HOWPLY TÄZE DÖREMELERI BEJERMEKDE GAZANYLAN ÜSTÜNLIKLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (20 Ses)

4-nji FEWRAL – RAK KESELINE GARŞY GÖREŞMEGIŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNIDIR

Howply täze döremeler häzirki zaman lukmançylygynda ölümçilige getirýän keselleriň biri bolup, bütin dünýäniň alymlary bu howply keseli bejermäge ýardam berjek islendik mümkinçilikleri öwrenýärler. Alymlaryň çaklamalaryna görä, rak keseli geljekde her ikinji erkek adamyny we her üçünji aýal maşgalany keselçilige getirip biler. Soňky birnäçe ýylda rak keseliniň netijeli bejergisini üpjün etjek köp üstünlikler gazanyldy.

Ýokary temperaturanyň täsiri

Ýokary temperaturany ulanma usuly, sag dokumalar şikeslendirmezden, göniden-göni howply çişi 440C çenli gyzdyrma bilen häsiýetlendirilýändir. Howply çiş bilen zeperlenen dokumada ilkibaşdan kislorod ýetmezçiligi bolup geçýär, dokumalar gyzdyrlanda bolsa, kislorod ýetmezçiligi has hem artýar, kuwwatlylyk çeşmeleri gutarýar we öýjük ölýär. Çişdäki gan aýlanyş sag dokumalardan tapawutlylykda bozulan bolup, gyzdyrlanda ol has hem çalt we güýçli gyzýandyr.

Ýokary temperatura bilen täsir etme agyrsyz bolup, ol ýaramaz täsirlere getirmeýär. Şöhle we himiýa bejergisi bilen bilelikde geçirlip, olaryň netijeliligini ýokarlandyrýandyr we näsaglaryň ömrüni 2-10 esse uzaltmaga mümkinçilik berýändir. Bu usul howply çişleriň hemme görnüşlerinde ulanylýar.

Kiber-pyçak ulgamy

Bu usul täze ulgam bolup, Kiber pyçak elektromagnit şöhleleriniň kömegi bilen abzalyň ujynda ýokary kuwwatlylykly şöhleleri ýygnap, sag dokumalary zeperlendirmezden, diňe howply çiş bilen zeperlenen dokuma täsir edýändir. Agyrsyz usul bolup, geçiriliş dowamlylygy 30-90 min. barabardyr. Bu usuly hereket edýän agzalarda (meselem, öýkende) ulanyp bolýandyr.

Tolkunlaryň täsiri bilen bejergi

Kesgitli dykyzlygy, kuwwatlylygy, ýygylygy bolan elektromagnit tolkunlary howply çiş öýjügine täsir edip, onuň molekulasynyň ok boýunça sag tarapa aýlanmasyny bozýandyr. Bu bolsa üýtgän öýjükleriň zeperlenmesine we gysgajyk belokly zynjyrlara dargamasyna alyp barýar. Tolkunlaryň anyk dykyzlygyny we ýygylygyny kesgitleme, bu usuly ulanmagyň çylşyrymly tarapy bolup durýar. Hirurgiki bejergiden soň, molekula okunyň sag tarapa aýlanmagy bilen emele gelýän öýjükleriň täsiri netijesinde dikeldiş hadysalarynyň başlanýandygyny bellemelidir. Bu bolsa ýene-de howply çiş öýjükleriniň döremegine we ýaýramagyna (metastaz) itergi berýändir.

Fotodinamiki bejergisi

Fotodinamiki bejergisi birnäçe onýyllyklar ulanylsa hem, ýüzleý täsir etme ýetmezçiligi bilen häsiýetlendirilýärdi. Ýakynda alymlara göze görünmeýän infragyzyl şöhleleriň ýanyndaky gysga diapozonly şöhleleri döredip, şolaryň kömegi bilen göýberilen derman serişdesiniň täsirini güýçlendirmek we sag dokuma täsir etmezden howply öýjükleri dargatmak başartdy. Bu usul howply çişleriň hemme görnüşlerine täsirlidir.

RPT835 indeksli derman serişdesi

RPT835 indeksli derman serişdesi rus alymlary tarapyndan döredilip, haýwanlarda synaglary geçendir. Bu derman II görnüşli fibroblastlaryň ösüş faktoryny togtadyp, howply döremäniň ösüşiniň öňüni alýandyr. Derman serişdesi hökmany geçirilýän bejergi usullaryň täsirini ýokarlandyrmaga, has hem aşgazanyň rak keseliniň, böwregiň papillýar ragynyň, öýkeniň tekiz öýjükli ragynyň bejergisiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek berip biler.

"Kadsila" (Kadcyla) dermany

Roche şweýsar kompaniýasy tarapyndan döredilip, onuň düzümi "Gerseptin" we oňa goşulan himiýa serişdesi bolan "Emtanzin" serişdesinden ybaratdyr. Bu serişde süýt mäzleriniň rak keselinde ulanylmak üçin tassyklanandyr.

PD-1 belok esasly derman serişdesi

Russiýanyň BIOCAD kompaniýasynyň alymlary PD-1 beloga garşy döreýän antitelalaryň esasynda derman taýynladylar. Bu derman adamynyň immun ulgamyny rak öýjüklerine garşy gönükdirmäge we olary ýok etmäge kömek edýär. Şeýlelikde, bedene şeýle çiş öýjüklerini tanamagy öwredýär. Bu derman melanomany bejermek üçin işlenilen bolsa hem, ony ragyň başga görnüşleriniň bejergisinde hem ulanylma meýilleşdirilýär.

Sarybaş keseli (sibirskaýa ýazwa) rak keseline garşy

Alymlara howply sarybaş keselini döredýän basillany üýtgedip, onda beden üçin howpsuz, ýöne rak öýjüklerini öldürýän ýörite maddalary işläp çykarma ukyplylygyny döretme başartdy. Şeýle bejergi rak öýjükleriniň köp mukdaryny ýok etmäge kömek berýändigi üçin, adaty biohimiki serişdelerden täsirli hasaplanýar.

Molekulalary togtadyjylar

Rak öýjüklerinde olary immun ulgamynyň hüjüminden goraýan Nf-kb molekulasy tapyldy. Başgaça aýdylanda, bu molekula immun ulgamynyň rak öýjüklerine bolan duýgurlylygyny peseldýär we olaryň ýaýramagyna kömek edýär. Häzirki wagtda bu molekulanyň täsirini Nf-kb togtadyjylar bilen saklamak ugrunda ylmy işler alnyp barylýar.

Immun ulgamynyň öýjükleri

Leýkoza garşy göreşmek üçin sanjym bilen göýberilýän syworatka işlenildi. Bu syworatkanyň düzüminde genetiki derejesinde üýtgedilen näsagyň öz immun ulgamynyň öýjükler saklanyp, ol öýjükler rak öýjüklerini dargatmaga gönükdirilendir. Bu bejergi usuly keselçilik zerarly ömrüniň dowamlylygy çäkli näsaglaryň 30-da ulanyldy. Usulyň ulanylyp başlan wagtyndan alty aý geçensoň diri galan 23 näsagyň 19-da sagalma gazanyldy.

"Doldurylan" eritrositler

Rus alymlary himiýa serişdeleri bilen bejeriş usulynyň ýönekeý görnüşini işläp düzdüler. Näsagyň 200 ml. gany alynýar we ondan eritroşitler saýlanylýar. Eritrositler derman serişdesiniň belli mukdary bilen "doldurylyp", ýene-de gaýtadan näsaga göýberilýär. Bu usul eritrositleriň uzak wagtlap dermany saklamagy we iň kiçi gan damarlaryna çenli ýetip bilme mümkinçiligi, dermanyň ýokary mukdaryna bolan mätäçligiň bolmazlygy, sag dokumalary zeperlendirmezligi ýaly artykmaçlyklar bilen häsiýetlendirilýändir.

  • 4289 gezek okalan