ABŞ ÜÇIN DERMANNAMASYZ KONTRASEPTIWLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dermannamasyz kontraseptiwlerFransuz farmasewtik kompaniýasy HRA Pharma göwreliligiň öňüni alýan gormonal gerdejikleri ABŞ-da dermannamasyz satmaga rugsat soraýar. Bu Ýokary kazyýet Roe v. Wade kararyny ýatyranyndan soň ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri administrasiýasynyň (FDA) berjek töwekgelçilikli karary bolar.

HRA Pharma kompaniýasynyň arzasy ençeme ýyllyk ylmy barlaglar toplumyny hem öz içine alýar. Bu ylmy barlaglar aýallaryň dermannamasyz hem gerdejikleri howpsuz we netijeli ulanyp bilýändigine subutnama bolup hyzmat edýärler.

Kontraseptiwleriň öňe sürülmegi: Reproduktiw hukuklaryň tarapdarlary dermannamaly berilýän kontraseptiwleriň, şeýle-de abort dermanlarynyň dermannamasyz satylmagyna rugsat berilmegini talap edýärler.

Bellemeli zat: Bu gerdejikler Günorta Amerikanyň, Aziýanyň we Afrikanyň köp ýerlerinde eýýäm elýeterli.

  • 46 gezek okalan