25-nji APRELDE – GYZZYRMA KESELINE GARŞY BÜTINDÜNÝÄ GÖREŞ GÜNI BELLENILIP GEÇDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Gyzzyrma (malýariýa) keseli – gyzzyrma parazitleri bilen döreýän ýokançly keseldir. Onuň esasy ýüze çykyş alamatlary gyzzyrma tutgaýlary, gan azlylyk, bagryň we dalagyň ulalmagy, gaýtalanyp durma ýagdaýy bilen häsiýetlendirilýär.

Gyzzyrma parazitleri Anopheles maşgalasyndan bolan çybynlar ýaýradýarlar. Keseliň ýaýraýşy hem şol çybynlaryň duş gelýän ýerine, olaryň bedeninde kesel döredijiniň doly ösmegine kömek edýän howa şertlerine baglydyr.

Gyzzyrma Afrika ýurtlarynda, Günorta-Gündogar Aziýada, Günorta we Merkezi Amerikada giňden ýaýrandyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň habar bermegine görä, her ýyl bütin dünýäniň ýüzünde gyzzyrma 1 mln-dan gowrak adamyň ölümine sebäp bolýandyr. Diňe Hindistanda bu keselden ýylyň dowamynda 200 müň adam heläk bolýar.

Gyzzyrmany  Plazmodiýalar maşgalasyna degişli bolan ýönekeýler döredýärler. Adamda olaryň dört görnüşi ýaşap bilýär: Plazmodium vivax, P. owale, P. malýariýa, P. falsiparum.

Kesel ýaýradyjynyň bedeninde pes temperaturada hem ösüp bilýänligi üçin, olaryň içinde P. vivax iň giňden ýaýranydyr. Bu parazitleriň ýaşaýyş aýlawy iki janly bedende amala aşýar: adam we çybyn. Keseli geçiriji çybynyň bedeninde parazitler jynsy ösüşi geçýärler.

Adamyň bedeninde olaryň jynssyz ösüşi amala aşýar. Çybyn keselli adamynyň (ýa-da parazit göterijiniň) ganyny sorup, plazmodileri ýuwudýar. Çybynyň aşgazanynda jynssyz tapgyry geçýän görnüşler siňdirilýär. Jynsly görnüşi bolsa köpsany üýtgeşmeleri geçip, sporozoit görnüşleri emele getirýär. Sporozoitler çybynyň tüýkülik mäzinde ýygnanýarlar. Çybyn adamyň ganyny soranda, tüýküligi bilen olary adam ganyna goýberýär. Ganyň we limfanyň üsti bilen olar bagra ýetýärler we ol ýerde ýene täze ösüş görnüşine – şizontlara  öwrülýärler. Şizontlar çalt ösýärler we bölünýärler. Köpsanly bölünmeden soň, olaryň sany 10-40 müňe ýetýär. Olar bagryň öýjüklerinden çykyp, gan öýjüklerine (eritrositlere) aralaşyp, olary dargydýarlar.

Kesel sag adama keselli adamdan ýa-da parazit göterijiden geçip biler. Çaga ýoldaşynyň üsti bilen keselli eneden çaga hem geçyär. Parazit göterijiden alnan gan adama guýlanda hem ýokuşma bolup biler.

Keseliň, ony döredýän parazitlere baglylykda dört görnüşini tapawutlandyrýarlar: P.vivax sebäpli ýüze çykýan üç günlik gyzzyrma, P.owale bilen döreýän owale - gyzzyrmany, P. malýariýa – dört günlik gyzzyrmany, P.falsiparum – tropiki gyzzyrmany döredýär. Birnäçe kliniki alamatlar hemme görnüşleri üçin mahsusdyr. Keseliň inkubasion döwri (keseliň ýokuşyp, birinji alamatlary ýüze çykýança geçýän döwür) parazitleriň görnüşine baglydyr.

Tropiki gyzzyrmada ol 6-16 günden, üç günlik gyzzyrmada – 7-21 günden (has uzak bolanda 8-14 aý), dört günlik gyzzyrmada – 14-42 günden, owale gyzzyrmada 7-20 günden (käwagt 8-14 aý) ybaratdyr.

Kesel umumy gowşaklyk, ukyçyllyk, kelle agyry, endamda ysgynsyzlyk we umumy agyry, gyzgynyň galyp düşmegi ýaly alamatlar bilen başlanýar. 3-4 günden gyzzyrma tutgaýy ýüze çykýar. Ony üç döwre bölýärler: üşütme, gyzgynyň galmagy we güýçli derleme döwürleri. Birinji döwir dürli derejede geçip biler. Adamda gowşak üşemeden güýçli üşütmä çenli ýagdaý ýüze çykýar. Näsagyň ýüzi we aýaklary sowaýar, gögerýär. Ýürek urmasy ýygy, dem alyşy ýüzleý häsiýetli. üşütme 30-60 minutdan 2-3 sagada çenli dowam edip biler.

Gyzdyrma döwri, kesel döredijiniň görnüşine baglylykda, birnäçe sagatdan bir güne we ondan hem uzaga dowam edip biler. Näsagyň umumy ýagdaýy agyrlaşýar. Bedeniň gyzgyny 40-41 gr. C. ýetýär, demigysma döreýär. Gaýtarma bolup biler. Kelle agyry güýjeýär. Näsagyň samramasy, huşuň bulaşmagy, özünden gitme bolup biler. Iç geçme ýüze çykyp biler. Tutgaýyň tamamlanmagy gyzgynyň aşaklamagy we güýçli derleme bilen häsiýetlendirilýär. Üçünji döwür 2-5 sagat dowam edýär. Ondan soň näsag uka gidýär.

Gyzzyrma tutgaýy umuman 6-10 sagat dowam edýändir. Tutgaýdan soň näsaga umumy gowşaklyk aralaşyp, ol her tutgaýdan soň beterleşýändir.

3-4 tutgaýdan soň adamyň bagry we dalagy ulalýar. Gan azlylyk başlanyp, näsagyň ýüzi solak-sary reňkde bolýar. Bejergi geçirilmedik ýagdaýynda tutgaýlaryň sany 10-12 ýetip, soňundan olar öz-özünden kesilýändir. Ýöne doly sagalma ýüze çykmaýar.

Birnäçe hepdeden soň, keseliň irki täzeden gaýtalanmasy ýňze çykyp, ol öz alamatlary boýunça gyzzyrmanyň başlangyç ýüze çykmalaryndan tapawutlanmaýar. Irki gaýtalanmalardan 8-10 aý soň, owale – gyzzyrmanyň we üç günlik gyzzyrmanyň giçki gaýtalanmalary başlanýar.

Adatça giçki gaýtalanma, ýokuşma bolup geçen ýylyň soňundan gelýän ýaz paslynda ýüze çykýar.

Olar başlangyç keseliň alamatlaryndan has ýeňil geçýändir. Gyzzyrma garşy serişdeleri ýeterlik ulanmadyk näsaglarda kliniki alamatlar adatdakysyndan üýtgeşik geçip, inkubasion döwri birnäçe aý ýa-da ýyl dowam edip bilýär.

Üç günlik gyzzyrma gaýraüzülmesiz geçýändir. Tutgaý gündiz gyzgynyň duýdansyz galmagyndan we üşütmeden başlanýar. Tutgaýlar adatça günaşa gaýtalanýar. Owale gyzzyrma üç günlik gyzzyrmanyň geçişine meňzeş bolup, ondan biraz ýeňil geçýär. Tutgaýlar köplenç agşam başlanýar.

Tropiki gyzzyrma has agyr geçýändir. Tutgaýdan 2-3 gün öň kelle agyry, bogunlarda we myşsalarda agyry, bilde agyry, ýürek bulanma, gaýtarma, iç geçme ýaly alamatlar döreýär. Gyzzyrmanyň başga görnüşleri bilen deňeşdirlende, üşütme döwri has gysga bolup, gyzzyrma döwri 12-24 sagat (käwagt 36 sagat) çenli uzak dowam edýändir. Näsagda güýçli derleme bolmaýar. Keseliň birinji günlerinden bagryň, 4-6 günden dalagyň ulalmagy ýüze çykýar. Käwagtlar sarylama, gaýtarma, iç agyry döräp biler.

Tropiki gyzzyrma gaýraüzülmelere kän getirýändir. Waksinasiýa almadyk adamlarda ýygy duş gelýändir.

Gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagy ganda parazitleriň mukdarynyň ýokarlylygy bilen (1 mkl ganda 100 müňden hem köp) düşündirilýär. Gaýraüzülmelere keseliň serebral görnüşi (gyzzyrma komasy), infeksion-toksiki şok, ýiti böwrek ýetmezçiligi, öýken çişmegi, gan öýjükleriň dargamagy netijesinde gyzdyrmanyň ýüze çykmagy degişlidir.

Gyzzyrma keseliň alamaty boýunça (özboluşly tutgaýlaryň döremegi) we näsagyň epidimiologiki taryhyny öwrenip (soňky 2 ýylda gyzzyrma keseli duş gelýän ýerde bolmak) anyklap bolýar.

Parazitleri ganda anyklamak anyklaýyş çäreleriň esasy bölegi bolup durýar. Ganyň çyrşagyny we gany ýogyn damja barlaýarlar. Ýogyn damjada parazitleriň ýokary mukdarynyň barlygy sebäpli, olary anyklamak aňsatdyr.

Ganyň çyrşagy parazitleriň görnüşini anyklamaga kömek edýär. Näsagdan gany tutgaý wagty we tutgaýlaryň arasynda alýarlar. Bir gezek alnan ganda parazitleriň tapylmazlygy, gyzzyrmanyň ýoklygyny aňlatmaýar. Barlagy ýene gaýtalamalydyr.

Bejergini keselhanada geçirmelidir. Näsaglary çybynlardan goralýan otagda ýerleşdirmelidir. Gyzzyrmanyň tutgaýlaryny ýatyrmak üçin hlorohin difosfat, 4-aminohinolin toparyna degişli  hingamin, delagil, rezohin , plakwenil, bigumal, hloridin, meflohin ulanmak bolar. Köplenç hlorohin (delagil) ulanylýar.

Agzalan serişdeler diňe tropiki we dört günlik gyzzyrmany bejermäge kömek edýär. Owale-gyzzyrmanyň we üç günlik gyzzyrmanyň tutgaýlary geçenden soň, onuň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin primahin we hinosid ulanýarlar.

Wagtynda başlanan bejergi gyzzyrmanyň gaýraüzülmeleriniň öňüni alýar. Çagalarda we göwrelilirde tropiki gyzzyrmanyň gaýraüzülmeleri köplenç ölümçilige getirip bilýär.

Keseliň öňüni alma çäreleri näsaglary we parazit göterijileri wagtynda anyklamaga we keseli geçiriji çybynlara garşy göreşmäge gönükdirilen bolmalydyr. Onuň üçin bu kesel bolan ýerlerden gelen hemme ysytmaly näsagaryň ganyny barlamak hökmany çäre bolup durýandyr.

Şol ýerlerde bolnanda, çybynlara garşy serişdeleri (repellentleri) bedeniň açyk ýerlerine çalmalydyr. Jaýlaryň gapylaryna we penjirelerine goraýjy setkalary tutup çybynlardan goranmalydyr.

Çybynlaryň köpelýän ýerlerini ýok etmek, hojalyk suw howdanlaryny abadanlaşdyrmak öňüni alyş çäreleriň tutumly bölegi bolup durýandyr.

Gyzzyrma babatda howply bolan ýerlere gidýän adamlara şahsy öňüni alyş çäreleri geçirmelidir. Gyzzyrmanyň ojagyna gitmezden bir hepde öň, 0,25 gramdan iki gezek delagil (ýa-da hingamin) berýärler. Bu dermany şol mukdarda ojakda bolan günleriniň dowamynda we gaýdyp gelenden soň, 4-5 hepde, her hepdede bir gün bermelidir.

Gyzzyrma bilen näsaglan adamlar, kliniki gözegçilik we parazitleri göterijilige barlamak üçin iki ýylyň dowamynda gözegçilikde saklanmalydyr.

  • 4212 gezek okalan