ÝITI IÝMIT ÝETMEZÇILIGI MILLIONLARÇA ÇAGANYŇ JANYNA HOWP SALÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

iymit yetmezciligi we cagalarBirleşen Milletler Guramasy aýylganç iýmit krizisine duçar bolan 15 ýurtdaky iň ejiz çagalary goramaga çagyrýar.

Ýiti iýmit ýetmezçiligine kabul edilýän iýmitiň azalmagy ýa-da birden horlaýan ýa-da çişirýän kesel sebäp bolýar. Iýmit ýetmezçilikli çagalaryň boýuna görä agramlary pes bolýar. Şeýle-de olarda iýmit sebäpli döreýän çişleriň we beýleki degişli alamatlaryň ýüze çykmagy mümkin. Ýiti iýmit ýetmezçilikli çagalaryň immun ulgamlary gowşak bolup, olaryň köp duş gelýän çaga kesellerinden ölme töwekgelligi ýokarydyr. Olara gelejekde ençeme kesellere uçramak, okuwa ýaramaz ýetişmek hem-de nesiller boýy dowam etjek garyplyga düşmek howpy hem abanýar.

Konfliktler, klimatyň üýtgemegi, COVID-19-yň täsirleri, gymmatçylyk hem-de saglyk, iýmit we ölümden halas edýän beýleki hyzmatlaryň elýeterliliginiň peselmegi gitdigiçe köp sanly çagany ýiti iýmit ýetmezçiligine sezewar edýär. Häzirki wagtda iýmit krizisiniň iň ýaramaz täsir eden 15 ýurdunda (Owganystan, Burkina-Faso, Çad, Kongo, Efiopiýa, Gaiti, Kenýa, Madakaskar, Mali, Niger, Nigeriýa, Somali, Günorta Sudan, Sudan we Ýemen) 30 million çaga iýmit ýetmezçiliginden, olaryň 8 milliony bolsa ölüm howply ýiti ýetmezçilikden ejir çekýärler. Bu ýagdaý diňe çagalaryň saglygyny we ösüşini howp astynda goýman, eýsem olaryň töweregindäki ilata hem-de olaryň ýurtlaryna hem zyýan ýetirýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba-hojalyk programmasynyň (FAO) 2022-nji ýylda çykaran hasabatyna görä, Merkezi Aziýada azyk howpsuzlygy barha ýaramazlaşýar we sebitiň ilatynyň 20.2%-i (15.3 million adam) ýiti ýa-da orta derejede azyk kemçiligini başdan geçirýär. Türkmenistanda hem umumy ilatyň 3.5%-i, 5 ýaşdan kiçi çagalaryň bolsa 7.6%-i iýmit ýetmezçiliginden ejir çekýär.

Bu betbagtçylyga çäre görmek maksady bilen, BMG "Çaga haraplamasyna garşy global iş planynyň" progresini çaltlaşdyrmaga çagyrýar. Global iş plany meselä köp pudaklaýyn çemeleşmäni ileri tutup, iýmit, saglygy goraýyş, suw, sanitariýa we sosial goraglylyk ulgamlaryny ösdürmek arkaly enäniň we çaganyň iýmit üpjünçiligini gazanmaga çalyşýar.

  • 545 gezek okalan