ZÄHMET MIGRANTY YZYNDA GALAN GYZYNYŇ ÖLÜMINE JOGAP GÖZLEÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dymma okyjylardan hekayalarTürkiýede zähmet migranty bolup ýaşaýan Gülälek, 2023-nji ýylyň iýunynda 20 ýaşly gyzynyň Güljemalyň Aşgabatda ýogalandygy hakynda eşideli bäri rahatlyk tapyp bilmeýär. Hökümet ýaş gyzyň köp gatly binadan özüni oklap özüni heläkländigini aýdyp, işi ýapýar. Emma, Gülälek muňa ynanmaýar we gyzynyň öldürilip, binadan aşak oklanandygyna ynanýandygyny aýdýar.

Gülälegiň ýoldaşynyň Türkmenistanda dürli edaralara ölümiň derňelmegini we adalatyň dikeldilmegini sorap yzly-yzyna ýazan arzalary jogapsyz galýar. Hökümet edaralaryndan netije bolmansoň, janserek ene "Men 20 ýyllap azap edip 20 ýaşa ýetiren çagamy şagallara şam edip çetde seredip durmany özüme uslyp bilýän. Ahyrynda gyzymyň ölümini TikTokda paýlaşmaly boldum" diýip, näme üçin bu waka barada garaşsyz medialarda çykyş edip başlandygyny düşündirýär. Ol çykyşlarynda arzyny nirä ýetirmeli bolsa ýetirjekdigini, bu işi ýöne goýjak däldigini we adalat üçin janyny bermeli hem bolsa taýýardygyny beýan edýär.

Zähmet migranty bolmagyň eýýäm özi adamyň başyna ýeterlik kynçylyklary salýar, esasan-da yzyňda maşgalaňy we çagalaryňy goýup gaýdan bolsaň. Emma daşary ýurtlarda zähmet çekip ýörkäň çagaň duýdansyz ölümi barada eşitmegiň, onuň sebäplerine hiç jogap tapyp bilmezligiň nähili duýgudygyny diňe bu ýagdaý başyna düşen adam biler. Bu enäniň raýat hökmünde öz hukuklaryny we merhum bolan çagasynyň hukuklaryny talap etmek ugrundaky göreşine biparh garamak megerem mümkin däl bolsa gerek.

Mähriban okyjy, şeýle pajygaly wakada adalatyň orta çykmasy üçin we gelejekde olaryň öňüniň alynmasy üçin, biz jemgyýet we raýat derejesinde nämeler edip bileris?

GARAŞSYZ MEDIADA WAKA BARADA:

Migrant eje Türkmenistanda "gümürtik ýagdaýda" ýogalan gyzy üçin adalat isleýär

Gyzynyň şübheli ölümi boýunça adalat gözleýän enäniň media çykyşlary polisiýa işjeňligini artdyrdy

В Туркменистане погибла 20-летняя девушка. Родители уверены, что ее убили, а дело пытаются замять

Туркменистан: Мать погибшей девушки второй год не может добиться справедливости

  • 38 gezek okalan