INÇEKESEL BEJERGISINDE ÖZGERIŞLIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Inçekeseliňincekesel bejergisinde ozgerislik dermana garşy örän durnukly bolan görnüşini bejermek ýeňilleşdi.

Kliniki synaglaryň 3-nji tapgyrynyň netijesi linezolidiň (bejergide ulanylýan dermanlaryň biri) ýarym dozasyny 6-9 aýlap alanlaryň 90% -den gowragynyň sagalandygyny we bir doza seredeniňde ýarym dozanyň ýan täsirleriniň az bolýandygyny görkezdi.

Başlangyç maglumatlar: Öňki adaty bejeriş tertibi 9-24 aý dowam edýärdi, çynlakaý ýan täsirleri (beýniniň daşky bölegindäki we oňurga ýiliginiň nerwileriniň zeperlemegi) bardy we bary-ýogy 52% täsirlidi. Bejergide üstünligiň pesligi hassalaryň oňaýsyz we uzak wagtlyk bejergini alamakda kynçylyk çekmekleri bilen baglanyşdyrylýardy.

Synaga Günorta Afrikadan, Russiýadan, Gruziýadan we Moldowadan 181 adam gatnaşdy.

Bu we beýleki synaglaryň irki netijelerine esaslanyp, BSGG maýda köne bejerginiň täze bejergi tertibi bilen çalşylmagyny maslahat berdi.

Uly peýdalary:

↪ Täze bejergi tertibi köne bejerginiň azyndan 6 aý dowam edýän günlük sanjymlaryny we günlük iki wagtyna berilýän IV ukolyny aradan aýrar;

↪ Gündelik içilmeli tabletkalaryň sany 23-den (maksimum 2 ýyl içinde 14,000-e çenli tabletka) 5 tabletka (6 aýda 750-ä çenli az tabletka) çenli azalar.

Sitata: "Dermanlara garşy durnukly inçekesel bilen kesellänleriň 90%-ini ýa-da ondan köpüsini bejerýän has ýönekeý 6 aýlyk bejergi bilen, bütin dünýäde dermanlara garşy durnukly inçekesel meselesinde uly üstünlikleri gazanyp bileris" – diýip, täze bejeriş tertibini oýlap tapan TB Allaince-yň prezidenti Mel Spigelman aýdýar.

  • 67 gezek okalan