OPIOIDLERI ARTYKMAÇ KABUL ETMEK NÄMELERE ELTÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

opioidler artykmacOpioidler näme?

Opioidlere göknar tohumlaryndan taýýarlanylýan himiki birleşmeler, ýarym-sintetiki (esasy düzümi göknar ýaly otlar) we sintetiki (himiki serişdeler bilen laboratoriýada ýasalan) serişdeler, ýagny, geroin, morfin, kodein, fentanil, metadon, tramadol we ş.m. degişlidir. Olaryň ählisiniň merkezi nerw ulgamynyň reseptorlaryna täsir ediji güýji bar. Opioidleriň rahatlandyryjy we şähdi açyjy täsiri bolup, agyry aýryjy ýa saglygy dikeldiji serişde hökmünde giňden peýdalanylýar. "Metadon" we "Buprenorfin" ýaly opioidler opioid garaşlylygyny bejermekde goldaýjy terapiýa hökmünde ulanylýar.

Emma welin, lukmanyň gözegçiligi bolmazdan ulanylsa, opioidler saglyk bozulmalaryna, garaşlylyga we ölüme sebäp bolup bilýär.

Opioid garaşlylygy – bu opioidleriň gözegçiliksiz we üznüksiz ýa hemişe ulanylmagydyr. Opioidlere bolan baglylyk adamyň olara bolan islegini möwjedip, olary ulanmazlyga erk edip bilme ukybyny peseldýär. Opioidlere garaşly adamlar olaryň ýaramaz täsirini bilseler-de, ulanmaklaryny dowam edýärler.

Garaşlylygyň fiziologik alamatlary:

↪ opioidleriň täsirine çydamlylygyň ýokarlanmagy;

↪ olary ulanmak bes edilende ýa-da azaldylanda abstinent sindromynyň ýüze çykmagy (meselem: güýçli derleme, agzyň guramagy, gaharjaňlyk, titreme, kelleagyry);

↪ abstinent sindromyny aýyrmak ýa ýeňil geçirmek üçin başga dürli opioidleriň ulanylmagy.

2018-nji ýylda dünýäde takmynan 269 million adam (ýa-da 15 ýaşdan 64 ýaş aralygyndaky dünýä ilatynyň 5.3%-i) ýylyň dowamynda azyndan bir gezek neşe serişdesini ulanypdyr. Bulardan 58 million töweregi adam opioid ulanypdyr. Şol ýylda takmynan 35.6 million adam neşe serişdesini ulanmagyň näsazlyklaryndan ejir çekipdir. Opioide garaşly adamlaryň köpüsi bikanun ýollar bilen alynýan geroin ulanypdyrlar. Şeýle-de, dermannamaly berilýän opioidlere garaşly adamlaryň sanynyň köpelendigini hasabatlar görkezýär.

Opioidleriň artykmaç dozasynyň simptomlary

Opioidleriň aşa köp kabul edilmegi merkezi nerw ulgamynyň kislorod geçiriji bölegini gysyp, ölüme sebäp bolup bilýär. Opioidiň artykmaç dozasynyň simptomlaryna aşaky 3 alamatyň utgaşykly ýüze çykmagy degişlidir:

↪ görejiň daralmasy;

↪ huşuň ýitmesi;

↪ dem alşyň bozulmasy.

Bütin dünýäde 0.5 million adam neşe serişdelerini ulanmak zerarly ýogalýar. Ölümleriň 70%-den gowragyny opioidleri ulanýanlar, 30%-den gowragyny bolsa artykmaç doza kabul edenler düzýär. BSGG-nyň hasabatyna görä, 2017-nji ýylda takmynan 115,000 adam opioidleriň artykmaç dozasyndan ölüpdir. Şeýle-de bolsa, opioidleriň artykmaç dozasynyň ölüme eltmeýän wagtlary hem köp duş gelýär.

Soňky ýyllarda opioidleriň artykmaç dozasyny ulanýanlar köpeldi. Olaryň esasanam ötüşen (hroniki) kesellerde agyry aýryjy hökmünde ulanylmagy, opioidleriň bikanun dolanşygyny hem artdyrdy. ABŞ-da 2010-2018-nji ýyllar aralygynda opioidleriň artykmaç dozasyndan ölenleriň sany 120% artdy. 2018-nji ýylda bu ölümleriň 3-den 2 bölegi fentanil we şoňa meňzeş sintetiki opioidleriň ulanylmagy bilen baglanşyklydyr.

Fentanil – agyryny aýyrmak we anesteziýa üçin ulanylýan güýçli sintetiki opioiddir. Fentanil täsir edijiligi boýunça morfinden 50-100 esse güýçlüdir. Fentaniliň dürli görnüşleri BSGG-nyň esasy derman serişdeleriniň sanawyna girýär. Şeýle-de bolsa, fentanil we muňa meňzeşleriň (karfentanil, asetilfentanil, butirfentanil, furanil fentanil) artykmaç dozasynyň ulanylmagy ölümçiligi ep-esli ýokarlandyrýar. Käte neşe söwdagärleri fentaniliň täsirini güýçlendirmek üçin ony geroin ýaly beýleki opioidler bilen garýarlar. Şeýle hem, ony dermannamaly berilýän girdejikler görnüşinde satýarlar. Şonuň üçin, neşe ulanýanlaryň bedeninde köplenç fetaniliň tapylmagy olaryň özleri üçin hem garaşylmadyk ýagdaý bolýar.

Opioidleriň artykmaç dozasynyň töwekgelçilik faktorlary:

↪ opioid ulanmak bilen bagly näsaglygyň döremegi;

↪ opioidiň damardan kabul edilmegi;

↪ uzak wagtlap saklanmadan soň opioid ulanmaga täzeden başlanmagy (mysal üçin, narkologiýada bejergisinden soň, tussaglykdan çykylansoň, arasy üzülen bejergiden soň);

↪ dermannamaly berilýän opioidleriň lukmanyň gözegçiligi bolmazdan kabul edilmegi;

↪ opioidleriň köp mukdarda bellenilmegi (meselem: gije-gündiziň dowamynda 100gr-dan köp morfin bermek);

↪ opioidleriň alkogol ýa-da şoňa meňzeş psihiki işjeňligi artdyrýan benzodeazepin, barbiturat ýaly serişdeler, anesteziýalar we agyrysyzlandyryjylar bilen bile ulanylmagy;

↪ AIW, bagyr, böwrek, öýken keselleri we psihiki bozulmalar ýaly patalogik keselleriň bolmagy.

Erkekleriň, gartaşan adamlaryň we maddy ýagdaýy pes adamlaryň opioidleriň artykmaç dozasy bilen zäherlenmesi aýallara, ýaşlara hem-de maddy ýagdaýy oňat bolanlara garanyňda ýokarydyr. Artykmaç dozany kemeldip biljek bejergiler elýeterli bolsa-da, mätäç adamlaryň diňe 10%-den azy şeýle kömegi alýar.

Opioidiň artykmaç dozasyndan zäherlenmede berilmeli gaýragoýulmasyz kömek

Esasy reanimasion kömek we naloksonyň wagtynda berilmegi, opioidiň artykmaç dozasynda ölümiň öňüni alyp biler. Nalokson opioidiň aşa köp dozasyna garşy antidot hökmünde ulanylýar. Onuň wagtynda berilmegi artykmaç dozanyň täsirini bütinleý aýryp bilýär. Ýöne, opioid kabul etmedik adama nalokson berlende, ol hiç hili täsirlilik görkezmeýär.

Adatça, nalokson bermäge diňe saglyk işgärleri ygtyýarlydyr. Döwletleriň aglabasynda nalokson hatda hassahanalarda, şol sanda gaýragoýulmasyz kömek gulluklarynda hem gözegçilikde saklanýar. Şeýle-de bolsa, käbir ýurtlarda (Awstraliýa, Italiýa, Kanada, Birleşen Patyşalyk we Demirgazyk Irlandiýa, Ukraina) naloksonyň dermannamasyz berilmegine rugsat edilen. Ilatyň käbir toparlary üçin, ony öňüni alyş kampaniýasy arkaly paýlamak ýola goýuldy.

Soňky ýyllarda bütin dünýäde töwekgelçilik toparlarynyň arasynda opioidiň artykmaç dozasyndan ejir çekenlerinde nalokson we ilkinji reanimasýon kömek bermek barada düşündiriş programmalary geçirildi. Bu programmalar aşa köp dozanyň sebäp bolýan ölümçiligini azaldyp boljakdygyny görkezdi. Şeýle düşündirişleriň esasanam tussaglykdan boşadylanlar bilen geçirilmegi zerurdyr. Sebäbi olaryň türmeden çykan ilkinji 4 hepdeliginde opioidiň artykmaç dozasyndan ejir çekme töwekgelçiligi has ýokary bolýar.

Opioidiň artykmaç dozasyna uçrama töwekgelçiligi bolan adamlar kimler?

↪ opioidiň aşa köp dozasynyň töwekgelçilik toparlarynyň wekilleri;

↪ yzgiderli opioid ulanýanlaryň dostlary we maşgala agzalary;

↪ saglygy goraýyş işgärleri;

↪ gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini berýän saglyk işgärleri;

↪ opioid ulanýanlar üçin gaçybatalga berýän adamlar;

↪ opioidiň töwekgelçilik toparlaryna düşündiriş işlerini geçýän işgärler;

↪ opioidiň aşa köp dozasyny kabul etme töwekgelçiligi bolan adamlar bilen işiniň bir bölegi hökmünde aragatnaşyk saklaýanlar.

Çeşme: ВОЗ

  • 612 gezek okalan