BSGG-NYŇ APW WAKSINASY ÜÇIN TÄZELENEN GÖRKEZMELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

apw waksinasy ucin tazelenen gorkezmeleriBMG-nyň bellemegine görä, adamyň papillomawirusyna (APW) garşy waksinanyň bir dozasy iki doza bilen deň netijeliligi we goraglylygy üpjün edýär. Bir doza geçmek ömüri halas ediji waksinanyň bütindünýäde elýeterliligini artdyrar.

Ýatgynyň boýunjygynyň rak keseli aýallarda iň köp duş gelýän dördünji kesel bolup, 2020-nji ýylda ~604.000 täze hadysalara we 342.000 adamyň ölümine sebäp boldy.

APW-den ölümleriň öňüni almak

Ýatgynyň boýunjygynyň rak keseliniň 95%-den gowragy jynsy ýollary arkaly ýokuşýan APW zerarly ýüze çykýar.

BSGG-nyň beýannamasynda: "Netijeli waksinalara elýeterliligi artdyrmak keseliň ýaýramagynyň öňüni almak, gereksiz keselçiligi we ölümçiligi azaltmak üçin möhüm ädimdir" – diýip bellenilýär.

Täzelenen görkezmeler geçen hepde BSGG-nyň maslahat dokladynda çap edildi. Görkezmeleri 2022-nji ýylyň aprelinde, BSGG-nyň SAGE atly garaşsyz maslahatçy topary taýýarlapdy.

Indi, BSGG 9-20 ýaş aralygyndaky gyzlara waksinanyň bir ýa-da goşa dozasyny, 21 we ondan uly ýaşly aýallara bolsa arasyna alty aý salyp, iki doza almagy maslahat berýär.

Has köp gyzlaryň saglygyny goralyň

Waksinasiýanyň esasy maksady jynsy işjeňligi başlamazdan ozal 9-14 ýaş aralygyndaky gyzlara waksina etmek. Erkeklere we 14 ýaşdan uly aýallara, waksinasiýanyň ikinji derejeli maksady bolup, waksinany mümkin we elýeterli halatynda almagy maslahat berilýär.

Şeýle hem, maslahat dokladynda AIW keselliler ýaly immuniteti pes adamlara waksina bermekde ileri tutmagynyň möhümdigi bellenilýär.

Immuniteti pes adamlar APW waksinasynyň azyndan iki dozasyny, mümkin bolsa üç dozasyny almaly.

Täzelenen görkezmeler döwletleri APW waksinasiýa programmalaryny güýçlendirmegi, dessin durmuşa geçirmegi we waksinalaryň üpjünçiligindäki bökdençlikleri täzeden gözden geçirmäge çagyrýar. 

Çeşme: BMG

  • 683 gezek okalan