ABORTA GARŞY INDIKI GÖREŞ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

aborta garsy indiki goresABŞ-nyň ştatlarynyň ýarysy aborta gadaganlyk girizdi, emma aborta garşy toparlar heniz hem kanagatlanmaýarlar.

Bu toparlaryň indiki maksadynyň çaga düwünçegine kanuny goraglylygy üpjün edýän "düwünçek şahsyýeti" kanunynyň kabul edilmegini gazanmakdygyny The New York Times gazeti habar berýär.

Kanunyň ýetirip biljek täsirleri:

↪ "Düwünçek şahsyýeti" kanunyny kabul eden we zorlanma we insest (eje, kaka, dogan ýaly ýakynlary bilen jynsy gatnaşykda bolmak) bolan ýagdaýynda-da aborta rugsat bermeýän ştatlarda abort etdirmek adam öldürmek bilen deňeçer bolar.

↪ Bir wagtlar diňe simwolik manysy bolan kanunlar häzirki wagtda syýasaty üýtgedýär: Meselem, Jorjiýa ştatynda göwreli aýallar indi salgyt ýeňilliklerinden peýdalanyp bilýärler.

Aborta garşy aktiwistleriň köp wagtdan bäri maksady aborty her ştatyň özüniň regulýasiýa etmesi däl-de, eýsem onuň bütin döwletde gadagan edilmegini gazanmak.

Sitata: "Aktiwistler abortyň adam hukuklarynyň we konstitusion hukuklaryň bozulmasy, ýagny diňe bir jenaýat däl-de, eýsem konstitusiýa laýyk gelmeýän hereket diýip yglan edilmegini isleýärler" – diýip, Kaliforniýa uniwersitetiniň Dawis hukuk mekdebiniň professory Mary Ziegler aýdýar.

  • 691 gezek okalan