RUSSIÝADA HOWANYŇ HILINE BOLAN TALAPLAR GÜÝÇLENDIRILDI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

howa hiline talap2021-nji ýylyň mart aýynyň 1-den başlap, Russiýada täze arassaçylyk kadalary bilen bilelikde howanyň düzümindäki hapalaýjy maddalaryň çäkli rugsat berilýän konsentrasiýalary (ÇRBK) güýje girizildi. Soňky ýyllarda ilkinji gezek, birnäçe howany hapalaýan maddalaryň rugsat berilýän mukdary azaldyldy. Olaryň köpüsi onkologiýa kesellerini dörediji kanserogenlerdir (uglerod disulfidi, benzol, berilliý we onuň birleşmeleri, 1.3 butadien, akrilonitril we uglerod tetrahloridi). Täze kanuna görä, howadaky kanserogen maddalaryň mukdary azaldylmaly: benzol – 1.7 esse, akrilonitril – 6 esse, uglerod tetrahloridi – 17.5 esse, 1.3-butadien – 50 esse. Berilliý we onuň birleşmeleri bolsa howanyň düzüminde asla bolmaly däl.

Täze düzgünler näçeräk gowy?

Girizilen üýtgeşmeleriň ýene-de biri – iň köp bir gezeklik we ortaça gündelik ÇRBK-dan başga, ortaça ýyllyk ÇRBK girizildi. Bu üýtgeşmeleri gazanmak ugrunda alymlar we jemgyýetçilik guramalary birnäçe ýyl hereket etdiler. Ortaça ýyllyk ÇRBK köp ýurtlarda ulanylýar, sebäbi kanserogenleriň uzak möhletleýin zyýanly täsirlerine has gowy baha berip bolýar.

ÇRBK-a gowşak çemeleşmeler

Soňky 20 ýylyň dowamynda, howada rugsat berilýän maksimal konsentrasiýalara bolan talaplar birnäçe gezek gowşadyldy. Şeýle hereketleriň esaslary uly şübhe döredýärdi. Mundan başga-da, maddalaryň howplulyk derejesi, howpludan howpsuzrak tarapa üýtgedildi. 1999-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli azot dioksidi, fenol we kanserogen formaldegid üçin ÇRBK-nyň mukdary 1.4-3.3 esse, metil merkaptan üçin bolsa 660 esse ýokarlandyryldy. Netijede, metilmerkaptanyň ÇRBK-sy adamyň duýgurlyk çäginden ýokary bolup çykdy. Şonuň üçin, howada bu madda rugsat berilýän möçberde bolsa-da, onuň ýakymsyz ysyny duýsaň bolýar.

Greenpeace guramasy howply maddalar üçin kadalaryň näme sebäpden yzygiderli gowşaýandygyny anyklamak üçin Baş prokuratura we Rospotrebnadzora birnäçe gezek ýüz tutdy. Emma Rospotrebnadzoryň esaslanýan "giňişleýin toksikologiki, arassaçylyk we epidemiologiki gözleglerini" hatda adam hukuklary geňeşine gatnaşýanlara hem görmek başartmady.

ÇRBK-ny nähili düzmeli

Greenpeace kanserogenler üçin kadalar kesgitlenende, 2004-nji ýylda Russiýada tassyklanan "daşky gurşawy hapalaýan himiki serişdeleriň ilat saglygyna salýan howpuny bahalandyrmak boýunça gollanmasyny" ulanmaly diýip hasaplaýar.

Gollanma görä, ilat üçin kanserogen howpunyň maksimal çägi hökmünde (ÇRBK muňa hökmany laýyk gelmeli) belli bir himiki maddadan ömür-boýy dem alnanda, rak keseliniň döreme ähtimallygy 10,000 adamdan 1 adamda bolup biler diýlip kesgitlenýär. Bu kanserogen howpunyň maksimal çägi Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan kabul edilen.

Greenpeace tarapyndan geçirilen barlaglara görä, kanserogen maddalaryň 50-den 29-sy, 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli hereket eden ÇRBK howpunyň maksimal çägini onlarça, käbirleri bolsa ýüzlerçe esse geçipdir.

Mysal üçin, 1.2.3-trihloropropan, 1.2-dihloroetan, benzin, dihloroetan, uglerod tetrahloridi (2021-nji ýylyň 1-nji martyndan azaldyldy), alty walentli hrom ýaly kanserogen maddalar kadadakydan ýüzlerçe esse ýokary. Etilen oksidi, etilenimin, trihloretilen, tiuriýa, myşýak, kobalt, dikofol, dibenzoantrasen, akrilonitril (2021-nji ýylyň 1-nji martyndan azaldyldy), 1.2-dihloropropan, 1.1-dihloroetilen, 1.1.2- trihloroetan ýaly maddalar onlarça esse ýokary.

2020-nji ýylyň başynda Wladimir Putin halkara tejribeleri göz öňünde tutup, kadalaryň nähili kesgitlenýändigini we näme sebäpden 2000-nji ýyldan bäri Russiýada olaryň üýtgedilýändigini anyklamagy tabşyrypdy. Bu tabşyryklar koronawirus pandemiýasy sebäpli ýerine ýetirilmän galdy. Indi maý aýynyň 1-ne çenli, baş prokuratura ýerine ýetiriji häkimiýetleriň we guramalaryň atmosfera howasyny goramak we ÇRBK-ny düzmek ýa-da üýtgetmek babatynda kanunyň talaplaryny nähili berjaý edýändiklerini barlamaly.

Ähli kadalaşdyrylan kanserogenleriň ÇRBK-synyň Gollanma görä üýtgedilmegini üpjün etmek üçin Greenpeace alyp barýan işlerini dowam etdirer.

Şeýle-de, täze arassaçylyk kadalary bilen baglanyşykly käbir soraglar ýüze çykýar. Tiz wagtdan, biz howanyň hil standartlarynyň üýtgeşmelerini has doly seljereris.

Batyr Bäşimow

Makalanyň çeşmesi: Greenpeace

  • 859 gezek okalan