AÝRYLYŞAN GELINLER NÄHAK KEMSIDILÝÄRLER

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

dymma okyjylardan hekayalarMeniň jemgyýetdäki sagdyn we dogry gatnaşyklar barada gep açasym gelýä.

Her kimem uly arzuw umytlar bilen toý edýä, maşgala gurýa. Durmuş gurýan ýaş çatynjalara iň gowy arzuwlar aýdylya, dilegler edilýä. Ýöne gynansakda, her hili mesele üstünden aýrylyşýanlaram bar. Maşgalany saklamak diňe aýalyň ýada äriň elinde-de däl. Ylalaşýanlaram bardyr, ýöne aýrylyşmana mejbur bolýanlar has kän diýip pikir edýän.

Indi, şu tayda gozjagak meselam gelniň ayrylyşandan soňky yagdaýy. Elbetde, ayrylyşmak erkek kişäde yeňil düşýän daldir, ýöne ayallar has kösenýä. Näme sebäpden? Jemgyýetimizde entägem konserwatiw düşünjeli adamlar durmuşy bolmadyk gelne kem adam ýaly garaýarlar. Aýrylyşan gelinleriň başgalar bilen deň hatarda görülmeyan halatlary gaty kan. Gözleriniň gytagy bilen seredip, bilesigeliji dayzalar sorag baryny yagdyrandan, ilki gelne göwünlik berseler has dogry bolarmyka diýýän. Her bir maşgalada, her bir adamda ýüzüni gyzardayjak bir problemasy bardyr.

Diýeli, ýaş gelin, çagasyz, durmuşy bolmandan soň ýaglygyny aýyraýsa, ol barada hapa gepler aýdylýar, töhmetler atylýar. Eýsem, onuň oz durmuşyny özi ýöretmäne, taze durmuş gurmana haky yokmy?

Iň kyn meselede, erkekleriň şeýle gelinlere garaýşy. Olar naçaryň ýagdaýyndan peýdalanyp, kellesindaki ahlaksyz pikirleri durmuşa geçirmek isleýärler. Uly yaşly, jübüsi galyň erkekler aýrylyşan gelinlere özleriniň 2-njisi hatda 3-njisi bolmany teklip edýäler. Diňe ýaşly erkekler däl, ýaş oglanlaram şojagaz naçara başga göz bilen seredýäler. Gelniň bir gezek durmuşy bolmasa, 2-nji gezek sagdyn maşgala gurmana haky ýokmy??

Joramy mysal bersem, ol öz islegi bilen durmuşy bozulmady. Şeýle bir sada welin, hiç kime gaty ses bilen seslenmeýä. Hemme zady içine alyp, ahyr bir gün meň bilen paýlaşdy. Onuň duýgusyny yazga geçirip bilemok.

Aýrylyşan gelinler hem biriniň perzendi, biriniň dogany. Hapa pikirleriňiz bilen ýaraly ýüreklerine beter ýara salmaň. Her kimem bagtly bolmak arzuwy bilen durmuş gurýar!

Eýsem aýrylyşan gelinlere edilýän äsgermezçilige garşy biz näme edip bileris?

Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

***********

Gadyrly okyjy, başdan geçirenleriňizi Dymma kampaniýasynda paýlaşanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle şahsy hekaýalar jemgyýetimizdäki möhüm meseleleriň üstüniň açylmagyna, olaryň düýp sebäpleriniň öwrenilmegine, hem-de düşünjeleriň özgermegine ýol açýar. Bu ýol uzak we ählimiziň gatnaşmagymyzy talap edýär. Ýekäniň çaňy çykmaz!

Zuluma garşy taslama "Dymma!" zulumyň pidalaryndan gelýän atsyz hekaýalary Saglyk.org saýtynda we sosial ulgamlarynda çap edýär.

Siziň başdan geçirenleriňiz başgalara ylham berip biler. Kimdir biri siziň ýazanlaryňyzy okap, özüniň ýeke däldigine göz ýetirer. Belki adamlar zuluma garşy göreşmegiň möhümdigini we mümkindigini öwrenerler. Siz maslahat hem sorap bilersiňiz – okyjylaryň içinden peýdaly maslahat berjekleriň tapylmagy mümkin.

Biz siziň adyňyzy ýa-da beýleki şahsy maglumatlaryňyzy soramaýarys we görmeýäris. Eger paýlaşmak isleýän wakaňyz bar bolsa, şu zynjyra giriň we başdan geçirenleriňizi paýlaşyň!

PAÝLAŞ!

Ýatda Saklaň: Saglyk hatlary bolşy ýaly çap edýär we olaryň hakykylygyna we çeperçilik hiline jogapkärçilik çekmeýär. Şahsy hekaýalaryň aşagynda kemsidiji we ýazgaryjy teswirleri goýmak gadagandyr. Eger atanlykda şeýle teswir ýazan bolsaňyz, ony haýal etmän pozmagyňyzy soraýarys. Bolmasa, ony özümiz aýyrmaly bolarys.

  • 572 gezek okalan