GÜNDOGAR ÝEWROPADA WE MERKEZI AZIÝADA AIW/AIDS ÖLÜMÇILIGINIŇ ARTMA HOWPY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gundogar yewropada aiw aids"AIW keselli adamlara we beýleki ejiz toparlara garşy stigmanyň we diskriminasiýanyň güýçlenmegi Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitindäki AIW epidemiýasyna çäre görmekde esasy päsgelçilik bolmagyny dowam edýär. Sebitdäki ýurtlaryň ählisinde AIW-iň ýokuşmagy we AIW-iň aýan edilmezligi jenaýat hasaplanýar. Döwletleriň aglabasynda birmeňzeş jynsly gatnaşyklaryň gadagançylygy aýrylan hem bolsa, geý erkekleri we erkekler bilen jynsy gatnaşykda bolýan beýleki erkekleri kemsitmek adaty zat bolup galýar" – diýip, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin UNAIDS-iň ýerine ýetiriji müdiriniň orunbasary we sebit boýunça direktory Eamonn Mörfi belleýär.

2021-nji ýylda Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada 160,000 adama AIW ýokuşypdyr. Bu 2010-njy ýyldakydan 48% köpdür. AIW bejergisiniň artmagyna hem-de pursatparaz infeksiýa (köplenç immuniteti peslerde döreýär) garşy göreşmegiň täze usullarynyň we çäreleriniň ornaşdyrylmagyna garamazdan, 2021-nji ýylda sebitde AIDS bilen bagly ölümler 2010-njy ýyldakydan 32% ýokarlanypdyr. UNAIDS-e görä, 2020-nji ýylda sebitde täze AIW diagnozlarynyň 54%-i keseliň giçki döwründe ýüze çykarylyp, 2018-nji ýyldakydan 10% köpelipdir.

Hasabatda sebite teklipler:

↪ Jemgyýetçilik guramalarynyň dolandyrýan we adamlara gönükdirilen hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak;

↪ Jezalandyryjy we diskriminirleýji kanunlary ýatyrmak, esasanam AIW keselli we ilatyň ejiz toparlaryna gönükdirilen kanunlary;

↪ Milli herekete başlamak;

↪ Halkara raýdaşlyk esasynda maliýe serişdelerini durnukly üpjün etmek.

Çeşme

  • 544 gezek okalan