"STALKIŇ" NÄME WE ONDAN NÄDIP GORANMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

Stalkiňstalking (iňlisçe: stalking) – bu biriniň seni dowamly synlamak, irizmek, ýa-da yzarlamak arkaly biynjalyk etmegidir. Irizýän, yzarlaýan adama "stalker" diýlip, aýallaram, erkeklerem stalker bolup bilýärler.

Stalkiň dürli görnüşde bolup biler:

1. Oslanmadyk ýerde peýda bolmagy. Günüň ýa-da hepdäniň dowamynda, ençeme gezek "garaşylmadyk" ýagdaýlarda we ýerlerde ol adamyň saňa duşmagy. Ýa-da, şäheriň beýleki ujunda ýaşaýanlygyna garamazdan, haçan görseň, seniň bilen ýolunyň bir bolmagy. Munuň üçin stalkeriň her hili bolgusyz sebäpler we bahanalar tapmagy mümkin. Meselem, "siziň golaýyňyzda gowy çörek, somsa bişirilýän ýer bar", we ş.m.

2. Telefonda yzarlamagy. Öz islegiňe görä, gyzykly söhbetdeş bilen uzakly gün telefonda ýazyşmak bir zat; emma, bimaza etmezligi soralansoň hem, adamyň ýüregiňe düşüp ýazmagy, jaň etmegi, düýpgöter başga zatdyr. Ol diňe telefon üsti bilen bimaza etse-de, bu eýýäm howatyrlandyryjy ýagdaýdyr.

3. Sen hakda ähli detallary ýatda saklamagy. Biriniň saňa ünsli garamagy we sen hakdaky zatlary ýatda saklamagy ýakymly zat. Emma ilkinji duşuşykda seniň saçyň örülişinden aýakgabyň reňkine çenli, ähli zady ýadynda saklamagy, eýýäm gowulygyň alamaty däl.

4. Sen hakda ähli zatdan habarly. Tanyşlaryňdan ýa işdeşleriňden sen hakda ähli detallary sorap, biljek bolmagy. Telefon nomeriňi çalşan ýagdaýyňda-da, dürli hilegärlikler bilen ony tanyşlaryňdan aljak bolmagy.

5. "Nirede? Kim bilen?" Adamyň seniň niredeligiňi, kim bilendigiňi soramagy, her äden ädimiňi biljek bolmagy aladanyň alamaty däl; bu eýýäm seni kontrol etmek niýetidir.

6. Sosial mediýada yzarlamagy. Stalkeriň seniň sosial mediýadaky hereketleriňi dykgat bilen yzarlamagy. Ýagny, täzeden-könä ähli suratlaryňa "like" goýmagy, postlaryňy we teswirleri okamagy, sosial mediýada seniň tanyşlaryň we ýakynlaryň bilen hem dostlaşmagy. Umuman, seniň bilen bagly ähli zada gyzyklanma bildirmegi.

Stalkiň diňe bir garşydaş jynsyň saňa güýçli gyzyklanma bildirmegi däl, eýsem seniň bilen bir jynsdaky adam hem stalker bolup bilýär. Meselem, seniň söýgüliň ýa-da ýanýoldaşyň öňki söýgülisi hem seni yzarlap biler.

Stalkerden goranmagyň usullary:

↪ Gatnaşygyňy azalt, has gowusy, bütinleý kes.

↪ Mümkin boldugyndan, dostlaryň we ýakynlaryň bilen bile bolup, stalkere ýekelikde duşmakdan, gürleşmekden gaça dur.

↪ Biriniň saňa aşa üns berýänini duýsaň, ony blokla (jaňlaryny, sms-lerini, sosial mediýada, umuman, ähli ýerde).

↪ Gatnaw ýollaryňy/marşrutyňy üýtget.

↪ Dost-ýarlaryňdan stalkere sen hakda hiç zat aýtmazlygy sora.

↪ Stalker bilen duşuşmakdan saklan. Eger ol has dyzaberse, polisiýa ýüz tutjakdygyňy we hemmelere ýagdaýy gürrüň berjekdigiňi aýt. Bu ony saklap biler.

↪ Yzarlamalar bes edilmedik ýagdaýynda, polisiýa ýüz tut. Bu halatda, delil bolar ýaly, sms-leriňi pozma we jaňlaryňy ýazga geçir.

↪ Esasy zat, şeýle ýagdaýlarda, özüňi goramak üçin ýakynlaryňa we polisiýa ýüz tutmakdan çekinme!

Çeşme

  • 1236 gezek okalan