests; information on reproductive rights; consent; dangers of sexting; online bullying; first aid and help for rape victims; and date violence.

Reminder alerts: Users can set reminder alerts within the app for regular breast checks, contraception methods, and periods, as well as Premenstrual Syndrome (PMS).

We hope you benefit from using our app!

Google Play Marketdan Ýüklemek üçin BASYŇ!

Google Play Marketdan Ýüklemek üçin BASYŇ!

BILIM GIZLINLIK DÜZGÜNLERI

Täzelenen senesi: Ýanwar 1, 2020

Siz BILIM mobil programmasyny ulananyňyzda öz şahsy maglumatlaryňyzy bize ynanýarsyňyz. Şol ynamy ödemek biziň borjumyz. Şonuň üçin hem, biz her bir ulanyjynyň maglumatyny we gizlinlik hukuklaryny goramak hem-de sizi öz düzgünlerimizden habarly etmek üçin zerur ädimleri ädýäris.

Biziň Gizlinlik Düzgünlerimiziň esasy maksady nähili maglumat ýygnaýandygymyz, ony nädip ulanýandygymyz we paýlaşýandygymyz, şeýle-de öz maglumatyňyzy nädip dolandyryp bilýändigiňiz barada size aýdyň düşünje bermek.

Esasy bilmeli zatlaryňyz:

Size hyzmat edýän maglumat

BILIMi ulananyňyzda biz siziň Şahsy Maglumatlaryňyzy ýygnamaýarys. Eger muny üýtgetmekçi bolsak, Gizlinlik Düzgünlerimizi täzelemek arkaly bu barada size habar bereris.

Siziň BILIMdäki maglumatlaryňyz goragly

Özüňiz paýlaşmasaňyz, siziň BILIMe girizýän ýa-da BILIMden kabul edýän maglumatlaryňyz barada hiç haçan başga adamlar bilmez.

Biz bilen arkaýyn gürleşip bilersiňiz

Biz gürrüňdeşlikleriň açyk-aýdyň bolmalydygyna ynanýarys. Şonuň üçin hem, eger bu düzgünler barada, biziň maglumatlaryňyzy nädip ýygnaýandygymyz we ulanýandygymyz hakynda, ýa-da biziň gizlinlik tejribelerimize degişli nähili soraglaryňyz bar bolsa biz sizi aybashybilim@gmail.com email adresiniň üsti bilen biz bilen habarlaşmaga çagyrýarys.

Giriş

Bu Gizlinlik Düzgünleri BILIMiň (“biziň”) nädip ulanyjylaryň (“siziň”) BILIM mobil programmasy bilen baglanyşykly Şahsy Maglumatlaryny ýygnaýandygyny, saklaýandygyny, ulanýandygyny düşündirýär.

Biziň bu Gizlinlik Düzgünlerini wagtal-wagtal üýtgetmäge doly hukugymyz bar. Eger biz islendik bir üýtgeşme girizsek, bu barada programmanyň üsti bilen ýa-da Gizlinlik Düzgünleriniň täze görnüşini size hödürlemek we ony kabul etmegiňizi soramak arkaly size habar bereris. Üýtgeşmelere täze proses hereketleri ýa-da goşmaça Şahsy Maglumatyň ýygnalmagy mysal bolup biler.

Gizlinlik Düzgünleriniň täze görnüşiniň işe girizilen senesinden soňra siziň programmany ulanmagy dowam etmegiňiz täzelenen Gizlinlik Düzgünlerini kabul edendigiňizi tassyklar. Biziň maglumat gizlinligi tejribelerimiz barada iň täze maglumatlardan habarly bolmak üçin biz size Programmanyň düzgünler bölümini dowamly barlap durmagy maslahat berýäris. Eger Gizlinlik Düzgünleriniň şertlerini kabul etmeseňiz, biz sizden Programmany ulanmazlygy soraýarys.

Sizden ýygnalýan şahsy maglumatlar

Bilim hiç hili Şahsy Maglumat ýygnamaýar. Eger bu düzgün üýtgese, biz bu düzgünnamany täzelemek arkaly size habar bereris.

Siziň hukuklaryňyz

Siziň öz Şahsy Maglumatlaryňyzy üýtgetmäge, düzetmäge, pozmaga, we täzelemäge doly hukugyňyz bar.

Çagalaryň gizlinligi

Biz çagalaryň gizlinligini gorap saklamaga uly üns berýäris. Bu Programma çagalar üçin niýetlenen däl we bilkastlaýyn çagalaryň maglumatlaryny ýygnamaýar.

Üçünji tarapyň salgylary

Progammada üçünji tarapyň websaýtlarynyň salgylarynyň bolmagy mümkin, emma biz ol üçünji tarapyň websaýtlarynyň ýa-da hyzmatlarynyň gizlinlik düzgünlerine we/ýa-da tejribelerine jogapkärçilik çekmeýäris. Üçünji tarapyň websaýtlaryna ýa-da hyzmatlaryna baglanyşdyrylan salgy görseňiz, şol websaýtyň ýa-da hyzmatyň öz gizlinlik düzgünlerini okamagyňyzy maslahat berýäris.

Biz bilen habarlaşyň

Eger gizlinligiňiz, bu Gizlinlik Düzgünleriniň üpjünçiligi, ýa-da hukuklaryňyz barada soraglaryňyz ýüze çyksa, şu email adresiniň üsti bilen biz bilen habarlaşyp bilersiňiz: aybashybilim@gmail.com