BOSNIÝA BÄBEKHANALARYNDA PARAHORLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

babekhana parahorlykBosniýa we Gersogowiniýanyň döwlet saglyk ulgamynda ähli enelik hyzmatlarynyň tölegsizdigine garamazdan, çaga garaşýan eneleriň arasynda dogruma girmezden ozal lukmanlara içi pully konwertleri gowşurmak ýoň bolupdyr.

↪ Geçen ýyl Bosniýanyň bäbekhanalarynda 1 million ýewro ýakyn para berlipdir.

↪ Ýurtda soragnama gatnaşan 2,713 enäniň 50%-i gowy hyzmat almak üçin, lukmançylyk işgärlerine para ýa-da sowgat beripdirler.

↪ Şol bir wagtda, hökümet resmileri geçen 10 ýylyň içinde hiç hili parahorlygyň bolup geçmändigini aýdýarlar. "Diňe şunuň özi hem bizdäki meseläniň nähili uludygyny görkezýär" diýip, Bosniýa bäbekhanalaryndaky parahorlyga garşy göreşýän gurama belleýär.

  • 790 gezek okalan