ORAL JYNSY GATNAŞYKLAR BOKURDAK RAGYNYŇ DÖREME HOWPUNY ARTDYRÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

oral jynsy we bokurdak ragySoňky 20 ýylyň dowamynda günbatar döwletlerinde bokurdak ragy juda çalt köpelýär welin, käbirleri ony epidemiýa hasaplaýar. Munuň sebäbi badam şekilli mäzlere we bokurdagyň arkasyna täsir edýän orofaringit ragynyň ep-esli köpelmegi bilen baglydyr.

APW bilen kesellemek ragyň döremegi üçin uly töwekgelçilik hasaplanýar. APW ýaýbaňlanan wirus bolup, ol waginal, anal we oral jynsy gatnaşyklar arkaly ýokuşyp bilýär. Ömrüň dowamynda jynsy gatnaşyk saklan ýoldaşlaryň, esasan hem oral jynsy gatnaşykda bolanlaryň sany orofaringit ragynyň esasy töwekgelçilik faktorydyr. Oral jynsy gatnaşykda bolmadyklara garanyňda, ömründe 6 ýa-da ondan kän adam bilen oral jynsy gatnaşykda bolanlarda orofaringit ragynyň döreme töwekgelçiligi 8.5 esse köp.

Lukmanlar çilim çekmek, spirtli içgileri içmek we sagdyn iýmitlenmezlik bilen deňeşdirende oral jynsy gatnaşyklaryň rak döreme töwekgelçiligini artdyrýan iň uly faktordygyny aýdýarlar. APW keselli adam bilen oral jynsy gatnaşykda bolmak bokurdagyň arkasyna ýa-da badam şekilli mäziň töweregine infeksiýanyň ýokuşmagyna sebäp bolup biler. Köplenç bu ýokançlyklar öz-özünden aýrylýar, ýöne kämahal infeksiýalar bokurdakda saklanyp, rak keselini döredip biler.

Birleşen Patyşalykda (BP) ulularyň 80 %-i haçanda bolsa bir wagt oral jynsy gatnaşykda bolup görendiklerini belleýärler. BP-da her ýyl 8,300-e golaý adam bokurdagyň rak keseli bilen keselleýär. Ýagny, diagnoz goýlan her 50 rak keselliden biri bokurdak raklydyr.

APW waksinasy ösen döwletleriň aglabasynda elýeterli bolup, täsirliligi 80%-den ýokarydyr.

Çeşme

  • 748 gezek okalan