SEMIZLIGE GARŞY GÖREŞ SEMIZ ADAMLARY ÇETLEŞDIRÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1

aubrey gordanKäbir adamlaryň semizligi özleri saýlasalar-da, käbirleri isläp semiz bolmaýar. Ylmy-barlagçylar hem ýyllardyr bedenimiziň ululygynyň diňe öz hereketlerimiziň netijesi däldigini nygtaýarlar. Genetika, daşky gurşaw, ýumurtgalyklaryň polikistoz sindromy we limfedema ýaly saglyk ýagdaýlary we saglygyň sosial kesgitleýjileri semizlige sebäp bolýan esasy faktorlardyr.

Ýaşaýan ýeriňizde ýaşyl ýerler barmy? Doglan wagtyňyz ene-ataňyzyň girdejisi näçeräkdi? Nähili gurşawda ulaldyňyz? Bularyň ählisi bedenimiziň agramyna güýçli täsir edýär we olaryň hiç biriniň ululykda saýlap alan durmuş ýörelgelerimiz bilen baglanyşygy ýok.

Semiz adamlara ýaramaz täsir edýän käbir toslamalar:

↪ 1800-nji ýyllarda bedeniň agyrlyk indeksini (BMI) lukmançylyk işgäri däl-de, eýsem fransuz we şotland esgerleri baradaky maglumatlary öwrenýän matematik işläp düzýär. BMI ýag bilen myşsany tapawutlandyrmaýar. Aslynda, BMI jynsy we etniki toparlara, garaýagyzlara, ýerli adamlara ýa-da aýal-gyzlaryň saglygyna zyýan berip biler. Bu hiç wagt olar üçin döredilmedi we synagdan geçirilmedi ýa-da olara görä üýtgedilmedi. BMI bejergiler üçin esasy päsgelçilige öwrüldi. Meselem, operasiýa etdirmek isleýän transgender we genderini kesgitlemedik adamlardan BMI derejesini sazlamak soralýar.

↪ Lukmanlaryň köpüsi hor adamlara niýetlenen silindr şekilli gan basyşy ölçeýji enjam ulanýar. Ol bolsa semizräk ellere bolman, gan basyşy ýalňyş görkezýär. Konus şekilli gan basyş ölçeýjilerini welin semizler üçin hem ulanyp bolýar. Ýagny, semiz adamlara bolýan gan basyşy ölçeýji hor adamlara hem bolýar, emma hor adamlara bolýan ölçeýjiler semizlerde takyk işlemeýär.

↪ Semizlik duýgy däldir, semizlik beden görnüşidir. Semizleriň bedeni özüne ynamy pes bolan ýa-da bedeni barada erbet pikir edýän hor adamlar üçin metafora bolmaly däl. Adamlaryň bedenleri baradaky ýakymsyz duýgularyny beýan edenlerinde: "Özümi semiz duýýanlygym sebäpli bu gün keýpim ýok" diýmekleri örän lapykeç edýär. Bu semiz adamlara çemeleşmämizi üýtgedýär. Iň erbet tarapy-da, özümize ynamymyz peselende ýa-da syratymyz barada negatiw pikirlere çümenimizde onuň sebäbini semizlikde görýäris.

Çeşme: "You Just Need To Lose Weight and 19 Other Myths About Fat People" atly kitabyň awtory Aubrey Gordan bilen söhbetdeşlikden.

  • 538 gezek okalan