BAÝ DÖWLETLER GARYP ÝURTLARYŇ SAGLYK ULGAMLARYNY HAS-DA EJIZLEDÝÄRLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

garyp yurtlaryn saglyk ulgamlaryGarybrak ýurtlaryň saglygy goraýyş işgärleriniň ummasyz köp sanlysy baýrak ýurtlara göçüş edýärler – bu bolsa garyp döwletleriň öňden hem haly harap saglyk ulgamlaryny has-da çökerýär. COVID-19 pandemiýasynda saglyk işgärleriniň ýetmezçiligini başdan geçiren baý döwletleriň meselä çäre gözläp başlamagy lukmanlaryň migrasiýasynyň badyny güýçlendirdi.

BSGG 2023-nji ýylda saglyk ulgamlary iň agyr ýagdaýda bolan 55 ýurduň sanawyny çykardy. Bu ýurtlaryň 37 sanysy Afrikada ýerleşip, Aziýadan Owganystan, Päkistan, Bangladeş we Nepal ýaly ýurtlar sanawa girýär. Bu ýurtlarda:

↪ Lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we göbek eneleriň sany ortaça global görkezijiden pes;

↪ Ählumumy saglyk ätiýaçlandyrma hyzmatynyň elýeterlilik indeksi bolmalysyndan pes.

Bu sanawyň üsti bilen BSGG baý döwletleriň bu ýurtlaryň hünärmenlerini işe almagyny çäklendirmegi maksat edinýär. Şeýle-de bolsa, Birleşen Patyşalygyň saglygy goraýyş ulgamy bolan Milli Saglyk Hyzmaty (NHS) täze ylalaşyk esasynda Nepaldan şepagat uýalaryny işe çagyrmagyny dowam edýär.

BSGG howp abanýan saglyk ulgamlaryny iş teklipçilerinden goramak üçin görkezmeleri çykaran hem bolsa, işgär tapyp berýän hususy gulluklar bu çäklendirmeleriň daşynda hereket edýärler.

"Ýurduň içindäki zerurlyga çäre görmegiň ýerlikli plany edilmese, bu ýagdaý resmi gaçakçylyga meňzeýär" diýip, nepally jemgyýetçilik saglygynyň eksperti belleýär.

  • 501 gezek okalan