1 ÝYL BÄRI DOWAM EDIP GELÝÄN PANDEMIÝA DEGNAŇYZA DEGDIMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Halys tapdan düşüpcovid 19 depression, göwniçökgün ýagdaýda bolmagyňyz ahmal – durmuşyňyzy belli bir derejede ýaşaýarsyňyz, emma hiç hili maksada okgunlylygyňyz ýok. Ysgyndan düşmek bilen döreýän göwnüçökgünlik bu depressiýa ýa-da gam-gussa däl-de, eýsem öz durmuşyňyz barada gowy duýmazlygyňyzdyr. Şeýle-de, göwnüçökgünlikde durmuşyňyzyň manysyny duýman, bu boşluga, duýgularyň tükelmegine we tukatlyga sebäp bolýar.

Depressiýa, bolsa beýleki tarapdan, kliniki näsaglykdyr. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň çaklamagyna görä, 2030-njy ýyla çenli depressiýa dünýäniň ähli ýurtlarynda 1-nji derejeli problema öwrüler. Depressiýa ýagdaýynda durmuşa bolan gyzyklanma ýitýär we ýiti gam-gussa duýgusy döreýär. Şeýle hem, aşa köp ýa-da az uklamak, umytsyzlygyň ýa-da öz janyna kast etmek pikirleriniň döremegi depressiýanyň aýdyň alamatlarydyr. Göwnüçökgünlik bolsa, adamyň özüni ne gowy, ne-de erbet duýmagydyr, ýagny, hiç zat duýmazlykdyr.

Göwnüçökgünlik bilen depressiýanyň arasyndaky esasy tapawut, bu – depressiýada bolan adam köplenç düşeginden çykmak islemeýär. Adam özüni göwnüçökgün duýanda bolsa, ol durmuş hereketlerini öňküsi ýaly dowam etdirýär. Ýöne göwnüçökgünlik hem soňy bilen, depressiýa we howatyrlygyň döremegine, şeýle hem janyna kast etmek we wagtyndan öň ölmek isleginiň töwekgelçiliklerini artdyryp biler.

Gowy ýeri, göwnüçökgünligi ýeňip geçmegiň ýollary bar. Esasy zat akymy, hyjuwy tapmak – sizi gyzyklandyryp we ünsüňizi sowup biljek bir zat. Maksatlaryňyza ünsüňizi jemlemek we şahsy serhetleriňizi kesgitlemek hem joşgunyňyzy we gujuryňyzy artdyryp biler.

  • 838 gezek okalan