"SANLY GARYPLYK" AÝALLARYŇ ÖSÜŞINE BÖWET BOLÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

sanly garyplyk we ayallarAdamyň bilimsizlik ýa-da elýetersizlik sebäpli sanly tehnologiýalary ulanyp bilmezligine "sanly garyplyk" diýilýär. Bütin dünýäde öz jemgyýetlerinde deňlik gazanmak üçin göreşýän aýal-gyzlar sanly garyplyk zerarly hem ägirt uly päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. "Bu aýal-gyzlaryň bilim almagyny, bank hasabyna eýe bolmagyny ýa bedeni barada habarly kararlara gelmegini, maşgala eklemegini ýa-da öndürijilikli işgär bolmagyny çäklendirip biler" – diýip, BMG-nyň baş sekretary Antonio Guterres belleýär.

BMG bu ýylky Halkara zenanlar gününde sanly garyplygyň aýallaryň durmuşyny nä derejede çäklendirýändigine ünsi çekdi:

↪ Tehnologiýa senagatynda erkekleriň sany aýallardan 2 esse köp bolup, inžener uçurumlaryň diňe 28%-ini we emeli akyl (EA) (iňlisçe: Artificial Intelligence (AI)) işgärleriniň 22%-ini aýallar düzýär;

↪ Dürli senagatlara degişli bolan 133 sany EA ulgamynyň global seljermesi aýallaryň 44.2%-iniň jynsy diskriminasiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny görkezdi;

↪ 125 ýurtdan zenan žurnalistleriň arasynda geçirilen sowalnama olaryň 73%-iniň iş döwründe onlaýn zorluga sezewar bolandygyny anyklandy.

Sanly dünýäden üzňelik: Dünýäniň heniz hem internete baglanyp bilmeýän 3 milliard ilatynyň agramly bölegini zenanlar düzýär. Iň ösmedik ýurtlarda aýal-gyzlaryň diňe 19%-i internetden peýdalanýar. Bu soňky on ýylda jemi içerki önümiň $1 trillion ýitgisine sebäp boldy.

Maksada ýetmek asyrlara uzar: Aýal-gyzlaryň hukuklaryndaky öňegidişlik gözümiziň öňünde synýar. Eger bu häzirki depginde dowam etse, jynsy deňligi gazanmagyň ýene 300 ýyla çekjekdigi çaklanylýar.

  • 468 gezek okalan