ALYMLAR ÇILIMKEŞLIK BILEN BAGLY KESELLER SEBÄPLI ÖLÜMÇILIGIŇ ÝOKARLANJAKDYGYNY BELLEÝÄRLER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Hünärmenleriň bellemegine görä, indiki ýylyň dowamynda rak, ýürek keselleri, emfizema ýaly çilimkeşlik bilen bagly keseller sebäpli 6 mln. adam öler.

Alymlar dörän ýagdaýy öwrenip, temmäki önümleriň ulanylmagynyň dünýä ykdysadyýetine 500 mlrd. amerikan dollary möçberinde zyýan ýetirýändigini we ol pullaryň lukmançylyk çykdaýjylara, zähmete ukypsyzlygyň öwezini dolmaga we ekologiki zyýançylyklary ýok etmäge sarp edilýändigini beýan etdi.

Çilimkeşlik döreýän ölümçiligiň her onunjy ýagdaýyna günäkärdir. Geçen ýyl bu ýaramaz endik sebäpli dünýäde 5,5 mln. adam öldi we bu sanlar ýylsaýyn ýokarlanar. Öňünden berilýän seljermeler, eger netijeli çäreler geçirilmese, 2020-nji ýylda çilimkeşligiň 7 mln. adamyň, 2030-njy ýylda bolsa 8 mln. adamyň ölüminiň sebäpkäri boljakdygyny äşgär etdi.

Hünärmenleriň maglumatyna görä, geçen kyrk ýylyň dowamynda ösen ýurtlarda (ABŞ, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa) çilimkeşleriň sany azalyp, tersine, ösüp barýan ýurtlarda ýokarlandy.

  • 1557 gezek okalan