UMYT BERIJI TÄZE INÇEKESEL WAKSINASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

taze incekesel waksinasySublimasiýa geçirmek (doňduryp guratmak) arkaly ýasalýan täze inçekesel waksinasy kliniki synaglaryň 1-nji tapgyrynda uly umyt beriji netijeleri görkezdi. 3 aýa çenli 37 gradusda saklap bolýan bu waksina inçekeseliň öňüni almakda edilýän tagallalaryň gerimini giňeldip biler.

Ýatlatsak, 2021-nji ýylda inçekesel 1.6 million adamyň ölümine we 10.6 million adamyň kesellemegine sebäp boldy.

Waksina ABŞ-daky hökümete degişli bolmadyk Access to Advanced Health Institute guramasy tarapyndan taýýarlanyldy we howpsuzlygy hem-de immun ulgamyny güýçlendirijiligi bilen tapawutlanýar.

Ylmy-barlagçylar bu waksinanyň täsirliligini tassyklamak üçin goşmaça synaglaryň geçirilmelidigini, emma häzirki netijeleriň waksinanyň üstünlik gazanyp biljeginden habar berýändigini belleýärler.

Häzirki wagtda ulanylýan inçekesel (BSŽ) waksinasy bir asyrdan hem gowrak ozal çykdy. BSŽ waksinasy hem doňdurylyp guradylýar, emma onuň gyzgynlyga çydamlylygy has pes bolup, ol günüň şöhlesi düşse zaýalanýar we bir gezek ezilensoň gaýtadan doňduryp bolmaýar. BSŽ-nyň bu aýratynlyklary onuň ýaýradylmagynda we elýeterli edilmeginde päsgelçilikleri döredýär. Inçekesele garşy BSŽ waksinasy Türkmenistanda hem Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryň tertibine girizilendir.

  • 518 gezek okalan