AŞA GAÝTADAN IŞLENEN IÝMITLER AKYL SAGLYGYNA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

asa gaytadan islenen iymitlerKäbir ertirlik patraklary, garbanalgalar, doňdurylan naharlar we gaplanan süýjüler ýaly, aşa gaýtadan işlenen iýmitleri iýmegiň süýjülik, semizlik we hatda rak keselleriniň ýokary töwekgelçiligi ýaly ýaramaz saglyk täsirleri bilen baglydygyny onlarça ýyl bäri bilýäris. Emma, soňky ylmy barlaglar olaryň aňymyza-da uly täsir edýändigini görkezýär.

Aşa gaýtadan işlenen iýmitleriň düzümi nähili bolýar?

2009-njy ýylda braziliýaly alymlar iýmitleri ýokumlylygy boýunça 4 topara böldi:

1. Gaýtadan işlenilmedik ýa-da minimal gaýtadan işlenilen iýmitler (ter miweler we gök önümler, maňyzlar, tüwi, bitin däneler, täze etler, süýt we ş.m.);

2. Gaýtadan işlenilen kulinariýa önümleri (ösümlikleriň, çigitleriň we maňyzlaryň ýaglary, bitin dänelerden alnan unlar we makaronlar we ş.m.);

3. Gaýtadan işlenilen iýmitler (mesge, şeker, käbir süýt önümleri, çörek, käbir konserwirlenen iýmitler, kakadylan et we balyk we ş.m.);

4. Aşa gaýtadan işlenilen iýmitler (şekerli we käbir alkogolly içgiler, kökeler we süýjüler, çipsiler, şöhlat önümleri, doňdurmalar, miwe tagamly ýogurtlar, tiz taýýarlanylýan çorbalar, ertirlik patraklary we ş.m.).

Braziliýanyň Sao Paulo Uniwersitetiniň iýmitiň gaýtadan işlenilişi boýunça alymy Eurídice Martínez Steeliň aýtmagyna görä, aşa gaýtadan işlenen iýmitler (AGII) ýokary fruktozaly mekgejöwen sirobyny, gidrogenizirlenen ýaglary, belokdan saplamak we himiki goşundylar (reňkler, emeli tagam berijiler, süýjedijiler, emulgatorlar, konserwantlar) ýaly, öýde bişirilýän reseptlerde seýrek ulanylýan maddalary öz içine alýar.

Aşa gaýtadan işlenen iýmitleriň akyl saglygyna nähili täsiri bar?

2022-nji ýylda ABŞ-da 10,000-den gowrak ulularyň gatnaşmagynda geçirilen ylmy barlaga görä, gatnaşanlar näçe köp AGII iýseler, olaryň ýeňil depressiýa ýa-da dartgynlylyga sezewar bolma ähtimallygy şonça ýokarlanypdyr. 2022-nji ýylda 10 ýylyň dowamynda 11,000-e golaý braziliýaly ulularyň gatnaşmagynda geçirilen başga bir gözleg AGII iýmek bilen kognitiw ukybyň (öwrenmek, ýatda saklamak, pikirlenmek we mesele çözmek) peselmeginiň arasynda baglanyşygy ýüze çykardy.

Sagdyn iýmitlenmek AGII-leri iýmegiň ýetiren zyýanly täsirleriniň öwezini dolup biler. Braziliýaly ylmy barlagçylar däneli ösümliklere, ýaprakly gök önümlere, kösüklilere, hozlara, miwelere, balyga, towuga we zeýtun ýagyna baý MIND berhizi (beýni saglygyny gowulandyryjy iýmitlenme görnüşi) bilen iýmitlenmegiň AGII iýmekden döräp biljek demensiýa töwekgelçiligini biçak azaldýandygyny anykladylar.

Aşa gaýtadan işlenen iýmitleri nädip tanamaly?

AGII-leri kesgitlemegiň iň gowy usuly önümiň gabyndaky bellikleri okamakdyr. Haçanda iýmitiň düzümindäki goşundylaryň sanawy uzyn bolsa, esasanam ol öýde nahar taýýarlanyňyzda ulanmajak maddalaryňyzy öz içine alýan bolsa, onda ol önümiň aşa gaýtadan işlenendiginiň alamatydyr. Himiki atlar, aýtmasy kyn sözler we aşhanada ulanmaýan zatlaryňyz köplenç önümiň aşa gaýtadan işlenendigini görkezýär.

Çeşme

  • 453 gezek okalan