ADAMYŇ PAPILLOMAWIRUSYNYŇ WAKSINASY AGYZ-BOKURDAK RAKLARYNY AZALDAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

papillomawirusynyn waksinasyAgyz-bokurdak raklarynyň iň uly sebäpkäri bolan adamyň papillomawirusyna (APW) garşy waksinanyň ABŞ-da bu görnüşli raklary mazaly azaltmagyna garaşylýar, emma munuň 2045-nji ýyldan soňra mümkin boljakdygyny John Hopkins Bloomberg jemgyýetçilik saglygy mekdebiniň ylmy barlagçylary belleýärler. APW dünýäde jynsy gatnaşyk arkaly geçýän iň köp ýaýran ýokançly wirusdyr. Bu wirus bildirmän ýokuşýar we köplenç aýrylyp gidýär, emma käwagt hroniki kesele öwrülip, agyz we burun ragy, ýatgynyň boýunjygynyň ragy ýaly raklaryň görnüşlerine sebäp bolup bilýär. Çünki bu wirus DNK-a zeper ýetirýär we öýjüklerde çişlere garşy göreşýän beloklara böwet bolýar. Häzirki wagtda APW-nyň bejergisi ýok, ýöne waksinalaryň kömegi bilen täze infeksiýalaryň öňüni alyp bolar. Bu waksinalaryň ilkinjisi ABŞ-da 2006-njy ýylda ulanylyp başlandy.

Bloomberg mekdebiniň täze geçiren barlagynda ABŞ-daky agyz-bokurdak raklarynyň hadysalary derňelip, APW waksinasiýalarynyň dürli ýaş toparlarynda bu raklaryň derejesine etjek täsiri öwrenildi. Netijelere görä, ýurtda 36-45 ýaşly adamlaryň arasynda agyz-bokurdak raklarynyň derejesi 2018-2045 ýyllar aralygynda iki essä golaý azalar. Emma, bu ragyň gartaşan adamlaryň arasynda heniz hem köpelýändigi sebäpli, 2018-2045 ýyllar aralygynda ragyň umumy ilatyň içindäki derejesi känbir üýtgemez.

Agyz-bokurdak ragy APW bilen baglanyşykly raklaryň iň köp ýaýran görnüşi bolup, ABŞ-da her ýyl 50 müňden köp täze hadysa hasaba alynýar. Alkogol we temmäki hem bu ragyň töwekgellik faktory hasaplanýar, emma APW olardan has öňde goýulýar.

Waksinasiýa bu görnüşli wirusa garşy iň güýçli ýaragdyr, emma onuň hem gowşak tarapy ol diňe keseliň öňüni alyp bilýär, keseli bejerip bilmeýär. Başga söz bilen aýtsak, waksina eýýäm ýüze çykan APW infeksiýalaryna ýa-da APW sebäpli rak çişleriniň döremesine garşy göreşip bilmeýär. Şonuň üçin, waksina esasan hem heniz jynsy gatnaşyk arkaly ýokuşýan APW-a gabat gelmedik ýaş adamlara maslahat berilýär. APW waksinasy çykanda eýýäm kämillik ýaşyna ýeten adamlara waksina berilmedi, netijede olar bu raklaryň howpy astynda galýarlar.

Çeşme

  • 1410 gezek okalan